Kim syýasatda ýagşy bolsa, hökümdarlygy dowamly bolar». Ýene-de aýtdy: — Mundan soňra ýene-de patyşalardan we hanlardan köp ogullar dünýä gelerler. Eger olaryň ýanlaryndaky ulular, begler, pälwanlar düzgüni-ýörelgäni berk tutmasalar, hanlyk we patyşalyk işi sarsyp, ýok bolar. Şonda Oguz hany arzuw ederler, emma ol bolmaz, ony tapmazlar. Ýene-de aýtdy: — Tümen begleri, müň begleri we ýüz begleri  owal-ahyr geler-giderler. Emma Oguzyň öwüdini tutmasalar, goşunlara ýolbaşçylyk edip bilerlermi? Öz ýurtlarynda oturyp galanlar we öwüdi diňlemedikler, uly suwa gaçyp, çykmadyk ite ýa-da gür tokaýyň içine atylan oka meňzärler. Onuň ýaly kişiler ýolbaşçylyga ýaramazlar. Merhum Gara Osman hem daýym bu öwüdi oglanlaryna aýdyp: «Hergiz oturymly bolmaweriň. Beglik - türkmenlik we ýörüklik edenlerde bolar» diýermiş. Oguz ýene-de aýdypdyr: — Her kim öz öýüni düzedip bilse, on başy bolmaga ýarar. Her kim on kişini başaryp bilse, elli kişini başarar. Her kim elli kişini başarsa, ýüz begi bolmaga ýarar. Her kim ýüz kişini başarsa, müň begi bolmaga ýarar. Her kim müň kişini başarsa, tümen begi bolmaga ýarar. Her kim bir tümeni başarsa, boý başy bolmaga ýarar. Boýa han bolan il we yklym patyşalygyna ýarar. Ýene-de aýdypdyr: Her kim öz öýüni päk tutup bilse, mülk we yklymy hem ogrudan we ýalançydan arassalap biler. Ýene-de aýdypdyr: — Her bir on başy öz öýüne buýrup bilmese, ony günäli hasaplap, aýaly we oglany bilen günäkär kylmak gerek. Hem-de onuň onlugyndan bir kişini on başy etmek gerek. Ýüz başylara-da, müň begilere-de we tümen begilere-de ýokardaky ýaly etmek gerek. Goşundan daşarda bir kişi ýeňil günä etse, tümen begi müň begä, müň begi ýüz başa, ýüz başy elli başa, elli başy on başa buýrup, ol kişini tutup getirerler. Jezasy näme bolsa bererler. Ogry-haramynyň jezasy hem şu görnüşde ýerine ýetiriler, her kişi höküm edýän ýerinde görünse, oňa ony bildirerler. Ýene-de aýdypdyr: — Üç bilimdaryň ylalaşan sözüni, her ýerde diýmek bolar. Bolmasa oňa ynam etmek bolmaz. Öz sözüňi we gaýry kişiniň sözüni şol bilimdarlaryň sözüne barabar et (deňeşdir). Eger muwapyk bolsa, ony sözlemek bolar, bolmasa sözlemezlik gerekdir. Ýene-de aýdypdyr: — Her at semizlikde gowy çapsa, orta etli we arryk bolanda-da gowy çapyp bilse, ol ata ýagşy at diýmek bolar. Emma şu üç ýagdaýyň birinde gowy çapyp bilmese, ol ata ýagşy at diýmek bolmaz. Ýene-de aýdypdyr: — Ýolbaşçylyk (serkerdelik) edýän we tamam esgerleri bilen awa we söweşe gidýän uly begler öz a:tlaryny belli ederler. Mydama Haktagala haýry-doga kylyp, köňüllerini Oňa baglap, ýeňiş we gowulyk dilärler. Şonda gadym Taňrynyň kuwwaty bilen çar tarapy tutup biler. Goşuna gireniňizde ýaňy dogan göle kibi ümsüm boluň, söweş edeniňizde aw üstüne eňen aç bürgüt ýaly jeňe giriň. Ýene-de aýdypdyr: — Är kişi hemme ýerde özüni halka görkezer ýaly güneş däldir. Hatyn kişiniň äri awa we goşuna giden bolsa, ol öýüni tertipli we tämiz saklasa, eger ilçi ýa-da gaýry myhman öýe gelse, ähli zady tertipli-düzgünli ýerine ýetirse, gowy aş bişirip, myhmanyň egsik-kemine gözegçilik etse, gürrüňsiz äriniň ýagşy adyny belende çykarar. Özüniň hem ýagşy ady il içine ýaýrar, oturylyşyk we mejlislerde ýagşy ady tutular. Ýagşy är ýagşy hatyndan bellidir, ýagşy är ýagşy hatyn kişiden mälim bolar. Eger hatyn ýaramaz bolup, öý işlerinden gowy baş çykarmaýan bolsa, äriň ýolsuzlygy we çäresizligi (zat başarmaýanlygy) ondan mälim bolar. Ýene-de aýdypdyr: — Bezirgenler zerli matalar, taňsyklar we bazar ýükleri bilen gelenlerinde köňülleri kuwwatly we umytly bolar. Goşun begleri hem şonuň ýaly öz esgerlerine ok atmagy, at segretmegi we göreş tutmagy gowy öwretmelidir. Olary bu işler bilen synarlar. Şeýlelik-de batyr we arslan ýürek alp ýigitler bezirgenleriň öz köňüllerine ynanşy ýaly öz hünärlerine köňülleri ynansa, gaýduwsyz bolarlar. Ýene-de aýdypdyr: — Biziň urugymyzdan biri karar edilen düzgüne bir gezek terslik etse, oňa dil bilen öwüt bermeli. Ikinji gezek terslik etse, ýeterlik mukdarda gorkuzmaly we temmi bermeli. Eger üçünji gezek etse, ony daş ýere - Hotan sebitlerindäki ýaşalmaýan, awçylaryň ýylda iki gezek barýan eýesiz çöllerine ibermeli. Birnäçe wagtdan soňra ýene yzyna getirmeli. Eger asyllanyp, akyllansa gowy, bolmasa zyndana taşlamaly. Ondan soň hem, akyllanmasa ähli aga-ini ýygnanşyp, gürleşerler. Onuň maslahatyny görüp, düzgüne salarlar. Ýene-de aýdypdyr: — Tümen begleri, müň begleri, ýüz begleri öz goşunyny, nökerlerini we ýoldaşlaryny taýynlap, gije-gündizdigine garamazdan, her wagt höküm bolsa, ugrar ýaly häzir bolup durmalydyr. Ýene-de aýdypdyr: — Patyşa gije Haktagala dergähinde dogada bolmalydyr. Gowulyk we keramat dilemelidir. Gündiz halka patyşa bolmalydyr. Ýene-de aýdypdyr: — Soňky patyşalar öňki ýaşap geçen patyşalaryň haýyrlaryny we ýagşylyklaryny ýok etmesinler.  Şonda olaryň hem eden haýyrlary jahanda baky galar. Ýene-de aýdypdyr: — Patyşalaryň hemdemleri, söhbetdeşleri, ýaranlary we bile oturyp-turuşýan kişileri usully, akylly, görkli, belent asylly, abraýly, päk, namysly, hoş häsiýetli, şirin sözli, dünýäni gören, yklymy gezen, durmuş synaglaryndan geçen, ajyny-süýjini dadan kişiler bolmaly. Ýene-de aýdypdyr: — Patyşanyň kethudasy we weziri patyşanyň baýlygyndan onuň dinine has mähribanlyk edýän we raýata adalatsyzlygy rowa görmeýän kişi bolmalydyr. Ýene-de aýdypdyr: — Gulluk edýän we gullukdan galan gojalary we mätäçleri göreniňizde «her kim mätäçlere kömek etmegi başarmasa, ýolbaşçylyga ýaramaz» diýişleri ýaly ryzk bermek bilen kömek ediň. Ýene-de aýdypdyr: — Patyşalar öýsüzleriň we ýetimleriň atasydyr. Baý ata bilen ýoksul atanyň arasynda parh bolar ýaly, patyşa olara atalaryndan hem artyk hossarlyk etmelidir. Ýene-de aýdypdyr: — Il-ulus, ýurt tutmak uly işdir. Patyşa mydama aňly-düşünjeleri we her işden habardar bolmalydyr. Her wagtda Haktagala doga we mynajat edip, oňa amal edende onuň elinden, dilinden, galamyndan, gadamyndan il-ulusa, mülkdir memlekete, din we dünýä ýarar ýaly zatlar peýda bolsun. Ýene-de aýdypdyr: — Patyşa uly işleri, diwanhana işlerini, hünärment we tejribeli kişilere tabşyrmalydyr. Işi tejribesiz kişilere tabşyrmasyn, soňra puşman eder. Ýene-de aýdypdyr: — Hiç kim hyýanat, ogurlyk we haramlyk etmez ýaly haýyn we günäli kişileriň çäresini görmek gerekdir. Zorluk we zulum edijiler möwç almaz ýaly zorluk we zulum gören kişileriň dadyna ýetişmelidir. Çünki aýdypdyrlar: «ogry we haramyny dep etmeýän patyşa öz eli bilen il we kerweni urýandyr». Sebäbi patyşalaryň ilden görýän peýdadyr haýyrlary haçan-da, ýowuzlary iliň üstünden dep eden wagtlarynda halala öwrülýär. Bu söze delil we subutnama şudur.   Hekaýat    Anuşirwan Adyl kapyr halynda wepat bolupdyr. Halaýykdan biri düýşünde Anuşirwanyň hoş-horram halda bir ajap ýerde oturandygyny görüp, sorapdyr: — Bu derejä neneň ýetdiň? Aýtdy: — Günäkärlere rehim-şepagat etmedim. Günäsizleri ynjytmadym. Oguz ýene-de aýdypdyr: — Eger kimdir biri beýleki bir kişiden haýyr we ýagşylyk görse, özüni onuň öňünde borçly duýup, oňa hormat goýup, ýagşylyk we yhsan edip başarsa, onuň hakyny ýerine ýetirse, şol adamkärçilikdir we kişilikdir (mertlikdir). Hakykatda patyşalaryň döwleti we hormaty goşun, il we ýurt bilendir. Eger goşun, il we raýat bolmasa, patyşalyk mümkin däldir. Şonuň üçin goşunyň, iliň we raýatyň gadryny bilmän, olary hoş tutup, mähremlik etmese, örän naýynsaplyk bolar. Ýene-de aýdypdyr: — Ýowuzlaryň gulagyn burup, temmi berip, soň ýene-de eline güýç bermek, gurdy tutup, ant içirip, goýun ynanylyşyna meňzär. Ogrulara, haramlara we şerçilere ynanmak bolmaz. Betkärligi mälim bolan kişini kowup ilden çykarmakdan ony öldürmek ýegräkdir, ýagny ýylany ýa-da içýany öz öýüňden alyp, goňşy öýüne kowmak gowy däldir. Ýene-de aýdypdyr: — Patyşa gaharlanýan we gazaplanýan wagtynda gyssanmaçlyk etmeli däldir. Sebäbi dirini öldürip bolar, emma ölüni direldip bolmaz, döwügi bitin edip bolmaz, bitini syndyryp bolar. Ýene-de aýdypdyr: — Wepat bolan kişileriň malyny, dowaryny eýesiz ýetimlere bererler. Patyşalaryň hümmetli we döwletli elleriniň onuň kibi mala bulaşmagy laýyk däldir. Geldi-geçer dünýäde ýagşy atdan gaýry zat baky galmaz. Ýene-de aýdypdyr: — Ylalaşyk we ýaraşyk eden duşmanlary dargatmak bolmaz. Tersine olardan birnäçesini dost ederler, getirerler. Ýene-de aýdypdyr: — Adyllyk etmeýän patyşa dary ýa-da arpa ekip, bugdaý umyt edýän (isleýän) ekinçä meňzär. Ýene-de aýdypdyr: — Ejiz we güýçsüz bendeleri gaty ynjytmazlar we azar bermezler. Sebäbi garynjalar agzybirlik bilen gaplaňy ýa-da arslany ejizledip we güýçden gaçyryp bilerler. Köp çybyndyr süri siňekler pili ejizledip bilerler. Ýene-de aýdypdyr: — Nahar we tagam giç, ýagny işdä açylandan soň iýiler. Sözi we jümläni bir zerurlyk ýüze çykan wagtynda aýdarlar. Uky gaty gelen wagty, diňe şonda ýatylar. Jynsy gatnaşygy şowk we hyjuwyň möwjän wagty ederler. Şonda çaga galsa, daýaw we kuwwatly bolar. Han we begler tagam we saçak ýaýanlarynda her begiň öňündäki artan tagamy, hiç kim mahrum we ät galmaz ýaly, aýak üstünde duran nökerlerine bermeli. Şeýlelikde, ýokarda aýdylan oýmaklar we boýlar beýan edilen resme görä hemmesi Taňryny bir bilijilerdiler. Muhammet Mustapa alaýhyssalamyň pygamberligi döwründe olaryň yslam sapynda  bolmagy Taňrytagalanyň islegidi. Olaryň hemmesi musulman boldular. Pygamberi görmezden iman getirdiler. Pygamber alaýhyssalam Selman Parsyny olara gönderdi. Ol baryp, olara iman we yslam sütünlerini öwretdi. Oguz we onuň nesillerinden, kowumlaryndan köp müddetler we ýyllar köp kişiler patyşalyk etdiler. Her döwürde bu ýigrimi dört boýuň hanlarynyň nesillerinden bir uly we kuwwatly patyşa ýüze çykyp, kän müddetler patyşalyk olaryň neberesinde galmyşdyr. Şonuň ýaly-da niçe wagtlar Salyr nesli şalyk we patyşalyk edendir. Ol boý ähli boýlardan güýçli we üstündi. Sebäbi Oguz içinde sag gol hanlary urugyndan hanlyk eder ýaly hiç kim tapylmandy. Onsoň begler, ulular we kethudalar gurultaý we ýygnak edip, geňeşip, töre soraşdylar we maslahat etdiler. Salyr boýynyň hany batyr we akyldardy. Şeýle-de bularyň süýegi we paýy we müçeleri hanlar hanyna degişli bolan ujadyr. Şol sebäpli aga-ini salyr taýpasynyň hanyny han saýladylar. Köp zaman türke we täjige hökümdar boldular. Bularyň döwründen soň köp wagt geçenden soň Türküstan yklymlarynda hanlyk edýän kişileriň neberesinden kynyk urugyndan Lukman han boldy. Ol batyr, dana we ukyplydy. Ýygnanşyk we maslahat etdiler, töre soraşdylar. Aýtdylar: — Bularyň guşy çakyr bolup, guşlaryň iň uçgury we batyrydyr. Salyr sol goldan we ähli boýlardan soňra aýdylsalar-da, Oguz olary derejeläp, bulara çakyry belledi. Ene tarapdan dagy bular türk iliniň gadym patyşasy bolan Afrasyýap neslindendir. Şeýle-de garawul begi we goşunyň yzky toparynyň begi hem kynykdyr. Garawullyk we yzky topar begi bolmak uly işdir. Aga-ini agzybirlik bilen Lukmany türk iline han etdiler. Oguzyň beýik patyşalary Eýran, Turan, Müsür, Şam, Rum, Hytaý gapysyndan tä Magryp we Pereňistan deňzi kenaryna çenli bäş ýüz ýyllap höküm etdiler. Lukman han wepat bolandan soň ogly Seljuk han boldy. Seljuk dagy wepat bolandan soň ogly Ysraýyl han boldy.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir