ÜÇÜSI BOZUK WE ÜÇÜSI ÜÇ OK ATLANDYRYLAN OGUZYŇ ALTY PERZENDINIŇ, ATLARY WE LAKAMLARY HEM-DE OLARYŇ TAGMA WE OŇAN EDILEN JANAWERLERI, BELLI EDILEN ET SÜÝEKLERI WE ENDAMLARY   Bu Ýaňykentlu Yrkyl Hoja tarapyndan belli edilip, oguz [ili] begenip doga etdi. Bu şol esasda beýan ediler.   HANLAR HANY   Muňa kagan (han) diýýärler. Süýegi baş we uja.   BOZUK   Kowumlary sag goldur.   GÜN HAN   Oguzyň iň uly ogly bolup, [onuň dört sany ogly bolupdyr]. Birinji: Gaýy (Gaýa), ýagny mäkäm. Tagma  Guş - şahyn (ak laçyn). Süýek - sag gary, ýagyrny. Ikinji: Baýat, ýagny döwletli we nygmatly. Tagma  Guş - şahyn. Süýek - sag gary, ýagyrny. Üçünji: Alkaöýli (Agöýli), ýagny her ýerde ýörseler ylalaşyk we ýaraşyk ederler. Tagma  Guş - şahyn. Süýek - sag gary, ýagyrny. Dördünji: Garaöýli, ýagny öýleri gara. Tagma  Guş - şahyn. Süýek - sag gary, ýagyrny.   AÝ HAN   Oguzyň ikinji ogly bolup, onuň dört sany ogly bolupdyr. Birinji: Ýazyr, ýagny köp welaýat şonuňkydyr. Tagma  Guş - bürgüt. Süýek - aşykly we omaça. Ikinji: Düger (Düker), ýagny düýrülmek (ýygnanyşmak) üçin bir ýere gelerler. Tagma  Guş - bürgüt. Süýek - aşykly we omaça. Üçünji: Dodurga, ýagny mülk tutmak we ýasamak. Tagma  Guş - bürgüt. Süýek - aşykly we omaça. Dördünji: Ýaparly. Tagma  Guş - bürgüt. Süýek aşkly we omaça.   ÝYLDYZ HAN   Oguzyň üçünji ogly bolup, onuň dört sany ogly bolupdyr. Birinji: Owşar (Awşar), ýagny çalasyn we awa höwesli. Tagma  Guş - toşwançyl. Süýek - sag omaça we gapyrga. Ikinji: Gyryk, ýagny gutly we permana yhlas ediji. Tagma  Guş - toşwançyl. Süýek - sag omaça we gapyrga. Üçünji: Begdili, ýagny begleriň sözleri ezizdir. Tagma  Guş - toşwançyl. Süýek - sag omaça we gapyrga. Dördünji: Garkyn, ýagny uly aş beriji we doýrujy. Tagma  Guş - toşwançyl. Süýek - sag omaça we gapyrga.   ÜÇ OK   Kowumlary sol goldur.     GÖK HAN   Oguzyň dördünji ogly bolup, onuň dört ogly bolupdyr. Birinji: Baýyndyr, ýagny hemişe baý we nygmatly. Tagma  Guş - şunkar. Süýek - sol gary, ýagyrny. Rowaýatda bularyň guşlary ýatgyndyr hem diýýärler. Ikinji: Beçene, ýagny eý duruşyjy (gowy gatnaşyjy). Tagma  Guş - şunkar. Süýek - sol gary, ýagyrny. Üçünji: Çawnydyr (Çowdur), ýagny namysly we uzaklara ady ýaýraýjy. Tagma  Guş - şunkar. Süýek - sol gary, ýagyrny. Dördünji: Çepni (Çarpy), ýagny nirede ýagy görse, derrew söweşer we çapar. Tagma  Guş - şunkar. Süýek - sol gary, ýagyrny.   DAG HAN   Oguzyň bäşinji ogly bolup, onuň dört ogly bolupdyr. Birinji: Salyr, ýagny sal, ur sözünden bolup, nirä barsaň gylyç we çokmagyň rowan bolsun diýmekdir. Tagma  Guş - awçy guş. Süýek - uja bilen gapyrga. Ikinji: Eýmir ýagny sansyz öýli we baý. Tagma  Guş - awçy guş. Süýek - uja bilen gapyrga. Üçünji: Alaýuntlu, ýagny gysraklary ala we eý atly. Tagma  Guş - awçy guş. Süýek - uja bilen gapyrga. Dördünji: Üregir, ýagny hemişe gowulyk we haýyr-yhsan ediji. Tagma  Guş - awçy guş. Süýek - uja bilen gapyrga.     DEŇIZ HAN   Oguzyň altynjy ogly bolup, onuň dört ogly bolupdyr. Birinji: Igdir, ýagny eý, uly we batyr diýmek. Tagma  Guş - çakyr. Süýek - aşykly we kyç (aýak). Ikinji: Bükder (Büküder), ýagny hemmesine pes göwünlik (hormat) bilen gulluk we hyzmat eder. Tagma  Guş - çakyr. Süýek - aşykly we kyç (aýak). Üçünji: Ýiwe, ýagny mertebesi hemmesinden ýokary. Tagma  Guş - çakyr. Süýek - aşykly we kyç (aýak). Dördünji: Kynyk, ýagny her ýerde hemmesinden eziz. Tagma  Guş - çakyr. Süýek - aşykly we kyç (aýak).  

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir