Ol aýtdy: — Seniň sözüňi kabul etdim. Haktagala iman getirip, ony söýüjilerden bolandan soňra, Oguz ony aldy we söýdi. Şeýlelikde, Oguz diňe onuň bilen söhbet tutup, onuň gaşyna baryp, öňki aýallarynyň ýanyna barmaýardy. Oguzyň özi bir Taňra sygynýan, hudaýhon we doga-dilegli adam bolandan soň, kapyr atasy we doganoglanlary bilen kän bir garyşmak islemezdi. Çünki olaryň bary kapyrdy. Şonuň üçin hemişe olardan aýry gezmek isleýärdi. Olardan aýry awa giderdi. Hemişe Taňry adyny süýji araby söz bilen «Alla», «Alla» diýip ýat ederdi. Onuň näme diýýändigini we ol sözüň näme manysynyň bardygyny hiç kim bilmeýärdi. Ol hemişe hoş owaz bilen «Alla» diýerdi. Ol kowum bolsa, «hiňlenmek we güýmenje üçin aýdýar» diýip pikir edýärdiler. Ol söz Oguza endik bolupdy. Bir gün Gara han gelinlerine toý edip, olara mähribanlyk edip, olardan sorady: — Öňdäki iki gelin soňraky gelinden has görkli we owadan. Emma näme üçindir oglum soňraky gelni bulardan gowy görýär we onuň bilen söhbet edýär, bu iki gelne bolsa üns bermeýär? Ol iki gelin ärinden närazy bolandyklary sebäbli pursat arap, bileleşip Oguzy ýamanlap diýdiler: — Ol bir dine girip, Gök Taňrysyna iman getirip, ony söýüjilerden bolupdyr. Bizi hem şol dine girmäge çagyrdy. Biz ony inkär edip, oňa üns bermedik. Şol sebäpli onuň köňli biziň bilen bir bolmady. Soňraky gelin Taňra iman getirip, onuň bilen ylalaşdy. Şol sebäpli ony söýdi, bizi söýmedi. Ol wagt Oguz nökerleri we bir topar ýaranlary bilen awa gidipdi. Gara han gardaşlaryny, doganoglanlaryny, kowumyny we beglerini jemläp aýtdy: — Oglum Oguz ýaş wagty bir bagtyýar, geljegi gowy bolup görünerdi. Ondan meniň köňlüm örän hoşdy. Eşitdim, häzir arabozar bir ýowuz iş tutmuş, biziň dinimizden dönmüş. Ony diri goýmak bolmaz.  Olar bu sözi eşidip, hemmesi Oguzy öldürmäge birleşdiler. Oguzyň aýaly bu haldan habarly bolup, goňşularyndan bir ynanyşýan aýalyny Oguzyň ýanyna iberdi. Muny eşidip, Oguz hem söweş şaýyny tutup, urşa taýýar boldy. Ähli nökerlerine we dostlaryna habar edip öz ýanyna çagyrdy. Aw meýdanynda iki goşun bir-birine duşdy. Atasy doganoglanlary we kowumdaşlary Oguzyň kastyna çykdylar. Iki tarapdan saplar tartyp söweşe başladylar. Atasy Gara hana gylyç degip, ol ýaradan öldi. Oguz öz tarapdarlary bilen garşydaşlaryna garşy ýetmiş bäş ýyla golaý söweşdi. Her ýylda birküç gezek söweş bolýardy. Goşuny we illeri talaýardylar. Ahyrynda Oguz üstün gelip, Türküstan ýurtlaryny Talas we Saýramdan tä Buhara çenli eýeledi. Oguz bilen birleşmedik bir topar doganoglanlary, garyndaşlary we kowumdaşlary gündogar taraplara gidip, ol ýerlerde ýerleşdiler. Olaryň pikirlerine görä, ähli mongollar şolaryň nesillerindendirler. Ol döwürde olaryň ählisi kapyrdylar. Döwrüň geçmegi bilen olar hem uruglary bilen hudaýparaz boldular. Oguz ol ýurtlary özüne tabyn edip, patyşa bolandan soň, bir altyn ukly beýik öý gurdurýar. Uly toý edip kowumdaşlaryna we beglerine serpaýlar berip halatlar ýapýar. Ähli hazynasyny olara paýlaýar. Öz kowumdaşlaryndan we doganoglanlaryndan özüne birleşen bir topar halaýyga «Uýgur» diýip lakam goýdy. Onuň manysy şol döwrüň dilinde biri-biriňe birleşmek we medet bermek diýmekdir. Tamam uýgur kowumy şolaryň neslindendirler. Olar Oguza birleşip, onuň urugyna garyşypdyrlar. Kowumlarynyň her birine bir at goýmaklygynyň sebäbi aşakda beýan ediler.   UÝGUR   Bir Taňra sygynandygy üçin Oguz bilen atasynyň we doganlaryň arasynda gapma-garşylyk ýüze çykyp, söweş gidýän wagtynda käbir ugurlar we garyndaşlary Oguz bilen birleşip, onuň tarapyny tutdular. Oguz bilen birleşip, oňa medet beren topara Oguz Uýgur diýip at goýdy. Onuň manysy şol döwrüň türki dili bilen «goşulyşdy, medet we ýardam berdi» diýmekdir. Olar mydama Oguz bilen bolýardylar. Oguz gaýry ýurtlary almaga gidende, olara «şol ýerlerde oturyp, men gaýdyp gelýänçäm, bu ýurtlary gorap saklaň» diýip, Derbent şäheriniň sebitlerinden yzyna gaýtarýar. Tamam uýgur kowumlary olaryň nesilleridir.   KANKYLY (KAŇLY)   Oguz atasy, doganoglanlary we garyndaşlary bilen söweş edýärkä, Oguz bilen birleşen kowum - garyndaşlary welaýatlara çozuşlar edýärdi we çapyp talaýardy. Bu kowumlar çapawullyk eden wagtynda talap alan oljalaryny ulaglaryna ýükleýärdirler. Köp kynçylyklar görýärdiler. Bularyň içinden bir bölegi kankyly (araba) oýlap tapdylar. Talan oljalaryny şol arabalara ýüklediler. Bu sebäbli ol kowuma kankyly at berdiler. Tamam kankyly (kaňly) taýpalary olaryň nesilleridir.   GYPJAK   Oguz Itbarak kowumy bilen söweşip, ýeňlende bir adada galýar. Äri söweşde wepat bolan bir göwreli aýal bir içi çüýrük uly agajyň köwegine girip, ogul dogurýar. Ol ýagdaýy Oguza habar edýärler. Oguz oňa rehim edip, «Bu aýalyň äri ýokdur. Goý oglanjyk meniň oglum bolsun» diýýär. Ol oglan Oguzyň ogly derejesinde bolýar. Oguz oňa «Gypjak» at berýär. Bu söz «gyýyk» sözünden gelip çykyp türki dilde içi boş agaç diýmekdir. Tamam gypjak taýpasy ol oglanyň neslindendir. On ýedi ýyldan soňra Oguz Itbarak hanyň kowumyny ýeňip, Eýran yklymyna gelýär. Ol ýurtlary dagy tabyn edip köp ýyllardan soňra öz welaýatyna dolanýar. Itbarak kowumy ýene-de ýagy bolmak isleýär diýip habar gelýär. Oguz olaryň ýagylygyndan aman bolar ýaly gypjak urugyny Itbarak bilen Naýman welaýatynyň arasynda ýaşamaga ugradýar. Ol zamandan bäri gypjak taýpalarynyň ýaýlaklary we gyşlaklary ol sebitlerdedir. Sähra olara ýer-ýurt bolup galypdyr.   GARLYK   Şeýle rowaýat edýärler, bir gün Oguz Gur we Garjystan welaýatyndan öz gadym ýurduna dolanýar. Ýolda bir uly daga sataşýär. Ol ýerde güýçli gar ýagýar. Birküç öýli gar ýaganlygy sebäpli olardan yza galýar. Galmaly diýip hiç hili perman ýokdy. Oguz gaharlanyp, «Kişi gar ýagdygy üçin galmak nije olar» diýdi. Soň ol birküç öýlä «garluk» at goýdy, ýagny garlykda galan. Tamam garlyk kowumy olaryň nesilleridir.   KALAÇ (HALAÇ)   Şeýle rowaýat edýärler, Oguz Yspyhany alyp, öz ýurduna dönýär. Ýolda bir aýal ogul dogurýar. Açlyk-suwsuzlyk sebäbinden nahardyr iýmit tapylmansoň, ol aýalyň süýdi kesilýär. Aýalyň äri iýmit gözläp yza galýar. Bir şagalyň bir sülgüni tutup barýandygyny görüp, taýak atyp sülgüni alyp gelýär. Ony bişirip aýalyna iýdirýär. Aýalynyň göwsüne süýt inip oglanjygy doýurýar. Birküç günden soňra göçüň yzyndan ýetýär. Her hili sebäp bolsa-da goşundan galmaga hiç kimiň haky ýokdy. Oguz ondan ynjap, «Gal aç» diýýär. Bu söz olara at bolup galýar.   AGAJERI   Bu at gadym döwürde ýok eken. Oguz kowumlary bilen bir ýurda gelende, olardan bir taýpanyň ornaşmaly ýeri tokaýly ýere gabat gelýär. Şonda olary «Agajeri», ýagny «agaç äri» («tokaý begi») diýip atlandyrýarlar. Şol tokaýyň töwereklerinde ýaşaýandyklary üçin mongol taýpalary olara «Hurmyn Erkan» ýagny «tokaý kowumy» diýip at berýärler.   * * *   Oguz bilen birleşip, oňa ýardam eden türkiler ýokarda beýan edilen taýpalardyr. Bu kowumlaryň hemmesini ilki başda uýgur diýip atlandyrypdyrlar. Ondan soňra birnäçe kowum ýokarda beýan edilişi ýaly, hersi bir sebäp bilen bir ada eýe bolupdyrlar. Uýgur ady bolsa olardan galanlaryna aýdylypdyr we şu at bilen meşhur bolupdyrlar. Oguzyň ogullaryndan ýigrimi dört boý peýda bolýar. Ajamda, Arapda, Rumda we Şamda bar bolan tamam türkmenler olaryň nesillerindendir we bu ýigrimi dört boýuň oglanlaryndandyr. Şeýlelikde, Oguz kowumlary öz welaýatlaryndan Mawerannahr we Eýran yklymlaryna gelen wagtlarynda, ol ýerlerde köpelip, täze nesiller dünýä inýärler. Bu ýerleriň suwuna we howasyna laýyklykda, olaryň keşpleri ýuwaş-ýuwaşdan täjik şekiline öwrülýär. Emma doly - arassa täjik bolmandyklary üçin Täjik kowumy olara «türkman», ýagny türke meňzeş diýip at berdiler. Şonuň üçin bu at tutuş oguz taýpalaryna degişli edildi we şol at bilen meşhur boldular. Ýarysy sag gola we ýarysy sol gola bölünen Oguz oglanlaryndan ýaýran ýigrimi dört boýuň her biri şu wagtlar hem özüniň haýsy tireden we taýpadandygyny, boýunyň we aslynyň kimdigini bilýärler. Onuň beýany şeýledir. Oguzyň alty ogly bardy. Olaryň ady: GÜN, AÝ, ÝYLDYZ, GÖK, DAG we DEŇIZ. Olaryň taryhlarynda we «Oguznamada» gelşine görä Oguz tamam Eýran, Turan, Şam, Müsür, Rum we gaýry welaýatlary tutdy. Ondan soňra öz asyl ýurdy bolan Or dagyna we Kür dagyna dolanýar. Gelip uly mejlis we üýşmeleň edip, altyn başly, altyn ukly bir öý gurduryp, bir uly toý tutýar. Aýdyşlaryna görä şol toýda dokuz ýüz gysrak, dokuz ýüz sygyr, togsan müň erek goýun soýupdyrlar. Tamam aýallaryny, oglanlaryny, beglerini, goşunbaşylaryny we belli kişileriniň baryny çagyryp, dürli aşlar bişirdipdir. Köp süýji we gymyz getirip, saçak ýazyp, iýdirip-içirip, hemmesini hoşlap, halatlar geýdirip, serpaýlar ýapdyrypdyr. Aýratynam özi bilen ýurtlary basyp almakda köp janypkeşlik edip, gylyç oýnadan alty ogluna zyýada mähribanlyklar edipdir. Birküç günden soň bu oglanlar hemmesi bilelikde awa gidýärler. Beýewanda bir altyn ýaý we üç altyn ok tapýarlar. Ony atasynyň ýanyna getirip, «muny nähili böleşeýli» diýýärler. Oguz ony alyp ýaýy döwüp üç uly ogluna berip: «Ýaý berilen bu üç uly oglumyň nesillerinden bolan kowumlara «Bozuk» diýsinler» diýýär. Manysy bölüp üleşmek diýmekdir. Çünki ýaýy üç bölüp üleşdirdi we goşunyň sag goly bu üç oglana degişli edildi. Ol üç oky üç kiçi ogluna berip, bu üç oglunyň nesillerine «Üç ok» at berdi we «Goşunyň sol goly bu üç oglana we nesillerine degişli bolsun» diýdi hem-de «Mundan soň olaryň nesillerine bu lakam degişli bolsunlar we olaryň her biri goşunyň haýsy ýanynda durmalydygyny bilsinler» diýip buýruk berdi. Soňra Oguz han ýene-de: — Ýol-ýörelgä görä, sag goluň orny ulurakdyr, ýaý bolsa patyşa hökmündedir, şonuň üçin begligi, töreligi we patyşalygy sag gola berdim. Sol gol bolsa ilçilik we nökerlik derejesinde bolsunlar - diýýär. Tamam sag we sol gol ýurtlaryny şu esasda oglanlaryna tabşyrýar. Soň bolsa buýurýar: — Patyşalyk tagty we meniň ýerime han bolmak ýörelgesi bozuk kowumynyňkydyr. Menden soňra diri bolsa uly oglum Gün, bolmasa ikinji oglum Aý patyşa bolsun. Oguz wepat bolandan soň, onuň wesýetine görä Gün han patyşa bolup, ýetmiş ýyl hökümdarlyk etdi. Atasynyň Ýaňykentlu Yrkyl Hoja atly bir maslahatçysy bardy. Ol Gün hanyň hem maslahatçysy (oruntutary) we weziridi. Ol bir gün Gün hana aýtdy: — Oguz bir uly patyşady. Ol ýer ýüzüniň bar döwletlerini tutup, köp hazynalar, mallar jemläp, ählisini size goýdy. Allatagala size dagy mähribanlyk edip, dört-dörtden bagtyýar ogullar berdi. Bu oglanlaryňyz soňra mal-mülk diýip biri-birleri bilen duşmançylyk we dawa etmesinler. Menden maslahat alsaň Oguz wesýetiniň esasynda her biriniň derejesi, ýoly, töresi, ady we lakamy aýry-aýry belli edilsin. Her biriniň nyşany we tagmasy bolsun. Olar biri-birleri bilen uruş we dawa etmez ýaly her biri öz permanlaryny, hazynalaryny, ýylkydyr dowarlaryny şol nyşanlar bilen tagmalasynlar. Şeýle etseň her biriniň oglanlary, agtyklary we boýlary zaman geçdigi-çe öz adyny we lakamyny, ýoluny we töresini bilerler. Haçan-da, öz ýol-ýörelgesini bilseler döwletleri gaýym bolup dünýäde we ahyretde ýagşy at gazanarlar. Gün han muňa örän begenip Ýaňykentli Yrkyl Hoja onuň tertibine meşgul boldy. Sag we sol gola bölünen goşunyň her birine täze at, nyşan we tagma belli etdi. Her boýa olaryň uýguny (oňony) bolar ýaly bir janaweri mahsus etdiler. Bu sözüň gelip çykyşy «uýnukdandyr». Bu bolsa, şol döwrüň türki dilinde «gutlulyk» diýmekdir. Şeýlelikde, «uýnuk (oň) bolsun» diýmek «gutly bolsun» diýmekdir. Her boýuň uýgunyna bir janaweri bellemek bilen, şol boýa ýagşy takdyr bolsun, mübäreklik bolsun, diýen niýet bilen belläpdirler. Olar öz uýguny edinen janawerlerini ynjytmaýarlar, we etini iýmeýärler. Olar bu zamana çenli şol däbi saklap gelendirler. Ol boýlar we kowumlar şu wagta çenli Oguz döwründe belli edilen öz uýgunyny (oňanyny) bilýärler. Her haçan saçak ýazylsa, toý we üýşmeleň edilse, nahar üleşdirilende, Oguzyň belläp gidişi ýaly, her kowum özüniň derejesini, atdyr dowarlaryň etiniň özüne degişli süýegini we paýyny alýarlar, biri-biri bilen dawa etmeýärler. Şol ýigrimi dört boýuň atlary aslynda olaryň atlarydyr. Her boý we taýpa şol at bilen meşhur bolandyr. Her biriniň özüne degişli bolan tagmalary, oňany, et süýegi aşakda ýazylar.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir