BAGYŞLAÝJY WE MÄHRIBAN ALLANYŇ ADY BILEN   Mülkleriň eýesi, beýikligi beýgelmiş we bereketi hemmä ýetmiş Allatagala sansyz alkyş we çensiz-çäksiz öwgi we minnetdarlyk bolsun. Çünki Ol müňlerçe-müňlerçe adamy pynhan ýoklukdan barlyk sährasyna getirip, her biriniň perzentleriniň ýaýylmagy üçin olara älem etraplaryndan bir yklymy menzil we mekan etdi. Adam ata alaýhyssalama How enäni jübüt edip, «We besse minhümä rijälen kesiren we nisä» aýatyna laýyklykda, ikisiniň neslini ýer ýüzüne ýaýdy. Nuh alaýhyssalam öz ogullanlaryndan Ýafesiň zürýatlaryna Türküstan (Türkmenistan) yklymyny ýer-ýurt edip berdi. Olar ol ýerde köpelip, ondan çykyp, beýleki, yklymlara hem patyşa bolup, jeň we jyhat ederler. Pygamberimiz Muhammet Mustapa alaýhyssalama sansyz salam bolsun! Çünki ol älem halaýygyny azaşmak we gümralyk sährasyndan halas edip, nadanlyk we körlük çölünden magryfet – bilim çeşmelerine gowuşdyrdy. Şeýle-de onuň maşgalasyna we ýaranlaryna-da, sahabalaryna-da sansyz salam bolsun! Emma mundan soň bilmek gerek, älem yklymlaryndaky halaýyklar çomry (oturymly) we çarwa bolarlar. Hususanam haýsy welaýatda çemenlikler, çaýyrlar we otlar köp bolup, oturymlylykdan daş bolsa, ol ýerde çarwalar ýaşaýarlar. Şeýlelikde, Eýran serhetlerinde oty köp, suwy az çöllük bolan, Arap mülki ýerleşýär. Munuň ýaly ýerlere, esasanam, oty köp iýip, suwy az içýän düýe mynasypdyr. Şol sebäpli araplaryň taýpalary we tireleri çenden-çakdan köpdür. Günbatardan Hind ummanynyň kenarlaryna çenli ähli sähralarda, düzlerde, derelerde, daglarda, jeňňeldir-tokaýlarda araplar ýaşaýarlar. Deşti Gypjak, Rus, Çerkes, Başgyrt, Talas, Saýram, Ibir Sibir, Pulat, Ankara sebti, Türküstan, Uýgurystan, Naýman taýpalaryna degişli bolan sebitler we dereler Gök Yrdyş, Garagurum, Balkan, Altaý daglary, Orhan suwy, Gyrgyz welaýaty, Kimjiýut,  Mongolystan we Keraýyt taýpalary ady bilen tanalýan ýaýlakdyr-gyşlak ýerler Ötün (Ötüken), Küluran (Keliran), Talat Baljyýus, Burkan Kaldun, Gögenawur, Buýyr Nawur, Karkat, Künin, Erkine, Kylyr Selike, Burkujyn Tüküm, Kalaljyn Alt, Hytaý diwaryna birleşýän Ütkuh, şularyň ählisinde tamam olaryň kabylalary we türk taýpalary we tireleri ýaşaýardylar we häzirem öňküleri ýaly ýaşaýarlar. Olar tutuş Çyn, Hind, Keşmir, Eýran, Rum, Şam we Müsür welaýatlaryny kuwwat we hökmürowanlyk bilen basyp alyp, ol ýerlere pytrap, dünýäniň köp ýurtlaryny eýelediler we golastyna geçirdiler. Döwrüň geçmegi bilen ol taýpalardan köp tireler we uruglar bölündiler. Bu zamanda tutuşlygyna türkmen atlandyrylýan Oguz kowumy ýaly, her döwürde her taýpadan dürli uruglar peýda bolup, her biri bir sebäp bilen dürli at we lakama eýe boldular. Olar (oguzlar-türkmenler) gypjak, halaç, kaňly, garlyk we olara degişli beýleki taýpalara bölünýärler. Bu döwürde mongol diýlip atlandyrylýan kowumlar jelaýyr, tatar, oýrat, merkit we beýleki taýpalara, şeýle-de her haýsynyň özbaşdak patyşasy bar bolan, mongola meňzeýän käbir taýpalar keraýyt, naýman, onkut we şular kibi kabylalara, şonuň ýaly-da gadym zamanlardan bu döwre çenli Gongurat (Goňrat), Kurlas, Engeras, Utlujkin, Urýankuft, Keletkut we beýleki atlar bilen meşhur bolan kowumlara bölünýärler. Olaryň ählisine derlekin mongollary we nirun mongollary (bular has – sap mongollardyr) diýýärler. Gürrüň we hekaýatlary Gazan han (Oňa Allanyň rehmeti bolsun!) taryhynda getirilişi ýaly mongollaryň şekilleri, dilleri we şiweleri biri-birine ýakyndyr. Emma her ýeriň tebigatyna laýyklykda her taýpanyň keşbi, häsiýeti, gylygy we şiweleri biri-birinden tapawutlanýandyr. Rowaýatçylaryň rowaýat edişine görä, Oguz kowumy Türküstanda ýaşaýarka keşpleri mongola meňzeş bolup, dilleri hem olara ýakyn bolupdyr. Haçanda Eýrana, Ruma we Şama gelenlerinde keşpleri täjik ýüz bolup, dilleri hem akgynly we nepis bolupdyr. Elkyssa, indi bularyň nesilleri baradaky hekaýatlary danalarynyň we ygtybarly gürrüňçileriniň uýgur haty bilen Oguznamada ýazan rowaýaty esasynda, gysga görnüşde jikme-jik (bölümme-bölüm) beýan ediler. Bu usul we röwüşde beýan etmek, ýokarda beýan edilen zatlaryň berkidilmegine peýda eder.

ÇARWA TÜRKI KOWUMLARYŇ ATLARYNYŇ GYSGAÇA SANAWY

  Ählisi Diýb Takuýyň dört sany oglunyň nesillerinden ýaýrandyr. Ol bolsa Abulja hanyň ogludyr. Ol ony demirgazyk gündogar we demirgazyk-günbatar taraplara iberipdi. Gara han, Or han, Gün han we Kür han dagylar Garahanyň oglunyň hudaýparaz bolup, birnäçe kowumlaryň oňa birleşendigi sebäpli iki bölek boldular. Bularyň hemmesiniň düşündirişi «Oguznamada» beýan edilendir. Oguz bilen birleşen kişiler, hudaýparaz bolup, Taňryny bir bildiler. Oguza birleşmedikler we oňa uýmadyklar kapyr hasaplanyp, atlary mogul (mongol) boldy. Gara hanyň ogly bolan Oguzyň şahasy onuň bilen birleşen birtopar egindeşlerinden we doganoglanlaryndan ybaratdyr. Oguz şahasynyň beýany «Oguznamada» we «Jamyg et-tawaryhda» gelýär. Onuň alty ogly bardy. Olaryň her biriniň hem dört ogly bardy. Oguz goşunynyň sag we sol goluny aşakdaky görnüşde olara berdi.  
SAG GOL  
GÜN HAN: Gaýy (Gaýa), Baýat, Alkaöýli (Agöýli), Garaöýli. AÝ HAN: Ýazyr, Düger (Düker), Dodurga, Ýaparly. ÝYLDYZ HAN: Owşar (Awşar), Gyryk, Begdili, Garkyn.   SOL GOL   GÖK HAN: Baýyndyr, Beçene, Çawdyr (Çowdur), Çepni (Çapny). DAG HAN: Salyr, Eýmir, Alaýuntly, Üregir. DEŇIZ HAN:  Igdir, Bükder (Büküder), Ýiwe, Kynyk.

Oguz bilen birleşen garyndaşlary we käbir doganoglanlary şulardan ybaratdyr: Uýgur, Gankyly, Gypjak, Garlyk, Kalaç, Agajeri.   * * * Oguz bilen birleşmedik onuň kakasynyň doganlary Or han we Kür hanyň, olaryň doganlarynyň we olaryň ogullarynyň hem-de kowumlarynyň şahalary. Bu kowumlar iki bölekden ybaratdyr. Olaryň biriniň asyl we şahalary gadymylyk jähtinden jikme-jik mälim däldir. Beýlekisi bolsa jikme-jik görnüşinde mälimdir.   * * * Bu kowumlaryň ýaşan döwrüniň gadymylygy jähtinden, Olaryň asly we şahalary jikme-jik mälim bolmaly.   * * *   BIRINJI ŞAHA   Bu şaha bu zamanda mongol atlandyrylýan kowumlar baradadyr. Emma aslynda olar mongol däldir. Bu sözi olaryň döwründen soňra döredendirler. Bu taýpanyň her şahasyndan köp şahalar ýaýrap, aşakdaky görnüşde her biri bir ada eýe boldular.   Jelaýyr, Sewnit, Tatar, Merkit, Kürlüt, Tulas, Tumat, Bulgajyn, Kermujin, Urasut, Tamgalyk, Turgut, Oýrat, Bürgüt, Gury, Telenkut, Kestemi, Uýanka, Gorgan, Sakaýyt.   IKINJI ŞAHA   Ýakyn döwürlerde mongol adyny alan kowumlar: Bu kowumlar we taýpalar örän köpdür. Ol kowumlardan atlary mälim bolanlary aşakdakylardan ybaratdyr: Keraýyt, Naýman, Unkut, Tenkekut, Teňkut, Bekris, Gyrgyz.   * * * Şahalarynyň asly Erkine Kuna (Ergenekon) giden iki kişidendigi mälim bolan kowumlaryň ady mongol boldy. Olar köpelip we önüp-ösüp, olardan köp uruglar peýda boldy. Ýüz-keşbi taýyndan olara meňzeýän beýleki kowumlara bolsa, meňzetme esasynda mongol diýýärler. Bu at bilen atlandyrylmak şolaryň döwründen başlandy. Mongollar türki taýpalardan bir kowumdyrlar. Taňrynyň enaýaty bilen dört ýüz ýyla golaý döwürde olardan köp kowumlar we tireler peýda boldy. Olar köplügi bilen galan taýpalardan zyýadadylar. Olaryň şan-şöhratlary sebäpli galan taýpalar hem olaryň ady bilen atlandyryldy. Şeýlelikde, türkileriň köpüsine häzir mongol diýerler. Ondan öňki zamanlarda tatarlar üstündiler. Şol sebäpli olaryň baryna tatar diýerdiler. Heniz hem Arapda, Hindde we Hytaýda tatar şöhraty bardyr. Bu asyl mongollar ýuwaş-ýuwaşdan iki şaha boldular. Wallahu aglam (Alla has bilijidir).   BIRINJI ŞAHA   Erkine Kunda bolan asyl mongollardan peýda bolan hem-de her biri bir at we lakama eýe bolup, ondan çykan şahalar:   Teküz, Urýaňkut, Urlat, Kelenkut, Tunjin, Ustin, Suldus, Ilduzkin, Urtaut, Kuňkatan, Goňgorat, Ikiras, Ulkunut, Turu Burlas, Iljikin, Kuňkelýut.   IKINJI ŞAHA   Dubun Baýanyň Alanguwa atly hatynyndan äri ölenden soňra dünýä gelen perzentlerinden köpelip, bölünip, taýpalara öwrülen kowumlar aşakdakylardyr. Ýokarda aýdylan Dubun Baýan asyl mongollardan bolup, Alanguwa hatynyň kowumyndandy. Bu taýpalar hem iki şaha bolup, birine Nirun, beýlekisine bolsa Herun diýerler.   NIRUN   Bular on alty taýpadyrlar:   Kynkyn, Saljiýut, Taljiýut, Hertikän, Jins, Nunakyn, Durban, Baris, Byrlas (Barlas), Hiderkin, Jurýat, Budat, Duklat, Bisut, Sükät, Kynkyňýat.   Emma Timur beg Byrlas boýundandyr: Timur ibn Taragy ibn Birkül ibn Ilişkir ibn Eýjel Bahadyr ibn Garajar Noýan ibn Sugujijin ibn Irdemsi Byrlas ibn Kajuly Bahadyr ibn Numene Han ibn Baýsunkur Han ibn Kaýdu Kagan Çingiz atalaryna çykar. Wallahu aglam (Alla has bilijidir).   HERUN   Bulara kaýat diýerler we iki şahadyrlar.   KAÝAT   Ýurkin Çiňşup - çep kaýat.   KAÝAT   Burjykyn, ýagny ala gözli kaýat. Bularyň şahalary, ata tarapdan, Çingiz hanyň atasyndan gelip çykandyrlar. Çingiz han bu nesle degişlidir. Her biri bir at we lakama eye bolan türki taýpalaryň atlarynyň her biri öz ýerinde beýan edildi. Indi her kowumyň hekaýatyny we mälim bolan kowumlaryny beýan edeliň.

(dowamy bar)

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir