Dogan bolsañ, dogryñy aýt!


Biz häzir örän galagoply döwürde ýaşaýarys. Wakalar dartgynly. Garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykýär. Wakalar çüňňür oýlanmaga mejbur edýär. Jemgiýetde, adamlaryň aňynda nämeler bolup geçýär. Düşünmek isleýärsiň.Ömür boýy mukadddesdir öýdülip, diliňde sena edip gezen zatlaryň püçege çykarylyşyny göreňde, düýşümmikän diýýärsiň. Iň erbedem, adamlaryň birek-birege bolan hormat-sylag duýgusy ýitip barýar.Bize çagalykdan ula hormat goýmagy gulagymyza guýgular.Agyr horluklary başdan geçiren garry enemiň häli-şindi: «Adamçylykdyr. Uruşman-sögüşmänem bolmaz, ýöne weli ýaraşmaga ýer goýuň« diýip, aýdan sözleri meniň hemişe ýadymda.Heniz men diýen wagty «halk duşmany« hökmünde uzak Sibire sürgün edilen adamsyndan, Watançylyk urşunda uly ogly Allaýardan jyda düşen bu paýhasly zenanyň öz ykbalyndan zeýrenip ýöreni ýadyma düşenok. Ol bize- dokuz dogana hemişe agzybir ýaşamagy, adamlary söýmegi, zähmet çekmegi ündeýärdi. Agşamlaryna pelteli çyranyň daşyna üýşürip, mertlik, namartlyk hakynda ärteki otarýardy.Soň biz mertligiň, namartlygyň asyl manysyna düşünip ugradyk. Durmuş-durmuş bolýar-da! Merdine-de, namardyna-da duşuldy.Obadaşymyz, paýhasly goja Meret molla Adybaý ogly: «Dokluk belasy açlyk belasyndan ýamandyr« diýýän ekeni. Onuň aýdan sözleriniň manysyna indi-indi düşünýäris.Köne nakylda «Mert özünden görer, namart ýoldaşyndan» diýilýär. Pikir edip görüň, manysyny ölçerip-döküp görüň. Häzirki galagoply günlerde özlerini intelligent saýan adamlaryň oý-pikirlerine diň salyp görýän. Böwrüňi diňleýärsiň. Olaryň dünýäň düzüw wagty halklaryň dostlugy, Kommunistik partiýa, Lenin hakdaky aýdan waspnamalaryny ýadyma salýan. Bu günki gün hem olaryň şol zatlar hakda aýdýan gödek sözlerine diň salýan. Bu sözleri aýdan bir adammykan ýa-da başga-başga adamlarmykan diýip, öz-özüňe sowal berýäň. Näler, onuň bir adamdygyna ynynasyň gelenok. Nätjek, ynanmaly bolýarsyň. Soňam dişiňi gysyp: «Haý, messepsiz adam. Goýun derisine giren möjek« diýmekden başga alajyň ýok. Ýol haýsy tarapa bolsa, şo tarapa öwüsýän bu adamlara halkyň ykbalyny ynanmak bolarmy?! Iň beteri-de, olar uly bir halkyň adyndan gürleýärler. Goý, olar halkyň adyndan gürlemesinler. Halk kimiň-kimligini oňat tanaýar.Hakykatyň gözüne dogry seretmeli. «Baş bolmasa, göwre-läş« diýen türkmen nakyly bar. Halk ýyllar boýy akylly-başly ýolbaşça zar boldy. Birwagtlar sosializm guramagyň hatyrasyna öz janyny gurban etmäge taýar kommunistik ýolbaşçynyň ahlak keşbi biziň göz alnymyzda düýpgöter üýtgäp başlady. Ol düzedip bolmajak býurokrata öwrüldi. Parahoruň donuny geýdi. Özüne ýaramly adamlary daşyna üýşürdi. Gündizlerine-hä uly tribunalardan partiýanyň kararlaryny durmuşa geçirmek hakda agyz dolduryp gürledi, gijelerine bolsa hemşerileri bilen şagal mesligini gurady. Her wezipäň öz nyrhy boldy.Ýetmişinji ýyllaryň ortalarynda Moskwadaky Ýokary komsomol mekdebini tamamlap gelip, redaksiýada işe başladym. Şo döwürräkde paýtagtdaky raýkomlaryň biriniň guramaçylyk-partiýa durmuşy bölüminiň müdirine 500 manat berseň, partiýa hataryna geçip bolýandygy hakdaky habary eşitdim. Öz gulaklaryma ynanmadym. Töhmetdir öýtdüm. Soň ol bölüm müdirini Merkezi Komitetiniň apparatyna işe çekdiler. Ol ýerdenem ony obkomyň sekretarynyň kürsüsinde oturtdylar. Para-peşgeş alýanlygynyň üsti açylansoň, ony uzak möhlet bilen «dynç alşa« ugratdylar. Şeýle mysallary näçe getirseň getirip oturmaly. Ine, Kommunistik partiýanyň abraýyny ýere salan kimler!Indi bu günki gün ýagdaý nähili? Kommunistik partiýanyň başyna agyr howp abandy. Ýene-de şo-ol aýry-aýry kommunist ýolbaşçylar partiýadan ýüz öwürdiler. Başda olaryň özleri partiýa hataryna girjek bolup, nähili çytraşandyrlar.Başyň dikkä, saçagyň bereketi egsilmez wagty dost-ýaryňam köp bolýar. Kimiň hakyky dost, kimiň bolsa saçagyň dostudygyny biljek bolsaň, wagtyň synagyndan geçen bir ýol bar. Olam seň başyňa iş düşende. «Dost başa iş düşende tanalýar« diýip, halk pähiminde ýöne ýere aýdylmaýar.Meniň tanap ýören kommunist ýolbaşçylarym häzir nähili duýgyny başdan geçirýärlerkä? Olaryň birnäçesiniň eýýäm partiýadan ýüz öwürmek hakdaky pikirlerini eşidemde, gaty hapa boldum. Olaryň halkyň öňündäki agyr günälerini ölçerdim. Ölçärden agyr geldi. Hut şol nalajedeýin partiýa ýolbaşçylarynyň günäsi bilen, işe ýüregi bilen berlen adamlar nähak töhmet bilen işden boşadylypdy, partiýa hataryndan öçürilipdi. Olaryň birnäçesi «men« diýen wagtlary bu dünýä bilen hoşlaşdylar. Köpüsi häli-häzirem özlerine gelip bilenoklar. Häzir partiýadan ýüz öwürýän adamlaryň günäsi bilen halkyň sežde edýän mukaddes ýerleri aýak astynda depelenipdi, metjitlere gatnamak gadagan edilipdi. Garaz, olaryň haýsy bir eden günälerini sanap çykjak?!Partiýa ýolbaşçysynyň adyna duwlanyp «Pylan taýpadan bolsa, onda ýolbaşçy partiýa işine almak bolanok« diýen öňki apparatçynyň bu günki günem oturan kürsüsi kiçi-girim däl. Ol bu gün iliň öňünden partiýany inkär edýär. Goý, muny onuň öz wyždanyna goýalyň. Ýöne şeýle adamlaryň wyždany bardyram öýdemok.Häzir biziň hemmämiz ykdysady krizisi, syýasy we ahlak krizisini başdan geçirýäris. Bu biziň hemmämiz üçinem agyr döwür. Ýöne döwri döwür edýänem adamyň özi.Häzir «Sosializm öz-özüni ödemedi« diýip, kapitalizmi öwüp arşa çykarýanlar az däl. Eýsem, kapitalistik dünýäde agyr krizisler bolmadymyka? Onda–da nähili krizisler? Emma olar kapitalizmi näletläp, ýykyp-ýumurmadylar. Krizisden akylly-başly çykdylar. Otuzynjy ýyllarda birnäçe kapitalistik ýurtlaryň hojalygy ýöretmegiň sosialistik prinsiplerinden ugur alyp, krizisden çykandyklaryny bilýäris ahyryn!Biz syýasy warsakylara aşa üns berýäris. Ykdysadyýetden weli başymyz çykanok. Ony oýun-oýunjak ýaly bir zat hökmünde göz öňüne getirýäris. Aslynda weli ykdysadyýeti ýöretmegiň müň tilsimi bar. Her näçe baýlygyňam bolsa , zadyňy tygşytly ulanmasaň, ertekigün iýmäge zat tapmarsyň. Gerekmejek ýerinde tarhandökerlik edip ýörmek akmaklykdan başga zat däldir.Obamyzda ýaşulularyň biri kyrkynjy ýyllardan bir wakany gürrüň berdi: bir adam kolhozyň çebşini ogurlanlygy üçin birnäçe ýyllap türmede oturmaly bolupdyr. Bir çebiş näme, döwletiň müňläp- müňläp manadyny ogurlanda-da suwdan gury çykýanlar bar. Eýsem bu ajy hakykat näme hakda gürrüň berýär?Eýsem-de bolsa, bu häkimiýetiň gowşanlygyndan habar bermeýärmi? Demokratiýa hakda näçe agyz dolduryp gygyranyň peýdasy näme?! Ilkinji nobatda tertip-düzgün gerek. Jogapkärçilik gerek. Elbetde, men totalitar tertip-düzgüniň tarapdary däl. Gorky bilen ýaşamak, gorkyňa işlemek hiç haçanam jemgiýeti oňullygyň üstünden alyp baran däldir. Ýöne demokratiýanyň nämedigini bilmän, «Bize demokratiýa beriň« diýip gygyryp, edeniňi etjek bolup ýöremegem oňullygyň üstünden alyp barmaz. Demokratik imperializmiň totalitar düzgüninden näme tapawudy bar. Demokratiýa perdelenip, bir wagtky «köýen aryny« ýerine saljak bolup ýörenler azmy? Beter ýeri-de olar özlerini demokrat saýarlar. Olar biziň tanap ýören adamlarymyz ahyryn!«Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz« diýip könelerimiz aýdyp geçipdirler. Geçmişiň- ol seniň ata-babalaryň geçen ömür ýoly. Geçmişiňe atanak çekmek öz ataň üstünden ätledigiň dälmi näme?Ýykmak itiň aňsady. Gurmak kyn. Guran zadymyzy bir saklajak bolalyň!Dogan bolsaň, dogryny aýt!


1992 ý, ýanwar.

A. Çüriýew

www.kitapcy.ga

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir