Adam 2. Töwekgellik


Meniň gürrüň edýän menzillerim ruhy menzillerdir. Bular ruhy giňişlikdäki aralyklardyr, bu menzilleri geçmek hem sap ruhy hadysa, ruhy hereketdir. Ruhy giňişligiň tebigaty tebigy, maddy giňişlikdäki hadysalaryňkydan düýpgöter tapawutlydyr. Maddy giňişlige mahsus bolan ölçegler, maddy giňişlikdäki kanunlar ruhy giňişlik babatda ulanarlykly däldir.Aýdaly, maddy giňişlikde bir nokatdan ikinji bir nokada geçilmegi birinji nokadyň yzda galýandygyny, ondan aranyň açylandygyny, onuň gaýyplyga öwrülendigini aňladýar.Ruhy giňişlikdäki hereket babatynda bu hili kanun işlemeýär. Bu ýerde haýsydyr bir aralygyň geçilmegi onuň gaýyplyga öwrülmegini aňlatman, onuň indiki – häzirki nokadyň düzümine, içine girendigini aňladýar. Ruhy menzilleri geçmek meselesinde hem şeýledir.Şahsyýetiň kämilleşmek hadysasynyň dürli derejeleri bolan dürli ruhy menziller biri-biriniň içine girýär, munda hiç bir zat ýitip gitmeýär, yzda galmaýar. Munda inkär etmek, taşlamak däl-de, barha çylşyrymlaşmak hadysasy bolup geçýär. Şonuň üçinem toba menzilinden töwekgellik menziline geçmek hem toba menziline mahsus zatlaryň şindi hem dowam edýändigini, ýöne başga häsiýetlerde dowam edýändigini aňladýar.Başga häsiýetde – diýmek, indi şahsyýet tobany özüniň geçen, edinen ruhy tejribesiniň hakykaty hökmünde, öz «menini» toba menzili bilen baýlaşdyran şahsyýet hökmünde kabul edýär diýmekdir.Tejribe – edinilen baýlykdyr. Baýlykdan bolsa ýüz dönderilmeýär.Tobany tejribe edinip, şahsyýet öz-özi bilen diňe bir göreşmäni däl, eýsem hyzmatdaşlyk etmäni-de öwrenýär. Şeýdip ol has kämilleşýär. Bu ýerdäki kämilleşmek öz şahsyýetiňi öz erkiň bilen şertlendirmek, sözüň pelsepewi we serhallyk (psihologik) manysynda özüňi öz eliňe almak diýmekdir. Toba menzili başlangyç menzil bolup, munda adam öz-özi bilen ýüzbe-ýüzleşip, özüni döretmäge, öz-özüni kesgitlemäge, ömrüni içinden – özünden-akylyndan, erkinden we duýgularyndan şertlendirmäge başlaýar.Bu çuňňur (çuňňurlygynyň manysy adamyň tebigatyny çuňlaşdyrýandygyndadyr) hem çylşyrymly (çylşyrymlydygynyň manysy daşyndan bakýan göze ilmesiniň kynlygyndadyr) hadysanyň manysynyň has düşnükli bolmagy üçin tymsala ýüzleneýin. Hakyt hyýalaty tymsal.Bir baý hem abraýly kişiniň biweç ogly bar eken. Ol ýigit märeke-de özüni alyp barmagy oňarmaýan, nirede näme diýmelidigini bilmeýän tüntaw bolupdyr. «Uly gürle» diýilse, tüýs «düýe» diýýänlerden eken. Görgüli atasy muňa şeýle bir çäräni oýlap tapypdyr. Ogluny ýanyna alyp, märeke baranda ol hemişe oglunyň barmaklaryna ýüpjagaz daňyp, bir ujunam elinde saklap gider eken. Ýigit bolgusyz gürläp ugradygy, şol ýüpjagazdan çekipdir. Munuň özi «bes et, gepleme» diýildigi bolupdyr.Toba – adamyň öz-özüne dakýan şol ýüpjagazydyr.Maddy giňişlik menzili geçilýär.Ruhy giňişlik menzili edinilýär.Ömür tanapy tä üzülýänçä, toba ýüpjagazy zerurdyr. Çünki gaýtgynsyz, dönümsiz hereketli tebigatdan tapawutlylykda adam ruhy meýilnamalaşdyrylan däldir.Adam toba menzilini edinip, şahsyýet erkini doly amala aşyryp, öz-özüne diýenini etdirmek tejribesine eýe bolup, ikinji menzile – töwekgellik menziline çykýar.Emma toba menzilini amal etmek juda kyn işdir. Biz tobanyň manysy il öňünde men-menligiňi ýok edip, menini edinmekdir diýdik. Şonda adam gedemlik, tekepbirlik, ulumsylyk ýaly ýaramaz häsiýetlerden saplanýar diýdik. Meniň durmuş – adamlary tanaýyş tejribäm bir hakykata şaýatlyk edýär: adam toba menzilini edinip bilse, ýokarky ýaly saplanyş bolup geçýär, emma eger ol toba goruny edinmese, onda başga bir üýtgeşiklik bolup geçýär: ol özüniň durmuş, güzeran, bähbit zeruryýetiniň basyşy astynda ýokarky gylyklaryndan el çekýär, has dogrusy, olaryň üstüni örtýär-de, öz men-menligini başga şekillerde dowam etdirmek üçin ýasamalyk, sypjyklyk, galplyk ýaly başga ýaramaz häsiýetlere geçip gidýär. Çünki iň esasy ýaramazlyk – men-menlik ýok edilmedi-de, bary-ýogy ol has gizlin, has örtgüli görnüşe eýe boldy. Adam içki dünýäsini saplamakdan, hapalary arassalamakdan ejiz gelip, toba menziliniň kynçylyklaryndan gorkup, içki hapasyny örtmek, ýaşyrmak ýaly has ýeňil ädime gadam goýýar. Bu – kämillige ukypsyzlykdyr.Şonuň üçinem kämil çykmak üçin toba menzili gürrüňsiz zerurlykdyr.Toba – adam bolmagyň jedelsiz şertidir.Diňe şu şertiň berjaý edilmegi töwekgellik basgançagyna çykmagy kepillendirýär.Töwekgelligiň manysy bil baglamak, has dogrusy, berilmekdir. Köne akyldarlarymyz töwekgelligi Hudaýa bil baglamak, Hudaýa berilmek manysynda teswirläpdirler. Bu hili ýörelge Hudaýyň ählumumy hökmürowanlygyna, oňa berlen adamy Hudaýyň ünssüz goýmajakdygyna göz ýetirmekden gelip çykypdyr. Şu jähetden seredeniňde, sözüň pelsepewi manysynda Allatagala şeýle garaýyş, şeýle görüş kanunalaýyklyk bilen tötänligiň özara tebigy utgaşygyny aňladýar. Beýle utgaşyk, dogrudanam, hemişe we hemme ýerde beýik hökmürowanlykdyr. Beýle hökmürowanlyk adam şahsyýetini kemsitmeýär, ol adam şahsyýetini kesgitleýär: onuň ömrüni, ykbalyny, durmuşynyň mümkinçiliklerini we mümkin dälliklerini kesgitleýär. Hudaýa berilmek bilen fatalizmiň – takdyra boýun bolmagyň arasynda düýpli tapawut bar.Birinjisi – töwekgellik ynanja, ikinjisi bolsa gorka esaslanýar.Ynanç – göz ýetirilen azatlyk, gorky – ruhy körlüge daýanýan akyl ysmazlygydyr.Köne türkmen pelsepesinde töwekgellik düşünjesiniň biri-birinden tapawutly iki hili ýaşaýşyny görýäris.Dini-sopuçylyk pelsepesinde töwekgellik hereketden el çekmek, hereketsizlik manysyny, dünýewi-durmuş pelsepesinde bolsa hereket etmek, hereketlilik manysyny berýär. Munuň özi şol bir zadyň iki tarapydyr, şol bir gymmatlygyň dürli iki tarapdan görnüşidir. Çünki bularyň ikisi-de şol bir hakykata – işiň soňuny pikir etmekden el çekmeklige esaslanýar. Soňuny pikir etmek bu ýerde tersin manyly sypat bolup, ol gorkudan gelip çykýar. Töwekgelligi oňyn gymmatlyga öwürýän zat hem şeýle gorkyny ret edýänligidir. Töwekgellige ukypsyzlyk bolan soňuny pikir etmegiň düşnükli manysy gaýgy-alada etmekdir. Hut şonuň üçinem töwekgellik gymmatlykdyr.Töwekgellik – ýaşaýşyň kanunydyr. Gorky hem endişe – ýaşamakdan gorkmaklykdyr. Dünýewi jähetden many berlende, töwekgellik ýaşaýşa berilmekdir.Ýaşaýşa berilmek – çyndan ýaşamakdyr. Ýaşaýşyň tagamyny, mährini, hezilligini duýup ýaşamakdyr. Tagam, mähir, hezillik bolsa belli bir manyda indiki pursatlaryň nämälimliginde ýatýar.Endişe – nämälimlikden gorkmak, ýaşamakdan gorkmakdyr.Töwekgel ner erer, endişe – maýa,Endişeli iş bitirmez,Meýdanda däli bolmasa– diýýär akyldar.Töwekgellik diňe bir söweş meýdanynda däl, eýsem ýaşaýyş meýdanynda hem zerur gerek sypatdyr. Ýaşamakdan gorkmak adamyň ömrüniň bar manysyny hem mazasyny alýar. Adam özüne berlen ömri ýaşap däl-de, ýaşaýyşdan ätiýaç edip geçirýär. Munuň özi ýalan ýaşamak ýa-da ýaşansyramakdyr.Ýaşamaga töwekgel bol!Her täze pursadyň getirjek nämälimliginden gorksaň, ömrüň ornuna endişe edinersiň.Gorkup, «Näme bolarka?» diýip, gaýgy-gama bulaşyp, ýaşaýyşdan el çekme! Ýaşamak ýöne gün geçirmek däldir.Endişe ganymyndan gorkup, ömrüňi boşa berme!Ýaşan şekilli ýaşa!Bir akyldar «Adamlaryň bolşy eşigini ýitirmekden gorkýan ýalaňajyň ýagdaýyna meňzeýär» diýipdir.Endişe – gorky, töwekgellik – namysdyr.Janyňy ýitirmekden gorkma, ömrüňi ýitirmekden namys et!Baýlygyňy ýitirmekden gorkma, abraýyňy ýitirmekden namys et!Wezipäňi ýitirmekden gorkma, mertebäňi ýitirmekden namys et!* * *Töwekgellik dünýäden bizar bolup, başyňy basyryp ýatmak däldir. Bir köne türkmen rowaýatyny gürrüň bereýin.Öňem bir kişi töwekgellige başyny basyryp ýatmak diýip düşünipdir. «Ýatsaňam, Hudaý berýär» diýen gürrüň gulagyna ilip, munuň hakykatdygyny ýa ýalandygyny barlap görmek isläpdir. Onsoň başyny alyp, çöle çykypdyr. Barybam, uly ýoluň golaýragynda donuny basyrynyp ýatyberipdir diýýä. «Hany göreli, nähili borka, Hudaý ýatana berýärmikä?» diýen sorag içini byjykladyp duranmyş.Bir gün ýatypdyr, halyndan habar alan bolmandyr.Iki gün ýatypdyr, hiç zat beren bolmandyr.Üç gün ýatypdyr, «Ýatyrmysyň?» diýen bolmandyr.Dördünji gün diýlende, uly ýoluň ugrunda bir kerwen peýda bolupdyr. Gelibem, ýaňky ýatanyň golaýragynda düşläpdir. Düşlän kerwen dynç almak, nahar-şam taýýarlamak bilenmiş. Ýaňky kişem uzagrakdan seredip ýatyrmyş. Şol aralykda kerwençilerden biri ýaňkyň tarapyna gaýdypdyr. Olam başyny hasam basyryp ýatypmyş. Kerwençi ony görmänsoň, edil golaýynda aýak çekip, buşukmaga durupdyr. Özüne syçraýmasyn gorkusy bilen ýatan çalajadan «ähm» edenmiş. Munda adamyň ýatanyny görüp, kerwençi biraz çekilip, ondan hal-ahwal soraşmaga duran.Ýatan kişi oňa öz ykbal synagyndan gürrüň beripdir. Onuň birnäçe günläp aç-suwsuz, idi-yssuwatsyz ýatandygyny eşiden kerwençi bolsa ony özleri bilen naharlanmaga çagyrypdyr. Şeýdip, töwekgellige baş uran adam ençe günlük açlykdan soň, kerwençilere goşulyp naharlanypdyr. Soňam ykbal synagy tamamlandy hasaplap, kerweni öz ýoluna ugradyp, oba gaýdypdyr.Oba adamlarynyň «Nähili onsoň, ýatana Alla berýän ekenmi?!» diýen soragyna hälki kişi şeýle jogap beripdir:«Berýänligi-hä çyn bolup çykdy, ýöne özüňdenem bir «ähm» gerek eken».Töwekgellik ruhy-serhaly ýagdaý, halat hem-de özboluşly ahlak-durmuşy çemeleşişi hökmünde şahsyýeti dünýä bilen gatnaşygyň täze görnüşine çykarýar. Şeýle ahwalatyň we degişli çemeleşişiň manysy aşakdakydan ybaratdyr.Sen sözüň serhaly manysynda durmuş sahnasyndan, akyp ýatan durmuş derýasyndan bir tarapa, kenara çekilip, aradaşlykda sahnada hem iki kenar aralygynda bolup geçýän çarp urma bakýarsyň. Şu wagta çenli sen daşyň-töweregiň bilen ýaşan bolsaň, indi biraz säginip, içiň bilen ýaşap başlan ýaly bolýarsyň. Ählumumy hereketliligiň çäginden hereketsizlik kenaryna çekilip, durmuş atly öňsüz hem soňsuz möwç urma keseden bakanyňda, öz-özüňe gaýdyp gelip, kalbyň täze giňişligine çykýarsyň. Munuň özi saňa oýlanmaga, ölçermäge, ýaşaýşyň akymynda öňe hem yza akylly-başly ser salyp, paýhasyňy durlamaga puryja berýär. Adama körmüş syçan ýaly göz ýumup, öňünden çykan gereg-u-gerekmejek zatlara el urmak uslyp däldir. Durmuş derýasyndan wagtal-wagtal oýlanyşyk kenaryna çekilmek edähedi manysyndaky töwekgellik ynsana juda zerurdyr. Soňsuz gümralyga meşgul zemin ýaşaýşyndan paýhas howalalygyna galyp, eklenç, güzeran, günema, rozugär hysyrdylaryndan biraz çete çekilmek diňe ynsana berlen artykmaçlykdyr. Adama gündelik rozugärinde ownuk-uşaklyklar bilen meşgullanmak ýazylandyr, emma onuň ömrüniň manysy bu ownuklyklaryň derejesinden has ýokardadyr, olaryň çäginden has alyslykdadyr. Adamyň beden birligi tükeniklidir, emma adamyň ruhy şahsyýeti tükeniksizligi taýdan, derejesi we giňligi boýunça tutuş dünýä barabarlykdyr. Sözüň has çuňlukdaky ruhy manysynda töwekgellik etmek – munuň özi beden-güzeran çäkliliginden göwnüň hem paýhasyň giňligine geçmegi başarmakdyr.Bu hili geçiş adamda göwnügiňlik diýilýän derejäni kemal edýär. Durmuş göreş meýdany däldir, durmuş ýaşaýyş meýdanydyr. Lukma ýa gaýry nebis hajatlary üçin biri-birine agyz salmak, garpyşmak, «saňa ýetdi-de, maňa ýetmedi» boluşmak haýwanata – derrendelere we perrendelere mahsus ýaşaýyşdyr. Şu zeýilli ýaşaýyş derejesine düşmek, şu zeýilli gatnaşyk çygryna girmek ynsany juda peseldýär. Çünki şo halatda ynsan ruhuň özi üçin niýetläp goýan gymmatlyklaryndan we manylaryndan juda daşda ät galýar. Käbir akyldarlaryň pikiriniň tersine, ruhuň ýüze çykmalary bolan sungat, ylym, edebiýat, pelsepe we beýlekiler ynsanyň maddy ýaşaýşynyň goşmaça önümi, netijesi däldir. Olar hakyky ynsanyň tebigatynyň birinjilik mazmunyny düzýän närselerdir. Hatda gödek göz öňüne getireniňde-de, olar maddylygyň netijesinde, yzyndan gelýän däl-de, onuň bilen gapdallaşyp ýaşaýan närselerdir. Has inçelik bilen pikir öwrüp aýdanyňda bolsa, ynsan – maddylyk şekili berlen ruhy mazmundyr. Bu mazmunda hut ruhy gujur bent edilip goýlandyr. Adam bolup ýaşamagyň manysy bu maddy şekil içindäki ruhy gujury boşatmakdyr, sarp etmekdir. Şeýle boşatma arkaly ruhy hakykatlar we ruhy gymmatlyklar amal edilýär. Beýle işiň ahyrky netijesi şudur: maddy – jan panylygyny ruhy dowamat, bakylyk ýoly bilen ýeňip geçmekdir. Bu beýik iş, beýik amalyýet töwekgellik etmekden başlanýar.Töwekgellik güzeran düşünjesi däldir, eýse pelsepe düşünjesidir. Töwekgellik ruhy şahsyýete çenli ýokary göterilmek başarnygydyr. Bimaksat, bibaky, bipaýan, bibat haýwanaty ýaşaýyşdan arany açmak ädiminde töwekgellik menzili gutulgysyz güzerdir. Töwekgellik adam ömrüniň ruhy manysynyň birinjilikdigine, ileridigine, dünýäniň maddy zerurlygynyň ikinjilikdigine bil baglamakdyr.Dünýä ugrunda göreşmegiň ruhy ynjydyşy ýaly, dünýä bilen göreşmek hem ruhy ýöntemlikdir. Birinji halatda ruhyýet maddyýetiň kölegesine öwrülýär, ikinjide bolsa ruhyýet özüniň maddyýet atly hyzmatkärini we ýaranyny ýeňibilmez ýagysyna öwürýär. Töwekgellik menzili bu gatnaşyklara dogry akyl ýetirmek we ýaşaýşa ukyp berýän netijelere gelmek menzilidir. Men hut ynsan şekilli ýaşamak ukybynyň gürrüňini edýärin. Ýaşamagy başarýan kişi – garşydaşyny ýarana öwrüp, bu ýaranlyk arkaly öz maksadyny amal edip bilýän kişidir. Dünýäni ýarana öwürmek işinde ruhuň göwün hem-de paýhas atly jähetleriniň aýry-aýry wezipeleri bardyr.Göwnüň dünýäniň daşynda, paýhasyň bolsa dünýäniň içinde bolsun! Göwnüň dünýäniň dynjynda, paýhasyň welin dünýäniň işinde bolsun! Göwnüň dünýäniň düýşünde, emma paýhasyň huşunda bolsun!Töwekgellik menzili Paýhasa bil baglamak menzilidir. Paýhasa bil baglamak paýhasy ynanja öwürmekdir. Munuň manysy:Dünýäde bol, emma dünýälik we dünýäden bolma!Köne akyldarlarymyz «Töwekgeliň işini Taňry oňarar» diýen pikiri tekrarlaýarlar. Munuň özi ynsanyň Paýhasyň erkine we emrine berilmegini aňladýar. Paýhasyň serişdesi ylymdyr. Ylmy paýhas pelsepe paýhasynyň yzyna düşüp, älemleriň syryna aralaşýar. Dünýäniň syryna ýetmek dünýäni özüňe ýaran etmekdir. Töwekgeliň sypaty şundan ybaratdyr:Dünýäde we durmuşda her ne bolsa, bary töwekgeliň bähbidinedir. Türkmende Bähbit aga atly goja ýaşap geçipdir. Herhili kynçylyk bolanda-da: «Bähbit bolsun!» diýer eken. Onuň şeýle göwnügiňligi birnäçeleriň kejebesini daraldypdyr. Bir gezegem onuň bilen kerwene giden adamlar Bähbit agany synap görmek üçin, gije düşlenende, düýesini boşadyp, çöle kowup goýberipdirler. Irdenem oňa düýesiniň ýitendigini aýdypdyrlar. Ýaşuly: «Bähbit bolsun!» diýipdir. Gozganyp, birnäçe alaňdan geçseler, öňlerinden galtamanlar topary çykypdyr. Olar kerweni talapdyrlar.Adamlar galtamanlardan aman diläp, gara başlaryny halas edipdirler. Ana, şondan soň kerwençiler galanja zatlary bilen ýoluny dowam etdiripdirler. Bir menzilden soň görseler, Bähbit agaň düýesi özlerine tarap gelýärmiş.Töwekgellik menzilinde durup, wagtyň kerwenini bakylyga ugradanynda: «Bähbit bolsun!» diýmegi unutma!

Osman Öde

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir