Soňky döwürde aňkasy aşyp zat ýitirýän köpelipdir ýa-da Hudaý aňsat eklenjiň ýoluna düşen şu maňlaýygaralar aç ölmesin diýip öz jübüsinden bir zatlar eçilip gidip otyr. Ýöne beýdip eçilip otursa, Hudaýam bir gün jüt galar. Käte olaryň gazanjy bir aýlap işe gatnaýan adamyň birki aýlyk gazanjyçarak bolýar. Beýle gazanç barka kim eline pil alar? Kim brigadiriň ony et, muny et diýen sözüni diňlär? Hiç kim! Kertik agalaryň öýüniň öňünde tapaganlar topary — saganalylaryň käbir göripsumagy olary şeýle atlandyran bolýar — her şenbe, ýekşenbe günleri sagat 8,30-da ýygnanyşýarlar. Özler-ä bu topara goşulyp bilenoklar. Ile gülki bolarys öýdýändirler-dä, elbetde. Ýöne Atda tapagam soňky günler tapaganlar toparyny o diýen begendirip baranok, haýsydyr bir içigara göribiň gepine gidýän ýaly, onuň öýünden çykmaýan günleri hem bolaýýar. Işe çykmadyň diýip oňa käýäbem, jeza beribem bolanok. Ýogsam... Eger Atda tapagan öýünden çykmasa — işgärler uzynly gününi haçan Atda tapagan öýünden çykyp ýola düşerkä diýip irikgä garaşyp geçirmeli bolýarlar. Soňky dynç alyş günleri Atda tapagan mazam ýok diýip öýünden çykmady. Tapaganlar toparynyň sabyr käsesi dolup, dökülip Jeýhun deýin derýa döredi. Şonuň üçin olar Atda tapagan bilen aç-açan gürleşmeli diýen karara geldiler. Olarda başga alaç galmandy. Olaram ýaşamaly ahyryn! Atda tapagan öýünden çykmasa — on bäş sany işgäri «aýlyklaryny» wagtynda almasa, olaryň öýünde gopjak harasady düşündirip oturmagyň zerurlygy ýok. Tapaganlar toparynyň karary esasynda Atda tapagan bilen açykdan-açyk gürleşildi. Atda tapagan obadaşlaryny üns berip diňlemeli boldy. Obadaşlarynyň gününe nebsi agyryp, ertir «işe» çykmaga söz berdi. Soňky boş geçen dynç günleriň öwezini dolmak maksady bilen, zadyň köpräk tapyljak ýerine — şähere işe çykmak wadalaşyldy, şol wada boýunça tapaganlar topary bu gün Atda tapagyň öýüne aladaňdanlar ýygnandylar. Olaryň köpüsi begenmekden ýaňa gije ýatmandyrlaram, ymgyr köp zat taparys diýen pikir näzli näzenin kimin uky bermedi olara. Geregem däl. Köp kişiniň elinde birki halta, ganar. «Bu haltalar, bu ganarlar nämä gerek?» diýip sorasaňam: «Atda garaşyp durka aşagymyza taşlap oturmak üçin alaýdyk. Bu haltanam tirsekläp oturmak üçin alaýdyk» diýen bolýarlar. Atda tapagan öýünden bezenip-beslenip çykanda tapaganlar topary ony el çarpyşmalar bilen garşyladylar. — Beýtmeseňizläň — diýip, Atda tapagan tapaganlaryň bu bolşuny ýeňleslik hasaplap gatyrgandy. Onuň gatyrganmasyna üns beren hem bolmady. — Bes ediň-how häzir. Masgara etmäň meni. Görenler näme diýer? Eger aýdanymy etmeseňiz, hiç ýerigem gitjek däl. Alla kessin, ynanaýyň maňa. Duranlar el çarpyşmasynam, şowhunynam kesäýdiler. Atda tapagan «Ýa bismilla rahmana-rahym, özüň kömek et» diýip ýola düşdi. Allatagala, goý, bu umydygär tapaganlara kömek etsin! Galanyny Atda tapagan oňarar! Ondan galanynam — tapylan zatlaram tapaganlar oňarar! Adam pahyryň iň gowşak damary nebsi bolmaly. Allatagala her bendesini ýaradanda nebsinem bilelikde ýaradýarmyş. Ýöne Serwerimiz Atdanyň nebsini bermegi ýadyndan çykarypdyr. Ýa-da nebse derek tarhandökerligi goşalap beripdir. Hana, bu mahal tapaganlar toparynyň baş bermeýän sarç nebsi Atda tapagandan öňe düşüpdi. Köpüň — köp nebsiň içinde Atda tapagy görübem bolanok. Tapaganlaryň niýeti şähere gidýän awtobusyň duralgasyna çenli hem dünýäniň zadyny tapmak, olar löňküldeşip baryşlaryna biri-birinden soraýarlar: — Nirä seredýär? — Häzir-ä sagyna seredip barýar. — Ýaňam sagyna seredip barýar diýdiň-ä. — Ýene sagyna seredip barýar. — Onda hemmäňizem sagyňyza serediň. — Indi çepe seretdi. — Çepe... — Ýok saga! — Eý, meniň-ä gözüm çaşaryp gitdi. — Heý, bir tapan zadyňyz boldum-aý? — Enteg-ä sygryň maçjasy bilen eşegiň tezeginden başga tapan zadymyz ýok. — Maçja-da, tezegem baýlygyň alamaty. Yrymyna ýagşy. Şu gün hemmämiziň işimiz oňar onda. Ajal ýola çykdy diýýärler, ýok, gazanç balagyny alyp ýola çykdy. Tapaganlar Atda tapagyň ýörejek ýoluny — awtobus duralgasyna çenli aralygy eýýäm iki gezek elekläp çykdylar. Atda tapagan yzda galdy. Otuza golaý adam bolsa ala-tozan turzup öňe gitdi. Ilkinji ýoldan tapylan tezek — baýlykdan nyşan. Tapaganlar topary şu gün gaty uly düşewünde tamakin. Düşewünt düşse, bäş-alty çüýşe arak alyp «ýuwmagy» wadalaşdylar. Aragy nireden almalydygy belli edildi. Her bir beýik adamyň kemçiligem boljak eken. Ine, aýlyga daňylyp ýetmiş ýylyny geçiren halkyna Gorbaçýow indi arak içmäň diýýär. Wah, öýdäkiň arak içmäň diýmesem ýeterlik ahyryn. Baş sekretaryň pikiri öýdäkiň pikiri bilen deň çyksa, erkek kişiň işi dik başaşak gaýtjak eken. Baş sekretaram, öýdäkem öz-ä gowusyny etjek bolýarlar. Ýöne içende hasam gowy bolýandygyny, elbetde, olaryň ikisem bilýän däldirler-dä. Erkek bor diýer, etjegi bolsa içindedir. Ýetmiş ýylda näçe gezek aşa düşülip, ögele-ögele öwrenilen keýpem, heý, goýup bolarmy. Wah, janyň ýanyp duransoň aýdaýýan, ýogsam aragam, aragyň gürrüňem işden soň bolmaly. Tapaganlar duralga bardylar, tozan sowuldy. Görseler, Atda tapagan ýok bu jelegaýlarda. — Haý, adamlar, Atda tapagan gelenok-la? — Ýaňy ýeňsämize seredip gelýärdi. — Ah-ow, bir zat tapan bolaýmasyn şol? — diýip, Hemra illew ýola seretdi. Tapaganlar duran-duran ýerinden öwrüläge-de, gyp basdylar.   Hemra illew — altmyş iki ýaşynda. Atda tapagyň kakasy Kertik aganyň hemşerisi. Lopbuş, alkymyndan towguň zigirrigi ýaly et sallanyp duran, geýimi hopul-sopulrak, gabat gelende akyl bermekden biçak lezzet alýan kişi. «Pylana men bir gezek akyl berdim, ana, şondan soň ol ullakan başlyk bolup gitdi» diýip, bir giden obadaşlarynyň adyny tutup, hamala olary döwletlilik, bagt atyna ataryp goýberen dek öwünmegi juda gowy görýär. Işlän ýerinden oňşuksyzlygy sebäpli kowlupdyr. Ilki şofýorlykdan kowlupdyr. Şofýorçylykdan kowlansoň, suwçy bolup işläpdir. Suwçylykdan kowalansoň, garawul bolup işläpdir. Garawulçylykdan kowulmaly bolup durka, dadyna pensiýa ýetipdir. Ähli ýerden eliniň birazajyk egriräkligi üçin kowlupdyr. Ýöne özüni gürletseň, kowuldym diýen gürrüňiň ýigrimi günlügem ýakynyndan baranok. Özüni hakykatçyldygy, eden-etdiligi, ogry-jümrüligi görse, dymmaýandygyny, muny bolsa ýolbaşçylaryň halamaýandygyny, birki gezek syrty açylan ýolbaşçynyň özüni haýdan-haý işden çykarmak üçin ähli pygyllary ulanandygyny şeýle bir dabara bilen gürrüň bermegi halaýar. Bütin ömründe ol işden bu işe kowlan Hemra illewiň indi aýaly bilen oňşugy pes. Öň başlyklarynyň gybatyny edip gününi geçiren Hemra illew indi sähel maý tapsa aýalyndan zeýrenmäge başlaýar. Hemra illew bu gürrüňleri diňe köne endigi boýunça edýär. Hakykatynda bolsa, aýaly görgüliniň adamsynyň toslaýan zatlaryndan habaram ýok. Diňe wezipeli adamlar kowulýandyr öýdüp pensiýa ýaşyna ýeten Hemra illew indi aýalynyň kowmasyndan gorkýar. «Wezipeli adamlaryň kowmasyndan aýalyň kowmasy erbet eken» diýip, öz aýaly hakda, umuman, aýallar hakda joşup-joşup gürlemegi, aýal halkyny tankytlamagy pensiýa çykansoň, esasy, pişeleriniň birine öwürdi. Üç ogly, üç gyzy, on iki agtygy bar. Suwçylygyny taşlap, tapaganlar toparyna ilkinjileriň hatarynda goşuldy. Iki ogly hem şu toparda. Gözi çöňňerägem bolsa, gözi päki ýaly ýaş-ýuşlardan gowy görýär.   Görseler, hälki geçip giden çatryklarynda bir giden adam ýygnanyşypdyr. Bir dördünji ak «Žigulem» dur. Olary görüp, tapaganlar toparynyň haýýaty göçdi. — Atdany maşyn kakandyr... — Eý, Hudaý jan, eklenç çeşmämizi maşynyň aşagyna salmaweri. Näme etseň meni et, ýöne Atageldi jana degme. Men ýaşajak ýaşymy ýaşadym. Meni arkaýyn alaý, Hudaý jan. Ýöne obadaşlarymy çöreksiz goýma — diýip, köpüň içinde ylgap barýan Hemra illew gaty-gaty gygyrdy. Köpüň içinden ogullaryny agtardy. — Kaka, hälki sözüňi ýalandanam-çyndanam aýtma, bizi ýetim goýjak bolma — diýip, onuň uly ogly Ýolbars nägileligini bildirdi. — Gorkma oglum, Hudaýjan sözüme ynanyp, meniň bilen deň bolup durmaz-la. — Ýaşulynyň sözüne ynanman, kimiňkä ynansyn?! — Onyňam-a dogry. Ýöne, oglum, bu tapyrdy-tupurdynyň içinde eşidenem däldir ol. Onsoňam, bir gezek aýdanym bilen janymy alyberjek bolsa, Hudaý bolýarmy ondan. Meni tanaýandyr ol. Öňem birki gezek şeýleräk aýdyp synap gördüm. Hiç zat etmedi. — Ol ogullarynyň elinden berk gysdy. — Ýüregim çaşyp barýar, yza özüm serederin, siz öňe düşüň. Maşyn basan bolsa ol bir zatlar tapandyr. Baryň, ýetişiň, näme tapan bolsa, kakamyňky diýiň. — Maşyn kakandyr. — Göribiň maşynydyr ol. Ony gargyş mamanyň gazabyna tutdurmaly. Şu adamlaryň ahy-nalasy tutar ony. Kimem bolsa, bize nalog tölesin. Iki esse tölediň ol bagty ýatana. — Ol maşyny kakmasa, maşyn ony kakmaz. — Ýok, Atda-ha hiç zadam bolmandyr. — Oh-o, Atdany urýarlar! — Eý, Atdany urýarlar! Hana, hälki ak «Žiguliden» üç sany girdeneje ýigit çykyp, Atdanyň üstüne topuldy. Olar dergazap bolup Atda nämedir bir zady düşündirjek boldular. Ýok, olar uzak düşünişjek bolman, Atdany urmaga başladylar. Bu wagt Atdanyň «işgärlerem» az däl, derrew ara goşuldylar. Üç kişiniň hersini bir tarapa wazyrdadyp goýberdiler. Görgüliler Atdanyň howandarynyň beýle köplügini bilen däldirler-dä, honda atylyp düşen papaklarynyň gumuny kakyp, haýdan-haý jyrmak bilen boldular. Adamlarda gorky-ürkem galmandyr. Üç kişini birleşdirseň, üçüsinden bir Atda çykjak däl welin, şonda-da durşy bilen haýbat-how olar. Atda elini bir salgasa, olam bir atanlykda degip dagy etse, onda üç-dört aý reanimasiýada ýatybam özüne gelip biljek däl olar. Atda bolgusyz iş eden bolmaly! Ýogsam gündiziň güni, iki köçäniň hakyt kesişýän ýerinde gyzyl eňek boljak bolup durmazdylar. — Ýok boluň derrew! Atda barmagyňyzy degirseňiz ataňyzyň adyny ýadyňyzdan çykar ýaly ederin — diýip, Hemra illew hemle urdy. Atda bir zat diýilse, Hemra illew her zat eder. Eklenjiňi üç sany jünnegi sara urduryp bolmaz ahyryn. Ol ýaşlykda şäherde üç-dört ýyl darka-da-darka girip ýaşapdy diýýärler. — «Žigulidäkiler» kim?! — Olar näme üçin Atdanyň üstüne topulýar? — Näme boldy? Bu üç sorag bilen eger-eger gyzyklanan kişi bolmady. Atda, meger, geregi-de şol eken. «Žiguli» gitdi. Üçüň hemle urmasam derrew ýatdan çykdy. Häzir olaryň näme üçin gelendigini, maksatlarynyň nämedigini anyklap durmaga wagt ýok. Magtymguly diýýär-ä. «Bu bir iş wagtydyr, ümsüm oturma». Atda tapagan ýene bir zat tapypdyr. Tapan zadyny galgadyp dur ol bagty ýatan. Töwerek-daşam gyzyl-el. — Meniň sagadym. — Meniňki. — Kakamyňky... — Ejemiňki... Äh-ä, adamyň ýetmiş-segsen ýaşamasynyň sebäbi indi düşnükli. Eger adam adam däl-de, haryt bolan bolsa, onda ol birki ýylyň içinde paýlanylyp tüýdüm-tüýdüm bolardy. Eý, Hudaý, bu dünýä haryt edip däl-de, adam edip indereniň üçin sag bol. Zat bolsaň üstüň gyzyl el. Sen her kime gerek. Adam bolsaň welin, sen hiç kime-de gerek däl! Jübiňe el uzar welin, saňa el uzamaz. Şonuň üçinem harytlara görä adamlar uzak ýaşaýar. Sagadyň eýesi köpeldi. Atdanyň elinden kakyp aldylar sagady. Kimiň alanam belli däl. Hemra illew gelip, sagadyň nähili sagatdygynam görüp bilmän galdy. — Aldyrdyňyzmy? — diýip, ogullaryna närazylygyny bildirdi. — Ejeňizden gorkmadyňyzmy? — Sagat däldigimize şükür! Adamlygymyza şükür! Hemra illew duralga bilen çatrygyň aralygynda ysgyn-deramatdan düşdi. Eger şu mahal düşek bolsa, tapyljak zatlaryň bähbidinden geçip, çiň arkan ýatyp dynç aljak. Arman, köçede saňa düşek hödürläp duran ýok. Şeýdip ylgap ýörse-de, çolpusyna düşen zat ýok. Onsoň ol-a Hemra illew eken, Kertik aganyňam gahary geler, oglunyň yzyndan boş ylgap ýörşüne. Şonuň üçin Hemra illew Atda tapagyň alkymyna dykylyp bardy. — Inim, sende heý jinnek ýaly dagy ynsap barmy? Atda tapagan ýaşulynyň näme diýjek bolýandygyna birbada düşünmän gözlerini petretdi. — Gerekdimi? — Gerekdimi diýip at oýnatma. Seniň şu adamlara rehimiň inenokmy? — Men-ä size düşünýän däldirin, Hemra aga. — Şu adamlar on gün bäri gapyňy saklap otyrlar Atda köçä çykaýarmyka diýip. Çagalar dişiniň suwuny sorup-sorup, diljagazlaryny sakgyja dönderdiler. Şolara nebsiň agyrsyn inim, utanman, bir köne sagat bilen şu giden mähelläni doýurjak bolýaňmy? Bize ownuk-uşak zat gerek däl. Goý sagat tapmaňy. Iki aý bäri yzyňa düşýäs welin, ah-ow seniň döwük-ýenjik sagat tapmakdan başga işiň ýok-la? Çagalarymyzyň, agtyklarymyzyň ellerinde-de ikiden, üçden sagat bar. Indi sagat görsem, aňrym bärime gelýär. Bu näme boldugy? Respublikaň bar sagady biziň köçelerimizden çykyp dur-la? Men seniň kakaň dosty. Şonuň üçin göni ýüzüňe aýtjak. — Aýt, Hemra aga, aýt. Çekinmän göni aýt. Gorbaçýowam hakykaty göni aýdyň diýýär. — Hemra aga dogry aýdýar. Hemra illew öwran-öwran ýuwdunyp, maňlaýynyň derini sylyp ekezlendi: — Inim, bizem iller ýaly çagalarymyzy iýdirmeli, geýindirmeli. Inim han, sen işiňi üýtgedip guramasaň, çagalarymyzam aç ölýär, özümizem. Aç ölsek, günämiz seniň boýnuňadyr. Özem o dünýä ýetmän jogabyny bermeli borsuň! Bil şony! — Nätdiňiz-ä, Hemra aga. — O nähili nätdiňiz bolýar. Hemra agaň enteg-ä hiç zat edenok. Hemra agaň bir zat diýdi gutardygy, aýdany hökman bolar. Sen onuň diýeni bilen bol, şonda abraýyň artar — diýip, topardakylaryň biri Hemra aga meçew berdi. — Dogry, meniň diýenime gulak assaň, döwlet taparsyň. Kakaň ýaşka baryp ýatan şypanady. Bir ýüz gram içerdi-de: «Ýörüň, şähere gyz kowalamaga gideliň» diýerdi. Men onuň bolşuny, dogrusyny aýdýan, halamazdym. Ynanmasaň, özündenem göni sorap göräý. Men oňa «Kertik han, akyllyja bol» diýerdim. Maňlaýyna dört-bäş gezek durmuşyň oklawy tarkyldap degensoň, akylyna aýlanyp: «Bor, Hemra, dogan jan» diýdi. Allanäme, şondan soň uly döwletiň eýesi boldy. Arak içmesini goýdy. — Hemra illew başlan nutugynyň yzyny nädip dowam etdirjegini bilmeýän bolarly, «kärdeşlerine» nazar aýlady. Olaryň hemmesi onuň sözüni makullap, baş atyşyp durlar. — Şäherdäki Alty Öräýewiçi uly başlyk eden kimdir öýdýäň? — Hemra agadan başga hiç kimdirem öýdemok. — Ine, munyň dogry. Seniň üşüklije ýigitdigiňi bilýän-ä men. Altyny adam eden men. Bir gün mekdebi gutaryp, meniň ýanyma geldi. Menden akyl sorady. «Näme etsemkäm indi?» diýdi. Men oňa: «Altyjan, sen okagyn, sende üşük bar» diýdim. Boljak oglan başda belli. Meniň aýdyşym ýalyjak etdi. Okady. Allanäme, başlyk bolup ýör. Tokary adam edip ýola salyp goýberen kimdir öýdýäň? — Siz bolaýmasaňyz, Hemra aga... — Ine, munyňam dogry. Ýöne gürläňde, menden saňa nesihat, hiç wagt gümansyratman gürle. Men onuň göni ýüzüne aýtdym: «Tokar, inijik han, adam boljak bol» diýdim. Şol wagt ýanymdan sesini çykarman gitdi. Ýöne pendimi tutdy. — Hemra aga, ogullaryňa-ha akyl bereňok. Diňe ile akyl berýäň. Käte özüňkilere-de akyl ber-ä. — Heleýimiň gürrüňini haýsyňyz tapdyňyz-aý. Heleýim hem her gün maňa şeý diýip iňirdeýär. Ýöne men dogrymy aýtsam, ineriň tohumynyň bolmaýandygyndan habaryň ýokmy? — Kaka, goýsana. — Ýolbars boz-ýaz boldy. — Dogry aýdýaň, oglum — diýip, Hemra illew ogly bilen derrew ylalaşdy. Sebäp häzir gürrüň bilen gazanç edilmeli wagty ýitirmeli däl. Iş bitirmeli, gazanç etmeli. Şu aýdyň pikiri bilenem Hemra illew Atdanyň alkymyna dykylyp bardy. — Inim, men adama her çatrykda akyl berip ýören kişi däl. Ýöne kakaň hatyrasy üçin men saňa bir akyl bereýin. — Birisini däl, onusyny beriň, Hemra aga. — Ýok, onusyny berjek däl, ýekejesini berjek. Akyl bersem, inim, şeýle: gaty akyllyja bolgun. Ile kömek etjek bolgun. Ile kömek etseň, ilogly bolsaň, tükeniksiz döwlet taparsyň. Şeýtseň döwletem, halkam seniň gadyryňy biler. Seniň gowy häsiýetiň bar. Hatam Taý seni görse: «Bä, menden jomart kişem bar eken-ow» diýip, başyny ýaýkaberer. Hudaý seniň gursagyňa jomartlyk guýupdyr. Jomartlyk saňa Hudaý tarapyn berlen. Maňa hä diýäý. Sen şu jomartlygyň bilen, adamlara ýagşylyk edişiň bilen hökman döwlet taparsyň. Uly iliň söýýän adamy bolarsyň. Seni Hudaý söýýär, Hudaý söýse, bendesiniň edip biljek ýamanlygy bolmaz. Hudaý seniň sahy eliň bilen bize bereket paýlaýar. Senem Hudaýyň bereninden özüňe jinnek ýaly alyp galman, bize paýlaýaň. Seniň abraýyň ýene göteriler enşallasa. — Bä-ä, Hemra agaň akylyndan soň, Atda jan, sen hökman başlyk bolarsyň. — Başlyk bolmak gerek däl maňa... Hemra illew Atdanyň bu sözüne ör-gökden geldi. — Boljak däliň bolmaz. Ynanylsa, edibermeli bolarsyň. Görüň-ä munuň gürrüňini. Näme, sen maňa garşy çykan bolýaňmy? Maňa garşy çykyp kim gowulyk tapypdyr? — Gerek diýseňem, gerek däl diýseňem, Hemra aga akyl berensoň, sen hökman başlyk bolaýmaly. Ynha, görersiň, senem Alty Öräýewiçiňki, Tokar Nepesowiçiňki, Gaýyp başlygyňky ýaly maşyn gatnadar. Atda tapagan günäsiniň üstünde tutulan dek gyzaryp dur. Hiç zat diýibem bilenok. Adamlar ony gürletjegem däller. Gorbaçýowyň öwredişi ýaly, günäsi ýüzüne göni aýdylansoň, Atda tapagan başyny aşak salyp, mytdyldyklap ugrady. Hemra illewiň tankydyndan soň Atda tapagan tapýan zadyny köpeltmeli boldy. Öýünden awtobus duralgasyna çenli — üç ýüz otuz ädim aralykda alty gezek ýitik tapdy. Arifmetiki nukdaýnazaryndan aýdanyňda, Atdanyň her elli bäş ädimine bir tapyndy. Alty tapyndy üçin jemi 18 (on sekiz) gezek «kim ýitirdi?» diýip gaty-gaty gygyrmaly boldy. Oguz han döwründen gelýän ýörelgä görä, kimde-kim ýolda nämedir bir zat tapsa, hasyr-husur jübüsine dykmaly däl-de, tapan zadyny ýokaryk göterip, sesine biraz nazym berip: «Kim pylan zat ýitirdi?» diýip gygyrmaly. Üç gezek gygyranda ýitigiň eýesi tapylmasa, onda soň sorag-ideg edip, onuň eýesini tapjak bolmaly. Tapyp eýesine gowşursaň, uly sogap gazandygyň bolarmyş. Atda-da hemişe sogap gazanjak bolup ylgap ýören goç ýigit.   Aşakda Atda tapagyň üç ýüz otuz ädim aralykda tapan zatlarynyň sanawy: 1. Gapjyk (içi boş). 2. Darak (döwük). 3. Gapjyk (içinde otuz bäş manat bar). 4. Gapjyk (içinde alty sany ýüzlük rubl bar). 5. Darak (reňki gyzyl, täze). 6. Gapjyk (içi açarly, üç ýüz rublly).   Mihail Sergeýewiç Wanga mama ýaly bilgiç bolmaly. Hökman bilgiçdir ol. Ýetmiş ýyllap çem gelen ýere pytradylan zatlary adamlar tapyp, öýüne çekiberseler baýajaklaryny bilipdir ol. Şonuň üçin ol adamlara baýaň diýipdir. Adamlar nä öňkülerinden aýlygy köp alyp baýap ugradylarmy? Olar öňkülerinden köp der döküp baýap ugradylarmy? Ýok, kommunistleriň el degirmesiz saýan depe-depe zatlary lükgeligi bilen her hojalygyň duluna geçdi. Alan-aldy, galan-galdy bolup barýar-how. Ýaşasyn, Gorbaçýow! Sowetler ýurdunyň gazanan baýlyklary ähli halk birki asyrlap garnyny suwa atyp, hiç zat etmän ýatanda-da bol-telki ýaşaryna ýetjek. Mähriban Mihail Sergeýewiç, ine, şuny öz ýanyndan telim ölçerip-döken bolmaly. Baş sekretar, gör, nähili hasap edipdir. Baş sekretar, gör, näme üçin halkyna baýaň diýipdir. Hasaplap, ýedi ölçäp, ýok, müň ölçäp, bir kesipdir ol. Jaý kesipdir. Ol halka ýagşylyk etdi. Halkam oňa sen gerek däl diýdi. Ol halka ýagşylyk etdi, almytyny aldy. Taryh gaýtalandy: Gorbaçýow Isa pygamberiň gününe düşdi. Isa pygamberem ömrüni halka bagyşlady. Hassany bejerdi, batylyň gözüni açdy, ýalaňaja don berdi. Halkam ony dardan asdy. Öldürdi. Gorbaçýowy dardan asmadylar. Ýöne bu zamanda ýolbaşçylar wezipesinden sypsalar, dardan asylma bilen, ölüm bilen deň hasaplaýarlar. Atda görgüli ile ýaranjak bolýar. Tapanjasyny ile paýlaýar. Käte aýlygynam ile berýär. Ýöne «işgärleri» ondan närazy. Ata-enesiniň, doganlarynyň närazylyg-a hasam çökder. Ine, «işgärleri» oňa sendenem bir tapagan bolarmy diýýän dek närazylyk bilen seredip durlar. Ýogsam, ine, on-on bäş minudyň içinde tapan zady az däl-ä! Nämemiş, Atda tapagan sagat tapanda ylgap gaýdan adamlar dünýäni unudyp, şol zatlary gaçyranmyşlar. Gaçyrylan zatlar hak eýelerine gowşuryldy. Özleri ýitirip, özlerem tapýar. Ýok, olaryň ýitirenini Atda tapagan tapyp berýär. Adamlar gyltyma çapýar, öňde ymgyr baýlyk bardyp öýdüp, egnindäki barja zadynam zyňyp, öňe topulýarlar. Adam atadan bäri onuň neberesi öňden, uzakdan hantama. Palawdan doly çanagyny taşlap, Adam atanyň nebereleri öňe ylgaýar. Öňde bulamak ýa bar, ýa ýok. Bary bir ylgalýar. Atda üçin bir zat tapylsa-da kyn, tapylmasa-da. Tapylmasa-ha hiç zat tapaňok, çagalarymyz aç otyr diýip onuň al-petinden alýarlar. Bir zat tapylsa bolsa, Atdany unudyp, paýlaşyp bilmän heläk bolýarlar. Atda zadyny görkezip: «Kim ýitirdi?» diýip soraýar. Birbada oňa kyrk ýerden: «Men ýitirdim-de, men ýitirdim» diýşip jogap berýärler. Kim ilki meniňki diýse, şoňa hem berýär. Ana, şondan soň başlanýar bir dawa. Edil ýumruklaşmakdan hem gaýtmaýarlar. Başlanýar bir dawa, başlanýar bir goh. Eý, Hudaý! Ömür biri-birine ajy söz aýtmajaga meňzeýän ýaşy durugşan kişilerem paýyşdan-paýyş sözleri biri-biriniň üstüne eňterip täze tapyndyny aljak bolýar, ylalaşyp bilmän, girýärler gyzyl ýumruga. Onsoň, olary ylalaşdyrmak görgi bolýar. «Belanyň körügi sen» diýip, käte janyýananlar onuň üstüne-de eňýärler. Wah, käte däl-le. Atda, köplenç, günäkär bolýar. Birek-birek bilen gyzyl ýumruga girenler Atdany günäkärläp köşeşýärler. «Meniň işim tapmak, tapan zadyňyza eýe çykmak öz işiňiz» diýip, Atda özüni goraýar. Ýöne onuň sözüne pitiwa edýän ýok. Tapaganlar topary öz aralarynda «komissiýa» döretdiler. Atdanyň tapan zadyna eýe çykmak üçin ekzamenden geçmeli. Komissiýanyň ekzamen alşyna Atda heziller edip tomaşa edýär. Ekzameniň üç soragy bar. Şol üç soraga jogap berip bilmezlik hiç kime-de nesip etmesin! Hemra illewe-hä hijem nesip etmesin! Ýöne Hemra illewe nesip etdi. Ine, komissiýanyň birinji soragy: — Gapjygy haçan we nirede ýitirdiň? Hemra illew: — Awtobus duralgasyndan seniň sagat tapan ýeriňe eňip gaýdamda gaçyrdym. Ähli kişi ylgady. Wah, meniň Atda jana bir zat bolandyr öýdüp gara janym galmady. Hudaý jan, oňa bir hiç zat bolmasyn. Ýogsa Kertigiň ýanynda men ýüzügara bolaryn. Atdanyň garamaty meniň boýnuma ahyryn — diýip, Atda ýüzlendi. — Ylgap, ähli iç-goşum dökülip galdymyka öýdüpdirin. Gelnejeň gaýradaka yzyndan baranymy gören gaýynatam eli kepjeli yzymdan kowalanda-da şumatky ýaly ylgan däldirin. Sen bizi ylgap ýören sportsmene öwürýäň basym. Bar gaçan gapjyk eken, şoňa-da şükür. Ýöne bilen bolsam, öz gapjygym üçin-ä şeýdip ylgamazdym. Seniň niýetiň bizden sportsmen ýasamak bolaýmasyn. Ýalňyşma, inim, menden-ä hiç zat ýasap bilmersiň. Ýasasa, gelnejeň ýasardy — diýdi. — Beýdip ylgamalam däl ekeniňiz, jan agam. Atdanyň bu sözüne birazajyk demini dürsän Hemra illewiň jany ýandy. Başky sapaýyçylygy ýatdan çykan bolarly: — Ylgamasam, Hemra agam alsyn diýip öňüme gapjyk oklajak bolup durmuň? Komissiýa ýa birinji soragyna jogapdan kanagatlandy, ýa-da ýadady, ikinji soragyna geçdi: — Ýitiren gapjygyň reňkini aýdyň. Hemra illew: — O gapjykda könelikden ýaňa reňk galmadyk bolmaly — diýdi. — Dogry, reňk galmandyr. — Dogry diýmäňiz näme? Dogry bolman, nä şu ýaşda sakgalymyň agy bilen seni aldar öýtdüňmi? Komissiýanyň üçünji — iň soňky soragy: — Gapjygyň içinde näçe manat bardy? Hemra illew: — Aý, oglanlar, onda üýtgeşik pul näme işlesin — diýip ýüzüniň derini süpürdi. — Boşdumy? — Boş-a däldir. Azda-kände bardy öz-ä. — Näçe bardy? Hemra aga, siz maňa azda-kände bardy diýmäň-de, açyk aýdyň. — Haý, oglanlar, keýpine ekzamen tabşyryp oturmaly ýigitler siz. Mugallym dagy bolan bolsaňyz, okuwçylaryňyzy bagyrdadybirdiňiz. Ekzamenden bir zat gören ýeriňiz bolmaly siziň. Ekzameniň üçünji soragyna anyk jogap tapmadyk Hemra aga gara dere batdy. Işläb-ä däl, sebäp Hemra illew maňlaýyny derledip işlejek, işlän adam däl, çaý içibem şonça derlemese gerek. Ol delalat gözläp ogullaryna seretdi. Uly ogly Ýolbars bir gyzardy, bir agardy. Titir-titir etdi. — Men, oglanlar, şu ömrüme, Hudaýa şükür, gapjygymdaky pulumy sanan kişi däl. Hiç wagt sanap pul sowran adam däl. Çagalarym pul gerek diýse-de, gapjygymdan penjeläp, elime ilenini berip goýberýän. Şeýleräk adam men. Gelnejeňden başga biziň öýde pul sanaýan ýok. Aýalym mydama gapjygymy barlap dur. Gapjykdaky pulum azalyberdigi derrew pensiýa puluny gapjygyma menden ogryn salyp goýar. «Erkek kişiniň gapjygy mydama puldan doly bolmalydyr» diýýär. Bir döwletmen adam-a onuň aňyna şeýle döwletmen pikiri guýupdyr. — Näme, özüňizi Beýtsdirin öýdýäňizmi? Pulumyň sanyny bilemok diýseňiz, Hemra aga, men-ä size ynanyp biljek däl. — Üç ýüz manat töweregi-hä bolmaly. Indi ýadyma düşdi. Üç-dört aýky ýygnan pulum bolmaly. — Onça pul ýok. Onda bu gapjyk siziňki däl, Hemra aga. — Infarkt etmejek bolsaňyz, «Bu gapjyk siziňki däl» diýmäň. Häzir ganyma galarsyňyz meniň. Soň men direlmerin. Men gapjygymy tanaýan ahyryn. — Içindäki puly bileňzog-a. — Aýtdym-a üç ýüz töweregi diýip. — Gapjygyň içinde bir ýüz ýigrimi üç manat bar. — Onda ýüz ýigrimi üç manat galaýdymyka? Dogry, dogry, ýüz ýigrimi üç manat bolmaly. Indi ýadyma düşdi. Kempirime süýji-püýji alaý diýip beripdim. Mende huş barmy näme? — diýip, Hemra illew mydyrdady. — Atdanyň kakasyny adam etjek bolup huş galmady mende. Öň gaty ýatkeşdim. Köpeltmek tablisany doly ýatdan bilýädim. Atdanyň kakasy kolhozyň baş buhgalteri bolansoň, kynrak bir hasap bolsa, gelip menden sorap giderdi. Şoň üçin käbir aýlygyny başybitin maňa bererdi. Kertikden sorap görüň: «Kimiň hasabyna pensiýa ýaşyna çenli buhgalter bolup oturdyň?» diýip. Özi aýdar: «Hemra goňşym bolmadyk bolsa, bir aýam işläp bilmezdim» diýip. Mendeleýew diýen bir ors alymy bar diýýärler. Arada bilýän kişiler aýtdy, şonuň käbir açyşlary menden ogurlyk bolmaly. Ýolbars penjeginden bir penje pul çykardy-da, «komissiýa» uzatdy. — Bu näme? — Gapjyga salsaň, kakamyň diýen puly bolar. — Sen ondan haçan alypdyň? — diýip, Hemra illew oglunyň üstüne sürünen boldy. — Kaka, gerek boldy-da alaýdym. — O nähili gerek boldy-da alaýdym bolýar. Gerek bolsa, birugsat jübime giribermelimi? Maňa Rokfelleriň bar baýlygy gerek. Maňa dünýäniň gylla ýarysy gerek. Görüp dursuň, gerek eken diýip men hiç kimiň gapjygyna giremog-a. — Ynha, yzyna gaýtarýan-a, biljegem däl ekeniň. — Ogullarym çilen bolaýmasyn diýip, men indi haýsy jübimiň puluny sanap çykaýyn. — Sen pullaňňy, köplenç, ýitirýäň-ä, kaka. Ine, alan pulumyň ýekeje manadynam sowmandym. Sowan bolsam, komissiýaň bu oglanlary hökman ynanmazdy. — Ýolbars kakasyny halas etmek üçin tapan çykalgasyna monça boldy: ýüz ýigrimi üç manat bilen köne gapjyk gazanan Hemra illew hem monça boldy. Ýüz ýigrimi üç manat men-men diýen gullukçynyň aýlygy ahyryn! Ýöne ogluna şübhe bilen seretdi. Ýolbarsy bir çete çekip, pyşyrdap sorady. — Sen meniň pulumy haçan alypdyň? — Jübiňde, heý, ýüz manadyň duran wagty boldumy seniň, kaka? Seniň jübiň mydama bilbiliň ketegi ýaly boş ahyryn. — Sen, oglum, maňa ejeň gürrüňini gaýtalama. Men-ä indi öýe gaýtjak. Täze eýe tapylmanka öýe aşaýyn. Bu adamlarda ynsap ýok, hälki gapjyk meňki bolmaly diýip ters dawa etjegem tapylar. Baranymdan şu gapjygy otlajak. Jübiňden gaçýan gapjyk hürri ogul ýaly bir zatdyr.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir