Kriştiano Ronaldo 1985-nji ýylyň 5-nji fewralynda Funçal Madeiroda eneden bolýar. Ol Doloris Dos Santos we Hose Denis Aweironyň in kiçi çagasydyr.

Doly ady Kriştiano Ronaldo dos Santos bolup, Ronaldo onuň ikinji adydyr. Kakasy Ronald Reganyň muşdagy bolany üçin oňa şol ady dakypdyr. Onuň Hugo atly agasy hem-de Katio we Elma atly aýal doganlary bar. Kakasy alkogol zerarly 2005-nji ýylda aradan çykýar. Ronaldonyň asly marokkolydyr.

Ronaldonyň gowy görýän tagamlary Meksika we Hindi naharlary bolup, iň halaýan reňkleri ak bilen gyzyldyr. Iň gowy görýän filmi 1996-njy ýylda düşürilen «The Roch» atly filmdir. Näme üçin «7» belgili köýnegi geýýändigi baradaky soraga ýyldyz oýunçy bu belginin özüne şowlulyk getirýändigini aýdýar. Onuň görelde alýan oýunçysy Luiş Figodyr. Ronaldo çilim çekmeýär, elinde içi şerapdan doly bulgury saklap düşen suratlaryna köp duş gelensiňiz, emma ol asla içmeýär.

Sebabi onuň kakasy bu meselede kän kösenipdi. Ronaldo çuňňur bolmasa-da dindar bolup, başga dinlere-de juda uly hormat goýýar. Munuň şeýledigine Mesut Öziliň şu sözleri şaýatlyk edýär. «Ronaldo meniň gowy dostum, aýratyn hem ol meniň dinime hormat goýýar, Gurhan okaýan wagtym munuň şeýledigini ol aýdyň görkezýär we oňa Gurhany diňlemek diýseň ýaraýar».

Ronaldonyň haýyr-sogap işlerini köp edýändigini bilmeýän adam ýokdur. Indoneziyada bolup geçen ýertitremeden soň Indoneziya baryp gaýtdy hem-de olara kän kömek etdi. Ýaňy ýakynda bolsa rak keseli bilen näsaglan on aýlyk çaganyň hemme hassahana çykdajylaryny töledi. Gazanan «altyn aýakgabyny» aksiýada satyp jemlenen pul bilen Palestinadaky çagalara pul kömegini etdi.

Albert Fantaru bilen Ronaldo U-18 çempionatynda bile çykyş edýärkä, bir gün «Sporting Lizbonyň» tälimçileri bu iki ýaş zehini synlamak üçin gelipdirler. Emma Sportingiň emeldarlary oýunçylaryň diňe birini özleri bilen Lissabona äkidip bilýändigni aýdyp, olara şeýle diýipdirler «Şu oýunda kim tapawutlanyp bilse, biz ony özümiz bilen äkidip bileris». Oýun başlanýar, Ronaldo gol salýar.

Az wagtdan bolsa Fantrau ikinji goly geçirýär. Emma üçünji goluň bu iki zehiniň durmuşyny üytgetjekdigini ol wagt hiç kim bilmeýär. Derwezeban bilen ikiçäk galan Fantrau derwezebany aldap geçýär, emma çala depse gol bolýan topy öz golaýynda duran Ronaldo berýär.

Şeýlelikde Kriştiano ýene-de tapawutlanýar. Oýun gutarandan soň Ronaldo ýoldaşyndan näme üçin beýle hereket edendigini soranda, Fantrau «Sen muňa has mynasyp» diýip täsin hem adalatly jogap berýär. Bu hekaýany Ronaldonyň öz dilinden eşiden metbugat işgärleri Fantrauny gözläp tapýarlar-da, bu waka barada soraýarlar.

Fantrau «Elbetde bu waka dogry. Ol dünýäniň iň gowy futbolçysy boldy, a men bolsa galdym, ýöne meniň lýuks maşynym, örän owadan jaýym, maşgalada gabat gelip biljek ähli kynçylyklary ýeňip geçer ýaly pulum bar. Şunça baýlygy maňa kim berendir öýdýäňiz?! Elbetde, Kriştiano Ronaldo».

Çeşme: nexttm.com

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir