Ösen döwletlerde iýilmän galyp zibile atylýan çörek önümleri, geçirilen barlaglara görä dünýädäki açlykdan ölýän adamlaryň 15 essesinden köp adama ýetjek mukdardadyr.

***

2008-nji ýylda dünýä belli “Mc Donalds” tiz tagamlary taýýarlaýan kärhana “double chees” diýip atlandyrylýan burgerlerine iki dilim peýnir goýmagy bes edip, bir dilim peýnir goýmak bilen, 6 857 000 $ peýda gazandylar.

***

Dünýäniň iň uzyn tüneli Alp daglarynyň aşagyndan geçip, Şweýsariýany Italiýa döwletine birikdirýän tüneldir. Bu tünel 17 ýylda gurulypdyr.

***

Islandiýa döwleti dünýäde çybynlaryň ýaşamaýan ýek-täk ülkesidir.

***

Elinde pul saklaýan ýa-da başga biriniň puluny sanaýan adamyň az wagtlygam bolsa alada-gaýgysy azalýar.

***

Uran planetasynda 1 ýyl, biziň dünýämiziň 84 ýylyna deňdir. Her pasyl 21 ýyllap dowam edýär. Bu planetanyň bir ýylynda 42 ýyllap gije-gündiz çalyşygy bolýar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir