Ýaponiýanyň robot öndürýän kärhanalarynyň biri bolan Honda kompaniýasy öz önümlerini “3E robotic konseption” ady bilen ABŞ-niň Las Wegas şäherinde geçirilen tehnologiýa sergisinde halka hödürlän gününden bäri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bu robotlar beýleki robotlardan tapawutlylykda hereketiniň köp bolmagyny esas alynyp, adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmäge gönükdirilýär.

3E robotlaryny tapawutladyryan esasy aýratynlyk olaryň daş görnüşleridir. Olaryň eýjejik we jana ýakyn gurluşy adamlaryň ünsüni özüne çekýär.

Bu toparyň ilkinji agzasy “3E-A18” ady bilen tanalyar. Ol sosiýal gatnaşygy we arabaglanşygy ösdürmek üçin ýüz keşbini üýtgedip size gowy bir dost hökmünde hyzmat edýär.

Toparyň ikinji agzasy bolan “3E-B18” bolsa içerde ya-da daşarda rahat ulanylmasy üçin oturgyç görnüşinde ýasalandyr. Ol adamlara hereket etmek üçin niýetlenen ulag hökmünde hyzmat edýär.

“3E-C18” roboty guta meňzeş gurluşy bardyr. Ol bize zatlarymyzy daşamakda kömek edýär.

Toparyň iň soňky agzasy bolsa “3E-D18-dir”. Ol ýokary tehnologiýa we emeli aň-düşünjä eýe bolan üsti açyk ulagdyr.

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir