Partlaýan petardalaryň sesi diňe bir ilatyň asudalygyny bozman, eýsem çagalaryň saglygyna-da zyýan ýetirýär


Türkmenistana petardalary getirmegiň we ony satmagyň gadagandygyna garamazdan, käbir raýatlar olary ýasamak we satmak bilen gazanç etmek isleýärler. Her ýyl Täze ýylyň golaýlamagy bilen petardalar hem-ä ilaty biynjalyk edýar, hem-de çagalaryň saglygyna zyýan ýetirýär. Ene-atalaryň aglabasy biagyrlyk edip, çagalara şikes ýetirip biljek howply pursatlaryň öňüni almaýarlar. Bu bolsa baýramçylygyň öň ýanynda çagalaryň şikes alyp ýa bir ýerini ýakyp hassahana düşmegine getirmegi mümkin. Sebäbi bu “oýnawaçlaryň” çaganyň elinde wagty partlaýan pursatlaram seýrek bolmaýar.

Içeri işler ministrliginiň bölümleri tarapyndan petardalary ýaýradýanlara, bikanun ýol bilen getirip ýaýradylan pirotehniki “oýnawaçlary” oýnaýanlara garşy göreş yglan edildi. Bu işde olar jemgyýetçilik ýerlerinde goýlan uly bir tory emele getirýän wideokameralaryň, adatdan daşary çasly çykýan sesleri saýgarýan enjamlaryň kömeginden peýdalanýarlar. Ol enjamlary jemgyýetçilik ýerlerinde-de, buky ýerlerde-de goýmak bilen düzgüni bozýanlary ýüze çykarýarlar.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda we welaýatlarda pirotehniki enjamlary oýnaýanlary ýüze çykarmak boýunça gaýrygoýulmasyz çäreler durmuşa geçirilýär. Ýerli polisiýa bölümlerinde ykjam toparlar döredilip, olar düzgüni bozýanlary ýüze çykarmak we olara çäre görmek bilen meşgullanýarlar.

Hormatly okyjy, pirotehniki enjamlary ýasamakdan, satmakdan, satyn almakdan öňürti baýramçylygy şikes alyp, hassahanada ýa-da olary bikanun ýaýradyp, polisiýa bölüminde däl-de, öz maşgalaňyzyň arasynda garşylamak hakynda oýlansaňyz ýerlikli bolar!

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir