Muhammet pygamber hakynda

Türkmenleriñ we şol bir wagtyñ özünde dünýä halklarynyñ kämil ynanç-ygtykady bolan Yslam dinini, Allatagaladan wahy hökmünde getiren Gurhany Kerimini ýol görkeziji hökmünde bize goýup giden pygamberleriñ iñ soñkusy bolan Muhammet aleýhyssalamyñ ömür beýany hakda makala ýazmagy köpden bäri niýet edinip gelýärdim.
Dünýäni söýgüsi bilen gaplap alan nurana Muhammet aleýhyssalam kimdi, nähili adamdy, nähili şahsyýetdi? Geliñ bu barada okap-öwreneliñ. Sebäbi okamakda, bilmekde biziñ, pygamberimiz hakdaky maglumatlary öwrenmekde sogap bar ㅡ diýilýär.
Muhammet aleýhyssalam miladynyñ 570-nji ýylynda Arap ýarym adasynyñ Mekge şäherinde dünýä inip 632-nji ýylyñ 8-nji iýunynda Medine şäherinde dünýeden ötýär.
Ilki bilen Muhammet aleýhyssalamyñ nesil daragty hakda bilmekde peýda bardyr.
Muhammet aleýhyssalam Ybraýym pygamberiñ uly ogly Ysmaýyl pygamberiñ neslinden bolup Adnanylar kowmundan, Kureýş kabylasynyñ Haşymogullary maşgalasyndan kemala gelýär.
Ýer ýüzüne ilkinji bolup gadam basan, adamogullarynyñ atasy Adam atadan başlap nesilden-nesle geçip gelen ylahy nur Muhammet aleýhyssalamyñ alnynda yşyk saçyp durupdyr.
Muhammet aleýhyssalamyñ şejeresi şeýleräk görnüşde yslam çeşmelerinde ýazylyp galdyrylypdyr: 1. Adnan ㅡ 2. Maad ㅡ Nyzar ㅡ Mudar ㅡ Ylýas ㅡ Mudrike (Emir) ㅡ Huzeýme ㅡ Kynane ㅡ Nazr ㅡ Mälik ㅡ Fihr ㅡ Galib ㅡ Lueýý ㅡ Kab ㅡ Murre ㅡ Kylab ㅡ Kusaýý ㅡ Menaf (Mugire) ㅡAbdymenaf (Mugyre) ㅡ Haşym ㅡ Abdylmuttalyp (Şeýbe) ㅡ Abdylla hem onuñ kakasy bolupdyr. Muhammet aleýhyssalamyñ özüniñ aýtmagyna görä öz asyl şejeresiniñ Ybraýym pygamberden gelendigini aýdýar eken. Ol: ''Alla Ybraýymogullaryndan Ysmaýyly, Ysmaýylogullaryndan, Kynanogullaryny, Kynanogullaryndan Kureýşi, Kureýşden Beni Haşymy, Beni Haşymdan bolsa meni saýlap-seçendir'' diýipdir.
Muhammet pygamberiñ dogulan ýyly hakynda iki sany esasy salgylar bar. Käbir çeşmelerde 570-nji ýylda, käbir çeşmelerde bolsa 571-nji ýylynda Arap ýarym adasynyñ Mekge şäherinde eneden dogulypdyr. Esasy zat onuñ şol ýyllarda dünýä gelendigini bilmekden ybarat. Dünýä gelmänkä kakasyny, alty ýaşynda bolsa ejesinden aýra düşen geljegiñ pygamberi bolan Muhammet aleýhyssalam agasy Abu Talybyñ garamagynda bolupdyr.
Muhammet aleýhyssalamyñ dogulan ýyly hakyndaky bellenen çeşmelere üns bermekde peýda bardyr. Onuñ doglan ýyly araplarda Pil ýyly hökmünde bellenilipdir.
Hindistanly musulman din alymy Muhammet Hamydulla pygamberimiz Muhammet aleýhyssalamyñ doglan ýylynyñ Rebigylowwal aýynyñ 17-sine (569-njy ýylyñ 17 iýu aýy) bolandygyny ýazsa müsürli astronom alymy Mahmyt paşşa el-peleki Rebigylowwal aýynyñ 9-y (571-nji ýylyñ 20-nji aprelinde) diýip hasaplapdyr.
Beaumont Burnaby Şerrard Mahmyt paşşa el pelekiniñ hasaplamalaryndaky käbir ýalñyşlyklary orta çykarypdyr. Lawrens Konrad I (1987) bolsa 570-nji ýyly hasaplap çykarypdyr.
Bulara garamazdan yslam çeşmeleri Muhammet pygamberiñ miladydan soñ 571-nji ýylda ''Pil wakasynyñ'' bolandygyny we Rebigylowwal aýynyñ 12-sine (20-nji Aprel) 1-nji güni (Baş gün) gijesi, ýagny araplaryñ ýyl hasaby edip ulanan ''Pil wakasyndan'' 52 gün soñra dünýä gelendigini habar berýärler. Muhammetşynas we Yslamyñ taryhyny ýazanlar Pygamberimiziñ Rebigylowwal aýynyñ birinji gününde daña ýakyn aralykdaky gijede bolandygyny aýtsalarda şol aýyñ näçesine bolandygy hakda bir karara gelip bilmändirler.
Kakasy Abdylla bin Abdylmuttalyp bolup, ejesi Hazrej kabylasyndan Nennajelerden Wehp bin Abdylmenafyñ gyzy Äminedir.
Muhammet dogulmanka kakasy dünýeden ötüpdir. Ony Abdylmuttalyp öz hemaýatynda saklady.
Muhammet şol wagtlarda Mekgede ýaşaýan Beni Sad kabylasyndan Halyma atly bir zenana berilýär. Muhammedi ondan öñ agasy Abdyluzzanyñ gyrnagy Suweýbe emdirdi.
Muhammet dört ýaşyna çenli ejesi Ämineniñ ýanyndaky süýt emdiren kenizi Halymanyñ ýanynda galdy, soñra bolsa Mekgä, ejesiniñ ýanyna dolanyp bardy.
Dört ýaşyndan alty ýaşyna çenli, öz ejesi Ämine bilen birlikde ýaşady, onuñ mähir-muhabbeti bilen ulaldy.
Alty ýaşyndaka ejesi Ämine we oña seredýän Ummi Eýmen bilen birlikde kakasynyñ gabryny görmek üçin Medinä gitdi.
Medinede garyndaşlary Nejjarogullarynda bir aýlap bolanyndan soñ Mekgä gidýän ýoldaky Ebwa ulaşanynda ejesi dünýeden ötdi we şol ýerde topraga berildi. Kenizler Ummi Eýmen Muhammedi Mekgä getirip atasy Abdylmuttalyba amanat etdi. Alty ýaşyndan sekiz ýaşyna çenli oña atasy seretdi. Abdylmuttalyp indi garrapdy, segsen ýaşy arka atan adamdy. Muhammet sekiz ýaşyndaka atasy hem öldi. Ölmezinden öñ Abdylmuttalyp agtygy Muhammedi, öz ogly Ebu Talyba amanat galdyrdy.
Muhammet pygamberliginden öñ Nur dagyndaky Hyra gowagyna çekilip Mekgeden uzaklaşdy. Rowaýatlara görä Muhammet dokuz ýaşyndaka agasy söwda etmek üçin Siriýa gidende ony hem ýanyna aldy. Şol ýolagçylykda Busrada Bahira atly hristiýan ruhany onuñ pygamberdigini agasyna habar beripdi.
Muhammet on ýedi ýaşyndaka agasy Zubeýr bin Abdylmuttalyp bilen Ýemene gitdi. Bu ýolçulykda Muhammet dünýägaraýşy, akyl-düşünjeleri giñelipdi. Aýratynam agalary bilen birlikde Kureýş we Kaýs kabylalary arasyndaky Fijar söweşine goşuldy. Söwda-satyga bolan ünsi ýokarydy. Söwda bilen meşgullanýan wagtlary Hatyja bilen tanyş boldy.
Muhammet ýaşlykda töweregindäkileriñ haýsy dine uýup, haýsy buta çokunýandygyna üns bermeýärdi. Şonuñ üçin özem olara ynananokdy. Butlara çokunanokdy.
Kurany kerimde: ''Şeýle bolsa ilki, kitap näme, iman näme sen bilmezdiñ'' (Şura süresiniñ 52-nji aýaty) ''Alla seni haýran galdyryp hydaýata gowuşdyrmadymy?'' (Duha süresiniñ 7-nji aýaty) diýen aýatlarda Allatagala Muhammet pygamberiñ Yslamdan öñki ýagdaýlaryny düşündirýär.
Şeýlelikde ýetimlikde önüp-ösen Muhammede Abu Talyp ''hossarsyz'' diýdirmändir. Çagalyk ýyllarynda çopanlyk edip, söwdegärlik edipdir. Muhammet aleýhyssalam ýigrimi bäş ýaşyna ýetende ýigit çykyp kyrk ýaşly dul aýala ýagny, söwdegär wagty bile tanyşan Hatyja atly zenana öýlendi. Kä wagtlar gijelerine daglaryñ birindäki gowaga baryp doga etmesi bardy.
Kyrk ýaşyna baranda bir gün gowakda Allanyñ perişdesi Jebraýyl aleýhyssalam gelip Muhammet aleýhyssalama wahy getirdi. Şondan üç ýyl soñra ''Yslam'' atly dini ýaýmaga başlady. Allanyñ birdigini özüniñem onuñ ilçisidigini we resulydygyny ykrar etdirip töweregine jemlenenleri dine saldy. Özünden öñki geçen pygamberleriñ ganyndan gelendigini aýdar eken.
Ilki başda özüne az sanly adamlar musulman bolup Yslam dinine giripdirler. Onuñ garşydaşlary önüp-ösen şäheri bolan Mekgede oña gün bermediler. 622-nji ýylda Medinä göçmezden öñ öz ýoldaşlarynyñ käbirini Hebeşistana ugratdy. Medinä hijret eden wagty, ýagny göçüp baran wagty Hijri ýyl hasaby ýöredilip başlanypdyr.
Muhammet Medinede wagty Mekgedäki garşydaş kabylalar bilen sekiz ýyllap söweş alyp bardy. Şol söweşlerden soñra Allanyñ dini yslam dinine uýanlaryñ sany 10. 000-e ýetdi. Mekgäniñ çar tarapyndan giren yslam goşuny bilen birlikde pygamberimiz Muhammet aleýhyssalam söweşsiz-uruşsyz Mekgä baryp gowuşdy. Şol bara-barmana hem Mekgedäki gury ynanylýan butlary ýykyşdyrdy we has soñra özüne eýerenleri gündogar Arabystanda hem ynanylýan putlary ýykdyrmak üçin ýollady.
632-nji ýylda wada eden hajyndan soñ Medinä döndi. Şondan bir iki aý geçeninden soñ syrkawlady we dünýeden ötdi.
Dünýeden ötýänçä Arap ýarymadasynyñ köp bölegi musulman boldy. Şol geçen ömrüniñ içinde Arabystany hem bir döwlete birikdiripdi.



Peşeñ ogly Afrasyýap

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir