Eger-de siz öz islegiňiz boýunça we çalt ýatyp bilmeýän bolsaňyz – bu ýagdaýy sazlamak gerek. Iň gowusy haýsy hem bolsa bir düzgünde saklanmaly, şonda somnologlaryň berýän bu maslahatlaryny ýerine ýetirmek aňsat bolar.
Günortan
1.Şu günlükçe iň soňky kofe! Kofein – ukynyň “duşmany”, muny hemmeler bilýär, ýöne ýatda saklaýan az. Şonuň üçin günortan çaşka kapuçino içdiňizmi – ertire çenli şol ýeterlik.
Ýatmaga iki sagat galanda
2.Ýatýan ýeriňizde dynç almaň. Ýatylýan ýerde telewizor görmek ýa-da ýassykda ýatyp okamak ukyňy gowy almazlyga täsir edýär.
3.Telewizoryň ýa-da aýdymyň sesini peseldiň. Şonda uka girişmek ýeňil bolar.
4.Esasy ýagtylygyň deregine diwar çyrany ýakyň. Ýagtylyk – kadaly uky üçin iň möhüm bölekdir. Şonuň üçin gaty ýagtyltmaýan sary çyralar ýagty ak çyralardan has amatly bolar.
5.Ekranyň ýagtylygyny peseldiň. Telefon, kompýuter, telewizor – bularyň ählisi gök tolkunly ak ýagtylygy berýär we siziň gözüňizdäki reseptor bu şöhlelere garşy durup bilmeýär. Şeýlelik bilen siziň beýniňiz köşeşmegiň we dynç almak üçin taýýarlanmagyň deregine hemişe “nobatçylyk” edýär.
6.Şu günlükçe mundan artyk ajy ýa-da süýji iýmiti iýmäň. Burç ýürek urgyňyzy ýokarlandyrar, şeker bolsa energiýaňyzy artdyrar, bu bolsa size gije gerek däl. Iň gowusy ukudan öň asyl kän iýmäň.
Ýatmaga bir sagat galanda
7.Gajetleri öçüriň. Köp adamlar ýatmazyňdan öň telefon ulanmagyň uka zyýany ýok diýip hasaplaýarlar, ýöne bu beýle däl. Beýniniň ünsi sowulýar, gözümiz bolsa ekranyň ýagtysynyň öňüni tutýar, çünki biz gajetleri ýüzümize gaty ýakyn tutýarys.
8. Iş poçtasyna jogap bermäň. Bu (hem-de ertirki işler baradaky pikir) ukyň pozulmagyna täsir edýär.
9.Gyzdyryjy enjamlaryň kuwwatlylygyny peseldiň. Otagyň içindäki ýeňiljek sowuk howa – organizme ýatmagyň wagtydygyny bildirýän signaldyr. Otag sowujak we garaňky, fortoçka hem açyk bolsa has gowy.
10. Suwuklyk içmäň. Eger-de siz gaty suwsaýan bolsaňyz, onda içiň. Ýöne ýatmaga bir sagat galanda suw, esasanam, çaý içmek maslahat berilmeýär.
11. Okaň, aýdym diňläň, gürleşiň. Özüňizi rahatlandyrjak zatlar bilen meşgullanyň, esasy zat olar ekran talap ediji bolmasyn.
Ýatmaga ýarym sagat galanda
12. Suwa düşüň. Gije bedeniň temperaturasy birneme peselýär, eger-de ýyly suwa girseňiz, suw sowujak täsir bilen deriden bugaryp gider.
Ýatmagyň öň ýanynda
13.Wentilýatory ýa-da kondisioneri ýakyň. Olaryň sazlaşykly sesi beýleki seslere ünsi sowmazlyga we arasynda turman çuň uka gitmäge kömek eder.
14.Krowatda ýatyň. Eger-de siz ýatasyňyz gelmänkä ýeriňize geçseňiz, siz belki maksadyňyza ýetip bilmersiňiz.
15.Ýyly ýorganlary aýyryň. Eger-de gije yssylasaňyz, erbet ýatarsyňyz. Eger-de otagda +5 bolsa, onda beýle etmek gerek däl.
16.Öz gowy görýän ýatyş ýagdaýyňyzda uklaň.
Eger-de siz öýe sagat gije sagat ikide gelen bolsaňyz
17.On minut ýeriňizden daşda dynç alyň. Bu size göni ýatmaga gideniňden, uka gowy girişmäge kömek eder.
18.Hiç hili ýatyp bolanok! Eger-de siz 20 minutlap ýatyp bilmedik bolsaňyz – turuň we okamak ýaly rahatlandyryjy zatlar bilen meşgullanyň (ekransyz), ukyňyz gelýänçä garaşyň.

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir