Köñlüm ýaralanan jeren mysaly,
Delmurýar delalat isleýän ýaly.

Derdime em isläp, urýaryn telwas,
Dertden haýsy bir zat ederkä halas?

Emsiz-ä dert bolmaz, taparynmy em,
Derdime em boljak nämekä, bilmen.

Bilmen men, nämeden köñlüm ýaraly,
Halas etjek näme dertli jereni?

Birden ses eşdildi, ýerimden galdym...
Giñän ýaly boldy ýaraly kalbym.

Soñra-da şol sesiñ göründi özi,
Gözlerime siñdi mähirli ýüzi.

Wysaly gowuşdym, em tapdy kalbym,
Ganat gerdim, uçdum, asmana galdym.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir