Ş. Littler we F. Buklles ýaly pedagoglar halanmaýan mugallymyň aýratynlyklaryny seljeripdirler. Halanmaýan mugallymyň aýratynlyklaryny, munuň şeýle bolmagynyň sebäplerini öwrenipdirler we şeýle netije çykarypdyrlar:

* Okatmagyň usullaryny göwnejaý ulanyp bilenok;

* Synpyň içinde tertip-düzgüni saklap bilenok;

* Okadýan sapagy boýunça hünär taýýarlygy pes;

* Zehininden peýdalanyp bilenok;

* Üstünlik gazanmak üçin janyny agyrdanok;

* Özbaşdak dogry we dürs kararlar alyp bilenok;

* Aň-düşünjesi juda bärden gaýdýar;

* Jemgyýetçilik höwesi we işjeňligi ýok;

* Fiziki taýdan çydamsyz;

* Sapak geçişi okatmagyň usullarynyň çelgilerine laýyk gelenok;

* Tutanýerli däl, bir işi soňuna çenli dowam etdirip bilenok;

* Açyk göwünli bolmaga çalşanok;

* Geçmişi kemçiliklerden, bärdengaýtmalardan doly;

* Okuwçylarynyň ukyplaryny seljerip, olaryň näme babatda ukyplydygyny çaklamak ukyby gowşak;

* Okuwçylary barada maglumaty ýok;

* Durnukly häsiýeti ýok;

* Içinde ýaşap ýören jemgyýetiniň gymmatlyklaryna ýeterlik derejede hormat goýanok.

Taýýarlan Şatlyk Hudaýberdiýew

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir