Ýer

Gün Äleminiň 3-nji planetasy Ýerdir. Ol Günden ortaça hasap bilen 149,6 mln km/s sagatda (100 000 km) tizlik bilen hereket edip, bir aýlawy 365,24 günde tamamlaýar. Ýer perigelide 30,27 km/s, afelide 29,27 km/s tizlik bilen hereket edýär. Onuň tebigy hemrasy bar. Ol Aýdyr. Ýeriň ortaça (deňiz derejesi boýunça) kabul edilen radiusy 6371,03 km, ekwatorial radiusy 6378,16 km, polýar radiusy 6356,779 km massasy 5,979 · 10 21 tonna. Ýeriň özeni dört gatlaga bölünýär: demirden we nikelden ybarat bolan we radiusy 1200 km-e ýetýän ýadrosy, ol ýerde temperatura 4000oS gradusa ýetýär. 2-nji gatlagynyň galyňlygy 2300 km-e ýetýär. Oňa ýeriň mantiýasy (ýadrosynyň üstündäki örtügi) diýilýär. 4-nji gatlagynyň galyňlygy bolsa 6-40 km aralykda üýtgeýär diýlip hasap edilýär. 3-4-nji gatlaklara Ýeriň litosferasy (gabygy) diýilýär. Onuň atmosferasy we magnit meýdany bar. Güne iň ýakyn nokady perigeliden, 147 mln km. uzaklykdan Ýanwaryň 3-ne geçýär, iň uzakdaky nokady afeliden, 152 mln. km uzaklykdan Iýulyň 3-ne geçýär. Ýeriň oky onuň hereket edýän tekizligine gyšyklygynyň üýtgemeýändigi üçin, pasyllaryň çalyšmagy ýüze çykýar. Ýeriň howasynyñ düzüminiň 78%-i azotdan, 21%-i kislorotdan, 1%-i bolsa argon we beýleki gazlardan ybaratdyr.


H. Meläýew. Syrly Älem.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir