NUO-lar BIZE DOSTMY ÝA-DA DUŞMAN

Planetamyzda peýda bolýan gaýry planetalylaryñ gelip çykyşlary, maksatlary, ýaşaýyş derejeleri hemmeleri gyzyklandyrýar. Ýakynda habarçymyz şular dogrusynda ekstrasensler birleşmesiniñ çleni, gaýry planetalylar bilen birnäçe gezek duşuşan garşyly 16 ýaşly Zulfiýa Jumaýewa bilen söhbetdeş boldy:
ㅡ Zulfiýa söhbetimizi gaýry planetalylar bilen siziñ birinji duşuşygyñyzdan başlaýsak...
ㅡ Bolýar 1987-nji ýylyñ awgust aýydy. Bir gün agşamlyk edinip otyrkak, enem saçagy getir diýdi. Elime şem alyp aşhana ugradym. Sebäbi öýümizde çyra öçüpdi. Emma goñşularymyzyñ çyrasy öçmändir. Şemli aşhana girsem öñümde bir hyrsyz jandar dur. Gaty gorkdum. Yzyma tarap gaçdym. Ol bolsa edil ot ýaly arkamdan çykdy-da, bolup gitdi. Şol gije uklaman çykdyk-da. Hemmämizem gaty gorkupdyk. Birimiz perişde diýsek, agam al-arwah diýdi. Emma ol ne perişdä, ne-de arwaha meñzeýärdi.
ㅡ Soñra haçan geldiler.
ㅡ Ertesi güni agşam ýatmak üçin ýerime giripdim. Biri kelläme gaty urdy. Gygyryp oýandym. Görsem depämde şol hyrsyz jandar dur. Ýüregim gorkudan doldy. Ýöne ýañky jandar elini ýokary göterip düşürenden soñ gorky ýüregimi bütinleý terk etdi. Elime kagyz galam berip, bir zatlary ýazdyrmaga başlady: ''Siz kimsiñiz näme meni bizar edýärsiñiz?'' diýip soradym. Olar gaýry planetalylar eken. Meni bolsa özlerine habarşy edip alandyklaryny aýtdylar. Şondan bäri tiz-tizden bizar edip durýarlar.
ㅡ Olaryñ daşky görnüşlerini teswirläp bilermisiñiz?
ㅡ Boýy dört metr, kellelerine telpek geýnen ýaly. Telpegiñ ýokarsynda üç simli bir zat bar. Ýöne gözi, agzy biziñki ýaly däl. Takyk düşündirip biljek däl.
ㅡ Şu çaka çenli ýerli metbugat olaryñ boýy 7 metr, bir gözli, kellesine çelek agdarylyp goýlan ýaly diýip taryplady.
ㅡ Dogry, çünki ýerimize häzir özge 18 sany planetadan wekiller gelip gidýärler. Olaryñ sypatlaram birmeñzeş däl.
ㅡ Siz Daşkende näme maksat bilen geldiñiz?
ㅡ Olar (gaýry planetalylar) maña özge älem bilen aragatnaşyk etmegiñ açaryny berip, muny bize düşünýän adamlara eltip ber diýdiler. 1988-nji ýylda Daşkende geldim. Tahyr Sapaýew bilen duşuşyp olaryñ goýup giden açaryny berdim. Emma Tahyr aga metbugatda beren habarynda açary maña olaryñ özleri berip gitdi diýipdir. Gynansakda beýle däl. Çünki açary men getirip beripdim. Tahyr aga bolsa näme üçindir ony öz adyna geçirip ýazypdyr. Ýakynda olar ýene birnäçe syrly açarlary berip gitdiler.
ㅡ Bu açarlar bilen nämeler açmak mümkin?
ㅡ Gadymy mis känlerini açmagy, ýerasty ýollary, tylla känlerini tapmakda peýdasy deger.
ㅡ Eger hökümetimiz tarapyndan kömek soralsa siz kömek bererdiñizmi?
ㅡ Ýok haçanda respublikamyz doly özygtyýarlyga eýe bolan ýagdaýynda, men häzirlikçe syrly ýatan känleri tapmaga kömek ederdim. Hem şol tapylan baýlyklara öz milli usulymyzda binalar gurulsa, adamlarymyzyñ sag-salamatlygyny berkitmäge, ylmy aýaga galdyrmaga sarp edilse, men kömek etmäge taýýar.
ㅡ Gaýry planetalylara dolanalyñ! Ine ýakynda Humsonda siz gaýry planetalylar bilen duşuşypsyñyz. Olar bilen arañyzda sazlaşyk boldumy?
Olar bilen aýdar ýaly sazlaşyk bolmady. Meni alyp gitjek diýdiler. Islemedim. Duşuşyk bary-ýogy 3-4 minut dowam etdi.
ㅡ Näme üçin sizi alyp gitjek boldular?
ㅡ Bilmedim.
ㅡ Olar haýsy dilde gepleýärler?
ㅡ Özbek dilinde, arassa özbek dilinde gepleýärler. Olaryñ köpüsini ýer ýüzündäki bir dili bilmek gyzyklandyrýar. Munuñ syry olaryb kiçijik apparatynda. Agzyna goýup öz dilinde gürlese-de biziñ dilimizde ýañlanýar.
ㅡ Zulfiýa olar haýsy planetadan gelýärler?
ㅡ Häzirlikçe maña mälim bolan on sekiz planeta bar. Olaryñ hemmesi bilenem aragatnaşyk edip bilýän. Emma 7-nji we 8-nji planetalylar bilen gürleşmegi halamaýaryn. Olar ýerlileri erbet görýärler.
ㅡ Näme üçin?
ㅡ Bu maña garañky: olary ýaman görýän diñe men däl. Älemdäki ähli planetalylar olary ýaman görýärler. Olaryñ ýerimize golaýlaşmagynam islemeýärler.
ㅡ Siziñ bilen köp söhbetdeş bolýanlar haýsy planetalylar?
ㅡ On sekizinji planetalylar. Olar ýerlileriñ iñ ýakyn dostlary. Hemme wagt menden habar alyp durýarlar. Nirä barsamam meni gözden salanoklar. Moskwada ekstrasensleriñ ýygnagyna baranymda-da olar meni gözden salmadylar.
ㅡ Olar ýerlileriñ ýakyn dosty diýýärsiñiz. Näme üçin olar hemme bilen gatnaşykda bolup, biz bilen tejribe alyşmaýarlar, bize ýyldyzlar bilen aragatnaşyga çykmagymyza kömek bermeýärler, diñe käbir adamlar bilen duşuşýarlar?
ㅡ Men olardan bu hakda hem sorap gördüm. Olar diñe zehinli, sowatly, beýnisi oñat ösen adamlar bilen gatnaşykda bolup bilýän ekenler. Biziñ ýerlileriñ añy iñ pes ösen eken. Eger başga planetalylaryñky 65 prosent ösen bolsa, biziñki bary ýogy 5 prosent ösen eken. Olaryñ aýtmaklaryna görä ''ýerliler ýañy araba aýak basypdyr''.
ㅡ Zulfiýa, olar näme üçin ýere tiz-tizden gelip ugradylar? Munuñ syry nämedekä?
ㅡ Olaryñ maksady biz ýerlileri hem ýyldyzlara gatnaşyga alyp çykarmak.
ㅡ Munuñ üçin biziñ näme etmegimiz gerek?
ㅡ Ýeriñ Wenera nokadyny (bu olaryñ belgisi) tapmagymyz gerek eken. Wenera nokadyndan uçurylan raketalarymyz galaktikamyzdan çykyp, özge planetalylara uçup baryp biljek eken.
ㅡ Olar bize Wenera nokadyny görkezerlermikä?
ㅡ Häzirlikçe ýok. Belki wagty gelende görkezmekleri mümkin.
ㅡ Arada okan bolsañyz ''Fan we durmuş'' zurnalynda bir zurnalist gaýry planetalylar bilen duşuşandygy hakynda makala çap etdiripdir. Makala uly şowhuna sebäp bolupdyr. Sebäbi göýä biz özge planetalylaryñ tejribe önümi ekenik. Siz muña nähili garaýarsyñyz?
ㅡ Bu ýalan gep, ynanmaly däl. Biz hem älemde özge planetalylar bilen deñ hukukly.
ㅡ Olaryñ ýerlileri alyp gidýändigi hakda myş-myşlar bar?
ㅡ Dogry, maña mälim ㅡ olar 9 sany erkek we 4 sany aýaly alyp gitdiler... Ýöne hemmäni däl. Diñe ukyply adamlary. Olar maña adam ynanmajak bir gep aýtdylar. Birinji kosmonawt Ý. A. Gagarin diri eken. Ol häzir 18 planetada. Gagarin asmana uçanda uçýan näbelli obýektler ony synlaýarlar we onuñ bilen aragatnaşyga geçýärler, bize mälim wakadan soñ olar ony özleri bilen alyp gidipdirler. Muña Gagariniñ özi hem razy bolupdyr. Ol häzir käbir zatlary döretmegiñ üstünde iş alyp barýarmyş.
ㅡ Ýalñyşýana dälsiñiz?
ㅡ Ýok eger olar aldamaýan bolsalar. Gagarin diri.
ㅡ Zulfiýa siz olardan üýtgedip gurmagyñ takdyry hakda soradyñyzmy?
ㅡ Soradym. Emma bu syry aýdyp biljek däl?
ㅡ Siz ermenistandaky ýer yranmasyny 9 gün, Täjigistandaky ýer yranmasyny bolsa 7 gün öñünden aýdan ekeniñiz. Ýakyn günlerde tebigy betbagtçylyk bolarmyka?
ㅡ Bolar?
ㅡ Anykmy? Eger bolman galsa, adamlar size ynanmasyny goýmazmy? Ýalançy bolup galmagyñyzdan gorkañyzokmy?
ㅡ Dünýäde hata goýbermeýän adam, ýok bolsa gerek. Eger ýer yranmasy bolmasa, men ýalançy bolmaga taýýar. Eger bizden bolaýsa adamlar habarsyz galarlar.
ㅡ Olar bilen soñky gezek haçan nirede duşuşdyñyz?
ㅡ Üç gün mundan ozal, öýde, gije sagat üçlerde.
ㅡ Olaryñ ýanyñyza gelmegi maşgalañyzdakylary biynjalyk edenokmy?
ㅡ Ýok öwrenişip gitdiler.
ㅡ Bagyşlarsyñyz, siz olary isleýänlere görkezip bilersiñizmi?
ㅡ Hawa, eger olar islese.
ㅡ Zulfiýa, okyjylarymyza arzuwlaryñyz.
ㅡ Hemmesi sag-salamat bolsun.

Jumanazar Nurimmatow

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir