Arkadag

Ykbal aty baryp täsin öwrüme,
Eýe bolduk bagtyýarlyk döwrüne,
Alkyş bilen ㅡ
Zer çaýyldy ömrüñe,
Gahrymansyñ,
Mähribansyñ Arkadag!

Doganlyk ýurtlara edýärsiñ sapar,
Olardanam gelýär dostlukly çapar,
Kim bereket tapsa ㅡ
Dostlukdan tapar,
Gahrymansyñ,
Mähribansyñ Arkadag!

Awazany synlap gözüñ doýmaýar,
Tolkunlary gözlerimde oýnaýar,
Kalby joşup ozanlar boý boýlaýar,
Gahrymansyñ,
Mähribansyñ Arkadag!

Durmuş ummanynda urup küregi,
Bol eýlediñ desterhanda çöregi,
Siz bu halkyñ urup duran ýüregi,
Gahrymansyñ,
Mähribansyñ Arkadag!

Aşgabat ㅡ
Ýurdumyñ gözel paýtagty,
Gündizi ㅡ güneşli
Gijesi ㅡ ýagty,
Halkyña bagş etdiñ ullakan Bagty,
Gahrymansyñ,
Mähribansyñ Arkadag!

Serpaý deýin paýlap sahawatyñy,
Nusga etdiñ dünýä adalatyñy,
Berkarar eýlediñ parahatlygy"
Gahrymansyñ,
Mähribansyñ Arkadag!

Guwanýaryn bagtyýarlyk çagyma,
Guwanýaryn bu gün bagt bagyña,
Göwünler deñleşdi Köýtendagyna,
Gahrymansyñ,
Mähribansyñ Arkadag!

Bagtyñ Asmanynda ganatym ýaýdym,
Diñe öñe barýan,
Ýok yza gaýdym,
Döwrüñ depesinde ýañlanan aýdym,
Gahrymansyñ,
Mähribansyñ Arkadag!

Bu günㅡ
Mañlaýyñdan parlak dañ atan,
Halkym bar ㅡ
zähmetden bagtyny tapan,
Gahrymansyñ,
Mähribansyñ Arkadag!

Aýyt GURBANOW

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir