8-nji noýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde woleýbol boýunça halkara ýaryşa badalga berildi. Türkmenistanyň Woleýbol federasiýasyndan «Turkmenportala» berlen maglumata görä, oňa Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy hem gatnaşýar. Ýygyndynyň düzümini Atamuhammet Ataýew, Kyýas Muhammetgulyýew, Rysgal Resulow (ählisi ― «Migrasiýa»), Arslan Iskandarow («Milli goşun»), Mithun Gulyýew, Gudrat Öwezow (Iki hem ― «Maliýeçi»), Süleýman Garlyýew, Döwranbek Rahymow (ikisi hem ― «Talyp sporty»), Meýlis Berdiýew («Galkynyş»), Orazsähet Seýitgeldiýew («Hazyna»), Didar Nuryýew («Galkan») dagylar emele getirýär.

10-njy noýabra çenli dowam etjek halkara ýaryşa türkmen woleýbolçylaryndan başga-da Özbegistanyň, Täjigistanyň ýygyndylary we Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl welaýatynyň «Žany-Muun» topary gatnaşýar.

Şu gün geçiren ilkinji duşuşygynda biziň ildeşlerimiz Täjigistanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňip, ýaryşa üstünlik bilen girişdiler. Ertir türkmen woleýbolçylary «Žany-Muun», birigün bolsa Özbegistanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar.

Täzelikler, 12 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir