Jandarlaryň, guşlaryň, haýwanlaryň dünýäsinde bolup geçýän täsinlikler bilen tanyşmak gyzykly bolsa gerek.

• Ýer şarynda garynja iň köp jandar hasap edilýär. Garynjalar mundan 110-130 million ýyl ozal peýda bolupdyrlar diýlip çaklanylýar. Garynja öz agramyndan 50 esse agyr ýüki göterip bilýär.

Jandarlaryň, guşlaryň, haýwanlaryň ýaşaýşynda geň-taňlyklar-da köp.

• Kepderiler 2400 kilometr uzaklykdan öýlerini tapyp bilýärler.

• Gotan atly guşuň 30 santimetr bolan torbasyna 12 litr suw ýa-da 13 kilogram balyk ýerleşýär.

• Bürgüt ýalňyz ýaşaýar,

• düýeguşda beýni bolmaýar,

• ördegiň sesi ýaňlanmaýar,

• baýguşuň kellesi 360 gradus aýlanyp bilýär.

• Kolibri diýen iň kiçi guş ýöräp bilmeýär,

• Teneçir uçup barýarka, birden durmaga, yzyna uçmaga, bir duran ýerinde saklanmaga ukyply bolmak bilen, onuň tizligi sagatda 50-90 kilometre barabardyr.

• Dünýäde guşlaryň 8500 görnüşi bar.

• Düýe 15 minutyň dowamynda 200 litr suw içýär.

• Kenguru yza ýöräp bilenok.

• Aýynyň gowagy demirgazyga bakmaýar.

• Gaplaňyň gözi adamyňkydan 6 esse görgür.

• Sugunyň ýaşyny şahynyň şahalaryny sanap anyklamak bolýar.

• Içýanlar gije awa çykýarlar.

• Arylarda 9 müň göz nokatjygy bolup, olar gonman 320 kilometr ýoly geçip bilýärier.

• Kirpi suwda çümmeýär,

• Ýer togalagynda gurbagalaryň 2600 görnüşi bar.

• Uklanda balyklaryň, möjekleriň gözleri açyk bolýar.

• Doňuzlar asmana seredip bilmeýärler.

• Pil böküp bilmeýän ýeke-täk jandardyr.

• Iň çalt ulalýan jandar mawy kit hasap edilýär.

• Dünýäde ilkinji haýwanat bagy XV asyrda Awstraliýada açylypdyr.

Taýýarlan Öwezgeldi Mäterow

Bilim, 12 tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir