Jumageldi Mülkiýew

Garaşsyzlyk eýýamynyñ ruhy sepgitleri Jumageldi Mülkiýewi uly derejelere ýetirdi. Ol Mary welaýatynyñ Ýolöten etrabynyñ Ganlybaş obasynda 1961-nji ýylyñ 19-njy aprel güni asylly maşgalada eneden dogulypdyr.
J. Mülkiýew 1976-njy ýylda Ganlybaşyñ mekdebinde 8-nji klasa çenli okap, Aşgabadyñ Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine okuwa ýerleşýär-de şol mekdebi 1980-nji ýylda gutarýar. Iki ýyllyk gullukdan soñ (1980-1982) ol gulluga gidýär. Gullukdan dolanyp gelip 1983-nji ýylda Moskwanyñ Maksim Gorki adyndaky Edebiýat institutynyñ poeziýa fakultetine okuwa girýär we instituty 1988-nji ýylda gutarýar.
Şondan soñ ol Türkmenistanyñ habar beriş serişdeleriniñ düzüminde her dürli wezipelerde işläp başlaýar.
Zähmetden daşary wagtlary edebiýat kitaplary, taryhy kitaplary okamagy gowy görýän ýazyjynyñ ilkinji goşgusy 1976-njy ýylda ''Pioner'' jurnalynda çap edilipdi. J. Mülkiýewiñ şondan soñ neşir edilen ýedi sany şygyry hem kyssa ýygyndylary, hekaýalary metbugat gazetlerinde çap edilip başlanýar. Olardan: ''Uly Pälwan'', ''Babuşkin sekret''(rusça), ''Oglan gaýraty'', ''Ýekeme-ýeke'', ''Janly jeset'' ýaly kitaplary çapdan çykarylýar.
J. Mülkiýew türkmen taryhyny şöhlelendirýän romany ''Seljuklar'' atly eserini ýazmaga başlaýar. Ol şol romanda Beýik Seljuk Döwletiniñ XI asyrdaky döwürlerini janlandyrýar.
J. Mülkiýew häzirki wagtlarda ''Türkmen dünýäsi'' gazetiniñ baş redaktorydyr.
Jumageldi Mülkiýewiñ bir goşgusyny aşakda siziñ dykgatyñyza ýetirmegi laýyk gördük.

Gowy habar

Buşlukçy geldi öýe,
Bir gowy adamyñ bolupdyr ogly,
Gün dogdy göýä,
Göýä, öýüñ ortasynda Gün dogdy.
Kaka bolan,
adyl,
ynsaply,
halal,
Gepe gidip,
degenok hiç göwne ol,
Oña ömür ý:atdy gybatdyr ýalan,
hemem däldi para alyp öwrenen.
päkdi zandy.
Süýjüli torbany çekip öñüme,
buşlukçyñ etegne bir penje süýji,
Soñ ýene bir penje,
ýene bir penje
süýji okladym.
Begenje
öwrülip kalbymyñ güýji.
Hä diýmänkäñ ýigit çykar ol oglan,
Şu günki doglan,
ertir gowy adam bolup ýetişer,
Kakasy dek:
adyl,
ynsaply,
halal.
Gybat ýalan ömür gelmez golaýna
Gepe gidip,
degmez hiç bir göwne ol,
Esasy zat päk zandy
diñe ýagşy gylyklary öwrener
Şeýdip artar gowy adamlañ sany
Ýaramazlañ örüsini daraldyp
Mesele çözmez ol peşgeş-para alyp,
Göterer dünýäniñ ýüki-derdini
Bolsun Allañ berdigi
Ynam ýüregimiñ töründen çogdy,
Buşluk,
bir gowy adamyñ bolupdyr ogly.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir