Türkmenler imperializm zamanynda

Türkmen halkynyñ we onuñ Russiýa imperiýasyna birikdirilişiniñ taryhy


Türkmenistan, onuñ ýurdy we ilaty(1)


Türkmen halky, onunjy we on birinji asyrlarda yslam dinini kabul etmezinden öñ, ''oguz'' ady bilen tanalyp, Amyderýanyñ, Kaspi deñziniñ, Owgan Türküstanynyñ, Hyrat mantagasynyñ we Horasan hem Astrabat welaýatlarynyñ aralygyndaky 10. 000 kwadrat mil çemesindäki giñişlikde güzeran görüpdir. Şol ýurda hem Türkmenistan diýip beripdirler. Türkmenistanyñ esasy oturumly ýerleri: Mañgyşlak, Üstýurt, Uzboý, Köpetdag we Etrek, Tejen we Murgap dolalary hem-de Garagum diýilýän eýmenç çöllük bolupdyr.
Mañgyşlak (müñ gyşlak) we Üstýurt (Ýokarly ýurt) ruslar gelmezinden öñ çarwa türkmenleriniñ iñ bir ýaýnap ýaşaýan ýerleri eken. Mañgyşlakda iki sany dag ulgamy ㅡ Ak baýyr (Ak tau) Gara baýyr (Gara tau) bolup, olaryñ beýikligi 2500 futa ýetipdir we deñizden Goçak aýlagyna çenli, ondanam añryk Gara Keçe(2) aýlagyna barýança elli mile çenli uzalyp gidipdir. Dagyñ dere we jülgelerinde bol suwly çeşmeler we otluk öri meýdanlary bolupdyr. Mañgyşlak düzlüginiñ suw üpjünçiligi bolsa galapyn suwy ýogyn kölleriñ we köp sanly guýularyñ(3) hasabyna bolupdyr.
Mañgyşlagyñ deñiz kenarlary 400 mile çenli uzalyp gidensoñ we deñiz aýlaglary çölüñ içine çuñ aralaşansoñ, onuñ howasy ýumşak bolaýmaly ýaly, emma bu beýle däl. Tomsuna howanyñ temperaturasy gaty ýokary, aýratyn-da ürgün çägeli böleklerinde şeýle, Hatda tomsuna şol ýerdäki ýalpak guýular hem gurap galýar. Tomsuna galapyn günorta-gündogardan ýel öwüsýän bolsa, gyşyna ýel demirgazyk-gündogardan öwüsýär. Bu ýerde ygal ㅡ garu-ýagyş gaty az ýagýar. Bu ýerde agaç-bag, otluk-çemenlik beýle-de dursun, asla gözüñe ýakar ýaly gök zat ýok. Bitýän çöp-ýowşan, ýylak, ýandak, olaram selçeñ, emma onda-da düýe, goýun hem-de türkmen gylýallary üçin örän oñat iým bolup bilýär.
Deñiz kenar ýakasynda Düýp Garagan burnagyndan Balkan aýlagyna çenli süýji suw bar, ýöne ol ýer astynda esli çuñlukda ýatyr. Bu kenardaky gämi örklenip biljek ýerler: Aleksandrowsk duralgasy (Aleksandro aýlagy), Kinderlinsk, Balkan we Mihaýlowsk aýlagy, Esenguly aýlagy, bu aýlaga Etrek derýasy gelip guýýar, ýöne onuñ çuñlugy diñe üç fut we özüne-de durşuna gamyş örüpdir(5).
Üstýurt ㅡ añyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giñ düzlük, ol gejli, çagylly, agyr toýun toprakly, şol we çäge gatyşyklydyr(6). Bu düzlükde ajy suwly köller gabat gelýär, beýle çuñ bolmadyk ýerasty gatlaklarda az-owlak süýji suw hem bar, olar çuñlugy otuz fut guýulardan çykýar. Günortasynda, günbatar-günortasynda Üstýurdyñ kert eññitleri bolup, olaryñ hemme ýerinden diýen ýaly örän oñat geçelgeleri bar. Üstýurt düzlügi ruslar tarapyndan, eger Orenburgdan Hywa ýöriş edilse, üstünden geçäýmäge amatly üýtgeşik punktlaryñ biri hökmünde nazarda tutulýardy (7).
Üstýurdyñ günorta gyrasynda bir uly gorp uzalyp gidýär, onuñ düýbünden bolsa duzly kölleriñ giden bir ulgamy gabat gelýär. Çaklanyşyna görä, bir wagt bu ýerden Amyderýa akypdyr, türkmenler muña Uzboý diýip at berýärler. Uzboý Sarygamyş kölüniñ uly çöketliginiñ günorta-günbatar çüñkünden başlanyp, Üstýurdyñ kertiniñ daş daş gyrasy bilen aýlanýardy, Igdeli guýusyna barýar (6). Bu ýerde ol günbatara tarap öwrüm edýär hem-de Uly we Kiçi Balkanyñ arasyndan geçip, Aýdyñ guýusynyñ ýanynda ahyrsoñy Balkan aýlagyna goşulyp gidýär (9).
Uzboý derýasy çarwa türkmenleri üçin örän wajyp ýerdi, çünki ol çölüN içinde ajaýyp öri meýdanyny emele getirýärdi (ýöne Balkan daglaryna ýakynladygyça ösümligiñ gürlügi birneme kemelýärdi) we bu ýerlerde, adatça, guýularyñ suwy bol bolýardy(10).
Uzboýdan demirgazyga tarap gitseñ, Uly Balkan daglarynyñ günorta we günbatar eteklerine barýarsyñ, Balkan aýlagynyñ, agzyndan Burajy guýularyna çenli. Uzboýuñ günorta tarapynda Kiçi Balkan ýerleşýär, bu bolsa Köpetdagyñ ulgamyna utgaşyp gidýär. Etrek derýasynyñ, Köpetdagyñ, Kiçi Balkanyñ we Kaspi deñziniñ aralygyndaky meýdan bolsa ýa ürgün çäge bilen ýa-da şor bilen örtülendir(12).
Köpetdagyñ gerişleri günorta-gündogara beýgelip gidýär we Bamynyñ ýanyna geçelge bolup, ol hem deñiz derejesinden 2000 fut beýiklikde ýerleşýär. Gökdepäniñ garşysyna onuñ beýikligi 3500 futa golaý barýar. Dagyñ esasy gerşiniñ demirgazyga eññidi gysga, kert, emma beýleki tarapa eññidi altmyş mile çenli uzalyp gidýär. Gürgen derýasynyñ gapdaly bilen şol dag gerişleri kem-kemden daşlyk çöllükden oñat toprakly düzlügiñ içine süsñäp gidýär. Etrek derýasy Eýranyñ Daraggez diýen welaýatyndan öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Ol baýyrlyklaryñ-daglyklaryñ arasyndan geçip, Çat obasynyñ ýanynda düzlüge çykýar, şol ýerde-de onuñ iñ uly goly bolan Sumbar derýasy goşulýar(13). Sumbaryñ Etrek derýasyna guýýan ýeriniñ otuz üç mil ýokarsynda, Düz olumda, oña bu ýerdäki dag çeşmeleriniñ iñ ulusy bolan Çendir goşulýar(14). Bu etraplaryñ jugrafiýasynyñ iñ bir ajaýyp bellemeli zady ㅡ Köpetdagyñ kert gaýalarydyr, olar gündogardan günbatara tarap Köpetdagyñ esasy gerşine tas parallel diýen ýaly uzalyp, demirgazykdan we demirgazyk-gündogardan ösýän sowuk ýellerden her bir deräni, her bir jülgäni gorap saklaýar. Köpetdag beýle bir belent bolmasa-da, ýurduñ günorta tarapyny şol sowuk ýellerden gorap saklaýar (15). Şoña görä-de, Köpetdag bilen Elbrusyñ aralygyndan ýerler dünýäde iñ bir şypaly ýerleriñ biridir. Şu etraplara syýahat edenleriñ hemmesi şu aralygyñ iñ bir jana ýakymly we baý ýurtdugyny nygtap geçýärler (16).
Köpetdagyñ demirgazygynda Ahal oazisi ýerleşýär we bu ýerleri Köpetdagdan inýän köp sanly çeşmeleriñ we çaýlaryñ suwy bilen suwlulandyrylýar. Köpetdagyñ bu ulgamy günorta-gündogar çetine tarap ep-esli beýgelip gidýär we uly çeşmeler bu ýerleri suw bilen üpjün edýär. Şonuñ netijesinde, türkmen ilatynyñ gürlügi Gökdepe bilen Gäwersiñ aralygynda Gökdepe bilen Gyzylarbat aralygyndakysyndan has ýokary (17).
Kuropatkiniñ ýazyşyna görä, türkmen çöllüginiñ eýçenç çägelikleriniñ we ýüzüñi-gözüñi açdyrmaýan myrtar tozanly-çañly alalarynyñ içinden geçip, birden Ahal etrapyna düşen adama Ahalyñ ajaýyp tebigaty biçak uly täsir edýär(18).
Oazisde miweli baglar, hoz agaçlary burk açýar, üzümli haýatlar biri-birine sepleşip gidýär we miweli baglaryñ aralarynda bolsa bol hasylly gök ekerançylyk ýaýylyp ýatyr.
Beýleki bir tarapdan seretseñ, Garagumdan epgek ýeliñ gaty köp ösmegi bu jelagaýda kynçylyk döredýär, şonuñ üçin-de daglardan akýan derýadyr çaýlar gözbaşyndan diñe gysga aralyga akyp ýetýär. Başga-da bir bellemeli zat oaziziñ ininiñ darlygydyr, aýratyn-da onuñ günbatar çetinde şeýledir, onsoñam bu ýerde oba hojalygy büs-bütin suwarylyşa bagly bolup durýar we örän kän suw talap edýär(19).
Ýaplaryñ suwy ekin meýdanlaryna tutulýanlygy üçin, olaryñ akymy barha azalýar we gaty ujypsyz mukdary gumuñ içine siñip gidýär.
Ondan Gündogara tarap gitseñ, Tejen derýasy bar, bu derýa Köpetdagyñ etegine ugurdaş diýen ýaly akýar we ondan añyrda-da uly Murgap derýasy bar, onuñ suwy Mary etrabyny suw bilen üpjün edýär. Bu ýerler Mary oazisi diýlip atlandyrylýar. Bu ýeriñ şertleri Ahal oazisindäkiden düýpgöter tapawutlanýar.
Marynyñ töweregine ürgün çägelikler aýlaw berip, onuñ howasyny çydar eder ýaly däl ýagdaýda ýaramazlaşdyrýar. Bu oazis, indi 130 milden 260 mile çenli ýaýylyp gidýän çöl-beýewanlyga gurşalany zerarly, beýleki ähli ekerançylyk zolaklaryndaky bütin ýurduñ topragy we ösümligi birmeñzeş diýen ýalydyr(20).

(dowamy bar)

Salgylanylýan edebiýat

1. Ýurduñ we onuñ ilatynyñ bu beýany Russiýanyñ basyp alanyndan öñki döwre degişlidir.
2. Kuropatkin A. N. Turkmenia and turkmans. Iñlisçe. 1098, Stebniskiý, Zametki o Turkmeni. Sostawleniýa po swedeniýam, sobrannym do 1871 goda. Zapiski Kawkazskogo otdela imperatorskogo russkogo geografiçeskogo obşestwa, Kniga VIII, Tiflis, 1873, st. 4 ㅡ 10.
3. D. Grodekow N. I., Woýna w Turkmenii. Pohod Skobelewa w 1880 ㅡ 1881 g. Sankt-Peterburg, 1883-1884, t 1, str.2.
4. Stebniskiý, str. 54-62, Grodekow, I, str.2
5. Kuropatkin., s. I., Stebniskiý s.s. 21-26.
6. Berg L. S. Priroda SSSR, angl, per, Nýu-Ýork, 1950., str 134.
7. Grodekow, I, s. 5.
8. Bu-da şonda s.8.
9. Berns, A., Buhara syýahat. 1831-33-ýyllarda. Hindistandan Kabula, Tatara we Eýrana syýahatyñ hasabaty, London, 1834, III., s.s. 174 ㅡ 180. (iñlisçe)
10. Grodekow. I., s. 9.
11. Murawýew N. N. Murawýewiñ türkmen iliniñ üsti bilen Hywa syýahaty 1819-1820, iñlisçe terjime, Kalkutta, 1871, s.s. 95-97.
12. Kuropatkin, s. Z.; Konolli, A. Angliýadan, Russiýanyñ, Eýranyñ we Owganystan üsti bilen gury ýerden Demirgazyk Hindistana syýahat, London, 1834, I., s.s. 147-8, (iñlisçe).
13. Grodekow, I., s. 11 Napiýer, G. S., Eýranda ýörite borjy ýerine ýetirýän kapitan G. S. Napiýerden alnan jurnallaryñ we maglumatlaryñ ýygyndysy, 1874, London, s.s. 112 ㅡ 113 (iñlisçe)..
14. Şol ýerde
15. Petruşkewiç N. Türkmenler (iñlisçe terjimesi) 1880, s.s. 7-8, f. o. 65/1132.
16. Konolli, I, s. s. 43-44; Býorns, III, s. 95: Petrisewiç, s.s. 7-8; De Bode, B. S. A., Türkmenleriñ ýomut we gökleñ taýpalary dogrusynda, etnografik jemgyýetiñ jurnaly, London, 1834, I, s. 61 iñlisçe.
17. Petruşewiç, s. 10. Kurzon, G. N., Russiýa Orta Aziýa 1889-njy ýylda, London. 1889, s. 73. Beýik Britaniýanyñ Sankt-Peterburgdaky ilçisiniñ iberen maglumatlary, M. Lessaryñ Orta Aziýa syýahaty barada çap edilen hasabatlardan gyssagly terjimeler, iñlisçe, London, 1883, s.3.
18. Kuropatkin, s. 4
19. Grodekow. I, s. 37; Petrusewiç, s. 11.
20. Grodekow. I. s. 41.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir