„Ýene-de öwgümi? Öwgüden ýadadyk“ diýme, dost. Hiç kimi öwmek maksadym ýok, diňe öwgi hakynda oýlanasym, onuň manysyna düşünesim geldi-de...

Hawa, menem owal «Öwgüdir-dä onuň nämesine düşünjek?» diýip pikir edýärdim. Ýöne soňky wagtlar öwgi, şöhrat, şöhratparazlyk meni köp pikire batyrýar, eýgilige bolsun-da hernä. Biziň hemmämiz (bolmanda meniň tanaýanlarym) öwgüni halamyzok, şöhratparazlygy ýigrenýäris. Dostum, şeýle gerek? Emma... bizde bir gylyk bar: - biriniň ýazan zadyny okamazdan öňürrti ony ýazanyň kimdigine seredýäris. Şeýdäýmeseň boljagam däl, dünýe-de ýazyjy-şahyr kän, kitab-a ondanam köp. Öňüňden çykany okap bolanok. Ýitiren wagtyňam jähennem, kä wagt şeýle bir «eserleri» okaýaň welin, dost, ýazyjy, şahyr diýlen millete garaýşyň üýtgäberýä. Gowy eser okanyňda-da ýazan adama hormatyň bilen birlikde, umuman ýazyjylygyň, şahyrlygyň mertebesi göz öňüňde ýokary galýandyr-a. Ana, şoň ters ýüzi bolup geçýär. Onsoň isleseň-islemeseň ýazanyň kimdigine seretmeli bolýar. Tanalýan biriniň ýazan zady bolsa derrew, işdämen okap başlaýaň. Ýazyjy meşhur bolsa, eserine düşünse-düşünmese öwýänlere-de duşulýar. Bolmanda «halamadym» diýmän, «düşünmedim» diýýäň. Mysal üçin, biz „Pablo Pikasso ýa-da Salwador Dali ýaramaz suratkeş“ diýip bilmeris. Ýogsa, dost, olaryň eserleriniň näçerägine düşünýärkäk? Bularyň hemmesini etdirýänem ilki öwgi, öwginiň yzy bilenem gelýän şöhrat dälmi? Ýöne Pikasso şöhratyň hasabyna meşhur däl, elbetde. Diňe onuň şöhraty özüne düşünmeýänlerem baş egdirýär. Onda öwgi, şöhrat gowy zatmy? Göwnüme, kimdir biri: „Erbet zat bolsa oňa ýetjek bolup derde-azara galynyp, hatda kä kişi bihaýalykdanam çekinmän ýörmezdi“ diýýär. Bu elmydama meni akylly-başly oýlanyp, meseläň düýp maňzyna ýetmäge goýmaýan gaharym. Gel, gyzmalygy bir gyra goýaly, dost.

Bir döwürler, heniz ýigrimi bäşem ýaşamadyk ýyllarymyz, biz ýaňy hekaýa, goşgy ýazmaga başlan dost oglanlar bolup, her hepde oturyşyp, biri-birimiziň ýazan zatlarymyzy okaşardyk. Näme gözüň köküni gyryp, beýniň ýülügini döküp, uzak gijäňi ukusyz geçirip ýazan zadyňy başga biri kötekläp dursa ýaraýarmy? Öwüleniňi isleýäň, emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ... içinden monjuk gözleýädik. Başga birini gowja ýepbekläp öz sowatlylygymyzy, ýiti zehinimizi, talantymyzy görkezmäge çalyşýardyk. Kimdigi anyk ýadyma düşenok, özüm tapanam bolsam, garaz, „Tankytdan peýda ýok, ol ruhybelenligiňi öçürýär, höwesiňi gaçyrýar, geliň biri-birimizi diňe öweliň“ diýen karara geldik. Biz şo wagtlar bäş-alty dagy-ha bardyk, bu pikir hemmämize-de kem ýaramady. Sebäbi biziň joşup-joşup ýazasymyz gelýärdi. Öwgüden beter joşdurýan zat barmy?! Bir salym «öwh-ä öwe» başladyk. Öwere zadam tapýardyk, ýöne bir gezek, (ýene-de mendim öýdýän) bir hekaýa ýazdym. Aramyzda gödekden, gönüsini aýdýan birimizem bardy, o neresse ýaş ýogaldy, hekaýaň golýazmasyny öňe oklap goýberdi-de «Biderek, aýal gybaty ýaly» diýip goýberdi. Aramyzda bir dym-dyrslyk boldy. Birdenem barymyz pakyrda berdik. Şeýdibem «öwmeşek» gutardy. Gutarmalydam. Ýalanyňam ömri uzyndyr welin, çynyň ömrem ondan uzyn bolmasa gysga däldir. Olar ekizler ýaly biri-birine meňzeş bolmasalaram, mydama bile gezýäler. Emel edip olary aýrylyşdyrjak bolsaňam ýaňky biziň bolşumyz ýaly gülkünç ýagdaýa düşýäň. Birazajyk pikirim şaha ýarjak boldy, bagyşla, dost, esasy meselä – öwgi bilen şöhrata dolanyp geleli.

Ýadyma düşýär, bäş ýaşlarymdadym. Ejem, gelnejem, doganlarym dagymyz köplük bolup bir tabakdan palaw iýip otyrdyk. Şonda ejem goňşularymyzyň meň bilen deň-duş oglunyň adyny tutup: «Pylany palawy penjesini dolduryp iýýär. Meň oglum barmagynyň ujy bilen iýýär» diýdi-de maňa söýünç bilen seredip ýylgyrdy. Hiç ýadymdan çykanok, ýogsa ondan bäri elli ýyl geçeňkirläpdir, emma ejemiň meni öwmesi beýle-de dursun, şol pursat nahar iýen tabagymyzyň reňkine çenli ýadyma düşýär, Hytaýyň gülli mejmesidi. Öwgi şeýle zat. Onuň tagamyna, lezzetine taý geljek zat bir barmyka? Şondan soň, mydama, başarsam özümi keseden synlamaga çalyşdym. Egin-eşigim, nahar iýişim, dilime alýan sözlerim, garaz ähli hereketimi elekden geçirjek boldum.

Bir ýerden okapdym ýerine salyp, laýyklap öwüp bilseň, öwlen adamyň beýnisi iň azyndan üç sekuntlap doňýarmyş. Öwgiň ýylanyň jadysy ýaly zatdygynam, şöhratparazlygyň adamy gözli kör edýäninem köp görensiň, dostuum. Nähili beýle bolýar? Onda bu meseläň çözgüdi ýokmy? Meni oba alyp barýan ulagyň magnitofonyndan eşdilýän aýdym hasam pikirimi jemlemäge päsgel berýär:

«Toý, toý, toý,

Sen gamlanma, goý,

Gülüp-oýnalyň

Oý, oý, oý.»

Aýdymyň bu sözleri beýnimi iýip barýar. Şol aýdymyňy öçüräýem diýip bolanok, ulagyň içinde menden başga-da 10-12 adam bar. Belki, olaryň hiç birem bu ýüwel heňi höwes bilen diňleýän däldir, şonda-da maňa galyply sokjaran bolmak. Ýarpy ýolda-da düşüp galýan.

Dost, nähili pikir edýäň, belki öwgini, şöhraty özüň ýörite gözlemeseň bolýandyram. Iliň özi seni öwse, mysal üçin Mylly Täçmyrat, Alty Garly ýaly bolsaň, öwülseň zyýanam ýokdur, belki? Senden soranam bolýan welin, birhili böwrümi diňleýän. Sebäbi özüň suw meýilli bolsaň, oňaryp öwjek ýaranjaň, tamakin tapylar. Senem oňa ynansaň...

Alla janlarym, men-ä kelebimiň ujuny ýitirdim. Dostum, senden syrymy gizlemäýin, eger öwgüni, şöhraty hakykatdanam halamaýan, ýigrenýän bolsam munça gep otaryp oturmazdym. „Bu häsiýet diňe sende däl, köp kişide, gaty köp kişide bar“ diýip, öz-özümi köşeşdirjegem bolýan, käwagt köşeşýänem, ýöne ýene goltugymda ýylan göterip ýören ýaly howsala düşýän. Görşüň ýaly, çykalga-da tapamok. Aglaýyn, güleýin, ýigreneýin, söýeýin – göwnüm rahatlananok.

Ulagdan düşdüm, aýdymam gitdi, toýam. Indi pyýadalap bäş-on minut ýöresem öýe ýetýän, öýe ýetsem, inşalla ünsüm sowlar, belki suw grandymyz döwlendir ýa-da et gutarandyr...

Öýe golaýladymam welin, azan sesi eşdildi. Ikindi namazyna ýetişdim. Dostum, indi yzyny uzaltmaýyn, ýöne Kur'anyň birinji suresinde, bismilladan soň ilkinji setir „Elhamdülillähi Rebbil älemin“ ýagny älemleriň Rebbine hamd bolsun. Arapçada „hamd“ sözi öwgi, şükür, şöhrat ýaly manylary berýär. Men „Hawa, dogry, diňe Allah öwgä mynasyp, ýöne senem Allahyň öwgüsine mynasyp bolaýsaň...“ diýip pikir edenimi duýman galdym. Şobada-da „öwgi“, „şöhrat“ diýilen zatlar başga mana, has gymmatly zada öwrüldi. Men beýle ýönekeý çözgüde garaşmaýardym, emma dostum, bu beýle ýönekeýem däl ýaly-la. Allahyň öwgüsini gazanjak bolup ýaşamak islegiň bolýa, ýöne hany adamlaň öwgüsini inkär edip ýaşajak, işlejek bolup gör, dost. Ýeňil-ä düşmez, üstünlik arzuw edýän, özüme-de, saňa-da, dostum, eziz okyjym

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir