1904-nji ýylda John Ambrose Fleming wakuum turbalary kämilleşdirmegi dowam
etdirýär.
1926-njy ýylda ýarym geçiriji tranzistorlar üçin Patent alyndy, ol kompýuteriň üsti
bilen elektrik akymy guramaga şonuň bilen birlikde maglumatlary geçirmäge
mümkinçilik berdi.
1936-njy ýylda Konrad Zuse programmirlenýän sanly hasaplaýyş
maşynyny(mehanizmini) döredýär, onda ikilik ulgam we klapanlap
peýdalanyldy.
1943-nji ýylda Beýik Britaniýa Colassus hasaplaýyş maşynyny Germaniýanyň
harby maglumatlarynyň kodlaryny bilmek üçin döretdiler.
1943-45-nji ýyllarda ABŞ-yň Ýaragly Güýçleri ýaraglaryň uçuş
ugruny(traektoriýasyny) hasaplamak üçin ENIAC kompýuteri döretdiler.
1944-nji ýylda ABŞ-yň Harvard Universitetinde we tabulýator öndürýän IBM
kompaniýasy Mark 1 kompýuteri ýasady, onda IBM kompaniýasy
perfokartany maglumat girizmekde ulandy.
1945-nji ýylda John von Neumann umumy maksatlara niýetlenilen ätiýaçly
programmaly elektron sanly kompýuteriň işleýiş prinsiplerini işläp taýýarlady.
1948-nji ýylda ABŞ-da Electronic Control edaranyň alymlary ENIAC kompýuteri
döredýärler hem-de ABŞ-yň Ilat Ýazuw edarasy üçin ENIAC kompýuteri
öndürmek maksady bilen ilkinji kompýuter firmany esaslandyrýar.
1949-njy ýylda gyzykly Mehanikanyň şygary “Kompýuterler geljekde 1.5 tonnadan
geçmeli däldir” boldy.
1951-nji ýylda ABŞ-yň Ilat Ýazuw edarasyna üç ýyl mundan ozal berilmeli
UNIVAC kompýuter onda maglumatlary girizmek üçin perfokartanyň ornuna
magnit lentalar ulanylyp başlandy.
1952-nji ýylda IBM kompaniýanyň garşysyna ilkinji arza hasaba alynýar, onda ol
kompaniýa kompýuter işewürlikde(biznesde) ýekemenlik (monopoliýa)
usulýetini ulanylýanlykda aýyplanýardy.
1952-nji ýylda UNIVAC kompýuterde CBS-teleýaýlymy prezdenlik saýlawda
Eisenhoweriň ýeňjegini öňünden aýdypdy. Adaty çaklama bolsa göreşiň kyn
boljagyny aýdypdy. UNIVAC bolsa diňe ýeňişi.
1954-nji ýylda Texas Instruments kompaniýasy selikon tranzistrlary satuw üçin
öndürip başlajakdygyny yglan etdi.
1954-nji ýylda IBM kompaniýasy bir ýylda ilkinji 650 sany kompýuteri
köpçülikleýin öndürdi, ilkinji ýylda bolsa 120 sanysy öndürilipdi, bu uly
üstünlik bolup durýar.
1956-njy ýylda Massachusettsiň Technologik Institutynda ilkinji tranzistor
kompýuteri ýasadylar.
1958-nji ýylda Control Data Corporation –korporasiýasy Seymour Cray’s 1604
kompýuteri ýasady. Ol 1.5 millon dollar bahalandy, bu san bolsa IBM firmanyň
kompýuteriniň ýarym bahasydy.
1958-nji ýylda Jack Kilby ilkinji integral shemany ýasap gutardy, onda ýekeje
selikonyň(kremniniň) böleginde bäş sany düzüm ýerleşdirilipdi.
1960-njy ýylda ABŞ-da 2000 kompýuterler ulanylypdy.

Tehnologiýa, Technoman tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir