Erkinlik heýkeli (iňlis dilinde Statue of Liberty) ady bilen dünýäde meşhurlyk gazanan bu desga 1886-njy ýyldan bäri ABŞ-yň esasy nyşanlarynyň biri bolup gelýär. Ol ABŞ-yň Nýu-Ýork şäherindäki Erkinlik adasynda 1884-1886-njy ýyllar aralygynda fransuzlar tarapyndan gurulýar.

Fransiýa respublikasy bu heýkeli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garaşsyzlygynyň 100 ýyllygyna sowgat hökmünde gurup beripdir. Misden ýasalan bu heýkeli ilki Fransiýada taýýarlap, soňra Amerika getiripdirler. Erkinlik heýkeli “Singer” tikin maşynlaryny esaslandyryjy Isak Singeriň dul aýalynyň daşky keşbiniň esasynda döredilipdir. Desganyň resmi açylyş dabarasy 1886-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda müňlerçe adamyň gatnaşmagynda uly joşgun bilen geçirilipdir.

Heýkeliň sag elinde alaw bolup, çep elinde dörtburç ýasy daşdan ýasalan “Jarnama” bar. Şol daşdan ýasalan kitabyň ýüzünde “JULY IV MDCCLXXVI”, ýagny ABŞ-yň garaşsyzlygynyň jar edilen güni bolan “1776-njy ýylyň 4-nji iýuly” diýen ýazgy bar. Heýkeliň başyndaky täjiň 7 sany ujy bolup, ol dünýädäki 7 yklymy we 7 deňzi aňladýar. Erkinlik heýkeliniň diňe öz beýikligi 46 metr bolup, aşagyndaky daş bilen bilelikde umumy beýikligi 93 metre deňdir. Heýkeliň alawy saklap duran eliniň uzynlygy 13 metre barabardyr.

Erkinlik heýkelini görmäge gelýän myhmanlar heýkeliň ýokarsyna, ýagny alawa çenli çykmak üçin, binanyň içinden geçýän 168 basgançakly merdiwanly ýolda ýöremeli. Alawyň daş-töweregindäki dälizde 15 adam arkaýyn hereket edip, töweregi synlap bilýär. Heýkeliň kellesiniň ýasylygy 2 metr, beýikligi täji bilen birlikde 5 metr. Bu heýkeliň başga nusgalary dünýäniň Pariž, Osaka, Priştina, Newada, Günorta Dakota, Bordo we Puatýe ýaly ýerlerinde-de bar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir