Siz bilýärsiňizmi, dünýäniň iň beýik asma köprüsi Hytaýda ýerleşýär. “Suspension Bridge” atly bu köpri dört ýarym ýylda gurlup gutaryldy. Hunan ştatynyň Dehang jülgesiniň üstünden gurlan bu köpri iki dagyň arasyndaky ýerasty geçelgeleri biri-birine birikdirýär.

Köpriniň ýerden beýikligi 355 metre ýetýär. Köprüden geçenler jülgäni ýokardan synlap bilýärler. Onuň uzynlygy 1175 metre ýetýär. Gurluşygyna 2007-nji ýylda başlanan köpriniň açylmagy bilen Hunan şäheriniň gatnawy has ýeňilleşdi.

Bulutly gijelerde bu köprini ýagtyltmak üçin 1888 sany çyra goýlupdyr. Köprüde diňe bir hereketlendiriji ulaglar üçin däl, eýsem pyýadalar üçin hem ýörite ýol bar. Pyýadalar, esasan, jülgäniň tebigy gözelliklerine tomaşa edip bilerler. Köpriniň giňligi 24 metre ýetýär. Ýurtda dünýäniň iň uzyn demirýol köprüsi hem bar. “Danýang Kunşan” atly bu köpriniň uzynlygy 164 kilometre ýetýär. Bu köpriniň üstünden Pekin-Şanhaý arasyndaky ýokary tizlikli ýol geçýär.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir