Mähribanym

Ol şeýle owadan, ol şeýle eziz,
Ol meñ üçin iñ mähriban dünýäde.
Men oñ bilen birlihgimi duýupdym,
Heniz çaga ýüregimi diñlämde.

Ulaldygymsaýy ýakynym saýyp,
Ony hemmelerden tutdum ileri,
Ol meniñ ýüregim, ömrüm, ykbalym,
Ol meniñ ýanymda özüm bilelim.

Ol hemişe saýlanyp dur hemmeden,
Diýeni diñlenýän, sözi rowandyr.
Oñ seri dumanly, sesi dogumly,
Gadamy merdemsi, özi juwandyr.

Göleriñi sowup bolmaz gözeldir,
Gözüñ doýmaz ezilse ol ýagyşa.
Onda doga keramat bar ezelden,
Toba geler oñ öñünde ýalñyşan.

Göwni ýaly giñdir onuñ gujagam,
Goýny göýä behişt ýaly sapadyr.
Ol beýikdir, söýgi ýaly beýikdir,
Oña özüñ kuwwat bergil, ýa Kadyr!

Ol döwletli, deprenmez baý, ol güýçli,
Ruhy belent, emma Gün deý pespäldir.
Ol jomart, ol sahy, tükenmez nurly,
Ol hiç kesden öz mährini kesmändir.

Oña meñem baglanypdyr ýüregim,
Badaşypdyr oñ bagryna bagrymam.
Ol gündizler gerip maña gujagyn,
Gijelerne basýar meni bagryna.

Oýalykda ol ömrümiñ manysy,
Uka batsam bezegi ol düýşlermiñ.
Onsuz dünýe ýatan boşluk-manysyz,
Goý, ol barha, barha, barha güýçlensin!

Ol säherler oýarşy deý pyşyrdap,
Pyşyrdap ukladar iñrik düşenden.
Bendi bolup bagt tapan bir guş men,
Onuñ goýny meniñ dogduk düşelgäm.

Söýýär meni aýasynda apalap,
Ah, söýülmek ㅡ bu hakyky keýp, ine.
Kalby rahat, demin alýar asuda,
Menem ony söýüp ýörün keýpine.

Maña bagt bagyş edýär barlygy,
Menem oña sowgat edýän ýylgyryş.
Ol hemişe bütin dünýäñ dilinde,
Sizem ony tanaýañyz, siz ㅡ tanyş.

Ol damarda ganym, ol meniñ janym,
Ol meniñ buýsanjym, şöhratym-şanym.
Ol meniñ mährine mährim gatanym,
Ol meniñ Watanym ㅡ Türkmenistanym!

Laçyn PÜRJÄÝEWA

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir