Meni täze öýe göçüreňzokmy?

Günlerde bir gün Ependiniň öýüne giren ogrular tapan-tupan zatlaryny göterip gidipdirler. Muny gören Ependi hem olaryň söbügine düşüp gidiberipdir. Ogrular şol gidip baryşlaryna öýlerine ýetipdirler. Ependä gözleri düşen ogrular:
– Ýeri, siz nirä gelýäňiz? – diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Weý, siz näme meni täze öýe göçüreňzokmy? – diýip, olaryň özlerine sorag beripdir.



Ahyry geler

Günlerde bir gün bir ogry Ependiniň bir bölek peýnirini ogurlapdyr. Ependi ogryny gözläp, çeşmäniň boýuna barypdyr.
– Ependi, bu ýerde näme işleýärsiň? – diýenlerinde ol:
– Aý, peýniri iýeni tutjak bolýaryn. Ol ahyry suwsap çeşmäniň başyna-ha geler – diýipdir.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir