''Toshiba'' Ýaponiýanyñ meşhur kompaniýasy

Kompaniýanyñ önümçiligi örän köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. ''Toshiba Corporation'' hem ştab-kwartirasy Tokioda ýerleşen iri ýapon transmilli korporasiýalarynyñ biridir. IT tehnologiýalary ulgamynyñ enjamlary, elektron harytlar we olaryñ düzümi bölekleri, elektroenergetika ulagamlary, senahat we durmuş infraatrukturalary, durmuş maksatly eleltronika harytlary, ýagtylandyryş ulgamy we logistika hyzmatlary ýaly ugurlar kompaniýanyñ önümçiliginiñ esasyny düzýär.
''Toshiba'' kompaniýasy baryp, 1800-nji ýyllaryñ ahyrlarynda heteket eden ''Shibaura Seisaku-sho'' we ''Tokyo Denki'' kompaniýalarynyñ birleşdirilmeginden emele gelýär we 1938-nji ýylda hukuk taýdan hasaba alynýar. Resmi ady 1978-nji ýylda Toshiba Corporation diýip atlandyrylýar.
1980-nji ýylda kompaniýa elektronika ulgamyna aýratyn üns berip başlaýar. ''Toshiba'' tarapyndan 1985-nji ýylda ilkinji mikroshema (çip) öndürilýär. Bir ýyl soñra bolsa ''Motorola'' we IBM kompaniýalarynyñ birleşmesinde şahsy kompýuteriñ önümçiligini ýola goýýar. ''Time Warner'' amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda DVD disklerini öndürip başlaýar.




Aýgül Rahymowa

Tehnologiýa, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir