Mazda Ýaponiýanyñ öñdebaryjy kompaniýasy

Ştab-kwartirasy Ýaponiýanyñ Hirosima şäherinde ýerleşýän ''Mazda Motor Corporation'' kompaniýasy ýeñil we söwda awtoulaglaryny, awtobuslary hem-de kiçi awtobuslary (mini bus) öndürýän kompaniýadyr. Awtokompaniýanyñ esaslandyryjysy Dzýudziro Masuda geçen asyryñ başlaryndan başlap dürli görnüşli işewürlik bilen meşgullanýar.
Onuñ kärhanasy 1928-nji ýylda ilkinji gezek motorlary öndürip başlaýar. Kompaniýanyñ maşyngurlyşygy boýunça taryhy bolsa 1931-nji ýyldan başlanýar.
Kompaniýanyñ ''Mazda'' ady esaslandyryjynyñ familiýasy bilen meñzeş gelýär. ''Mazdanyñ'' ilkinji önümleri üç tekerli Mazdago ýük ulaglarydyr. Bu kysymly ulaglar eýýäm 1932-nji ýyllardan Hytaýa eksport edilip başlanýar. 60-njy ýyllarda bolsa ilkinji gezek ýeñil awtomobiller boýunça önümçilik ýola goýulýar.
1963-nji ýylda ''Mazda'' özüniñ millionynjy awtomobilini öndürýär. Şol ýylda hem Tokioda geçirilen awtosergide kompaniýanyb rotorly hereketlendirijisi köpçülige hödürlenilýär. Hut şu kysymly ''Mazda'' ulaglary hem kompaniýanyñ esasy nyşanyna öwrülýär. ''Mazdanyñ'' rotor heteketlendirijili awtomobilleri özüniñ ýokary kuwwaty hem-de ýeñil agramy bilen aýratyn tapawutlanýar. Şoña görä-de, bu kysymly ulaglaryñ daşary ýurtlara eksport derejesi yzygiderli artýar. Häzirki wagtda ''Mazda'' awtoulaglarynyñ sport üçin niýetlenen görnüşleri uly meşhurlykdan peýdalanylýar.



Aýgül Rahymowa

Täzelikler, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir