Gabyrlara zyýarat etmek hakynda

Ähli sünnete görä, jesediñ ýitip gitmegi bilen ruh ýok bolmaýar. Ruhlar bedenden aýrylandan soñ, nygmat ýa-da azap içinde galýar. Kä halatlarda beden bilen gatnaşygyny hem saklaýar. Şeýle hem merhumyñ dünýäde diri ýaşaýan maşgalasy we dost-ýarlarynyñ ýagdaýy oña mälimdir. Şeýle hem, hadyslaryñ beýanlaryna görä, ölen kişi ýanynda edilýän işleri görer we añar. Ýagşy işlere begener, erbet işlere gynanar. Edilen haýyrdan peýdalanar. Ýamanlyklardan birahat bolar. Şeýle hem, merhum juma güni Gün dogmanka gelen zyýaratçylary tanar (Keşşaful Gyna, t-2).
Sadaka paýlamagyñ, Kuran okamagyñ we doga etmekligiñ ölülere peýdasy köpdür. Olaryñ çeken azabyny ýeñleder ýa-da rahatlyklaryny has-da artdyrar. Juma gijesi we gündizi, baýram güni paýlanan sadakalaryñ, okalan Kuranyñ we edilen dogalaryñ sogabyny ölülere bagş etmek hasda fazyletlidir.
Hanefilere görä gabyr zyýaraty erkek we aýallar üçin mensupdyr.
Jumhura görä ybrat almak, Allany ýatlamak üçin gabyr zyýaraty mensupdyr. Aýallaryñ gabyr zyýaratyna gitmegi bolsa mekruhdyr. Gabyr zyýaratynyñ aýala mekruh bolmagynyñ sebäbi, ýüregi ýuka we musybete çydamsyz bolýandygy üçin perýat edip, sesli aglamagy ähtimal. Emma haram däldir.
Muhammet aleýhissalam bir hadysynda: ''Size gabyr zyýaratyny gadagan edipdim, mundan soñra zyýarat ediñ!'' (Muslim).
Pygamberimiziñ gabyr zyýaratyny edendigi barada hadyslar köpdür. Bulardan biri Ibni Ebu Şeýbeden rowaýat edilen şeýle hadys bar:
''Pygamberimiz her ýylyñ başynda Uhutdaky şehitleriñ gabyrlaryna zyýarat edip şeýle diýer eken: ''Sabyr eden zatlaryñyza derek, size salam we salamatlyk bolsun. Dünýäniñ iñ ýagşy netijesi budur'' (Zuhaýli. ''Fykh ensiklopediýasy).
Ýene-de Pygamberimiz Muhammet (s.a.w) ölülere zyýarat üçin Medinedäki Bakyg gonamçylygyna gidende şeýlü diýip salam berer eken: ''Eý möminler ýurdunda gum-guklyk içindäkiler! Salam size, biz hem nesip bolsa size gowuşarys. Alladan biziñ we siziñ üçin günä geçişlik dilärin.
Ýene bir hadysda Pygamberimiz Muhammet (s.a.w) şeýle diýipdir: ''Gabyrlara zyýarat ediñ, bu size ölümi ýatladar'' (Muslim).
Başga bir rowaýatlarda ''Ahyrýeti ýatladar'' diýendigi hem aýdylýar.
Gabyr zyýaratynyñ iñ fazyletli günleri juma, şenbe, duşenbe, penşenbe günleridir.
Gonamçylyga girilende ilki salam bermelidir. Bu salamyñ aýdylşy ýokarda Pygamberimiziñ salam berişi ýaly bermelidir. Salamdan soñ mazaryñ kybla tarapyndan ýüzüñi meýide tarap öwürip, gaty ýakyn barman, dik duran ýeriñden Kuran okap doga edilýär. Kuran okanyñda we doga edilende dik durmak sünnetdir.
Gabyra zyýarat edýän kişiniñ Ýasin süresini okamagy mustahapdyr. Çünki Pygamberimiz: ''Kim gonamçylyga zyýarat edende, Ýasin okap sogabyny ölülere bagyşlasa, ölüleriñ sanyça sogap gazanar (Buhary).
Başga bir hadysda ''Ölüleriñize Ýasin okañ'' diýipdir (Ebu Dawud, Ahmet bin Hanbel, Hakim).
Gabyra zyýarat eden Ýasinden başga Fatiha süresini, Bakara süresiniñ başlangyjyny, şeýle hem bilýän bolsa, Aýetil kursini, Amenarrasul dogalaryny, Mülk (Tebärek) we Tekasur süresini okasa has göwnejaýdyr. Soñra Yhlas süresini 12 ýa-da 11, ýada 7 ýa-da 3 gezek okap şeýle doga etmeli: ''Eý Allahym! Bu okanlarymyñ sogabyny pylana ýa-da şu gabyrlardaky bendelere bagş etdim, sen özüñ kabul et Allam'' diýmeli.
Darekutni bu barada şeýle diýýär: ''Kim gonamçylyga baryp, yhlas süresini (Kulhualla) on bir gezek okap sogabyny ölülere bagyşlasa ol ýerde ýatan ölüleriñ sanyça sogap ýazylar''.
Kuran okalandan soñ yzyndan edilen doga kabul edilmäge has ýakyndyr. Okalan Kuranyñ hem doganyñ sogaby we peýdasy ölülere ýeter.Öli diri ýalydyr.
Şafygy alymlarynyñ belleýşine görä gabyrlara köp zyýarat etmek, salyh we fazyletli kişileriñ gabyrlarynyñ ýanynda köp oturmak mustahapdyr. Zyýaratçy diriniñ öñünde nähili durýan bolsa, ölüniñ öñünde-de şeýle durmalydyr.
Ybadat maksady bilen gabyryñ üstünde tabydy öpmek, mazary öpmek, öwülýany zyýarat edeniñde gabyryñ işigini öpmek, daşyna aýlanmak, mata bölejiklerini dañmak, şem ýakmak bigdatdyr we haramdyr.
Şeýle hem öwlüýadan Şypa dilemek: ''Meniñ şu günämi bagyşla, meniñ şu möhümimi bitir'' diýip dilemek küfürdir, zalalatdyr, şirkdir. Hatda alymlaryñ bellemegine görä, şeýle eden kişi aýalyndan talak bolýar.
Ýöne ''Şu ýatan bendäñ haky üçin maña ogul ber eý Allam!'' diýip dilemek dürsdir. Gabyrda ýatan bende Işan-pir, Ahun, öwliýaulla bolsa has hem gowy.
Öwliýany edebine laýyk zyýarat etmek, doga we şepagat ählinden bolsa, Alladan olaryñ şepagatyna ýetirmegini dilemekde hiç hili zelel ýokdur.
''Öwlüýa ýoluna diýip janly öldürmek tersdir. Egerde janly öldüriljek bolsa Hudaýýoluna aýdyp, sogaby dünýeden ötene bagş edilse dürsdir. Kim-de kiç diri weliniñ özüne ýa-da merhum bolan weliniñ nesline, olary gowy görüp bir zat dilese, sadaka berse hem Allanyñ razylygyny niýet edinmelidir.
Berlen zat diri öwülýa sowgat niýeti bilen berilmelidir. Ýagny Hudaý ýoluna aýtman, ýöne özüne bagyşlamalydyr. Hudaý ýoluna aýtjak bolsa, mustahyk sadaka bolýandyr. Bu bolsa garyplaryñ hakydyr.

Jeksparro

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir