«Bagt köşgüniň» wekiliniň «Hormatly ýaşlar! Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda Siziň nikaňyz resmileşdirildi. Şu pursatdan Sizi är-aýal diýip yglan edýäris » diýip, dabaraly yglan etmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzda ýene-de bir maşgalanyň sany artýar.

Maşgalaňy söýmek, ony agzybir saklamak ýaşaýan ýurduňy, döwletiňi söýmekdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 27-nji maddasynda «Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýal biri-biri bilen ylalaşyp, nikalaşmaga hem maşgala gurmaga hukugy bardyr» diýlip, maşgalanyň konstitusion hukugy Kanun tarapyndan düzgünleşdirilýär. Döwletimiz tarapyndan maşgala gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, tertipleşdirmek maksady bilen, ýörite Kanun – Türkmenistanyň Maşgala kodeksi tassyklanyldy. Bu kodekse laýyklykda durmuş gurmagyň, nika baglaşmagyň, maşgala gatnaşyklarynyň tertip-düzgüni resmileşdirildi. Şol kodekse laýyklykda ilki bilen durmuş gurýanlaryň ýaşlarynyň nika ýaşyna ýetmegi we iki tarapyň-da meýletin razyçylygy gerek.

Biziň ýurdumyzda nikadan geçmek üçin, 18 ýaşy dolan akyl-huşy ýerinde bolan oglan-gyza rugsat berilýär. Emma ganybir hossarlara, agadyr uýa, oguldyr gyzlyk alnanlara nikalaşmaga rugsat berilmeýär. Doganoglanlaryň we ondan-da daşgynrak garyndaşlaryň nikalaşmagy netijesinde nesil yzarlaýan keselli, şeýle-de kemisli çagalaryň köp dogulýandygy lukmançylyk ylmynda ir döwürlerden bäri mälimdir. Maşgala bu bir hojalyga, ojaga degişli bolan çagalar we ene-atalardyr. Maşgala agzalary ene-atadan, ýagny erkek adamdan we aýaldan hem-de perzentlerden – oglanlardan, gyzlardan ybaratdyr.

Maşgala biziň durmuşymyzyň özeni bolup, onsuz jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Maşgalada her kimiň öz orny bar. Herkim öz ýerini bilmeli. Gelin gelinligini ýatdan çykarmaly däl we baran ýeri bilen bolmaly. Onuň ýoldaşy bolsa indi ýeke özi däldigini ýatdan çykarmaly däl. Milli durmuş ýörelgämizde maşgalany ekleýji hökmünde hojalykda erkek adam maşgalabaşy bolupdy. Ol maşgalabaşy hökmünde hojalykda esasy orny eýeläpdir. Ene bolsa, öý hojalyk işleri, çagalara terbiýe bermek bilen meşgul bolupdyr. Bu kada indi müňlerçe ýyllar bäri dowam edip gelýär. Aýal hojalykda maşgalabaşy bolmak ýaly jogapkärli wezipäni öz üstüne almak barada pikir hem etmändir. Emma soňky döwürlerde käbir täze durmuş guran ýaş maşgalada kim hojalyga beýemçilik etmeli diýen göze görünmeýän «häkimlik» üstünde gizlin göreş gidýär. Elbetde, bu meselede gadymy ýörelgelere eýerilip, maşgalada erkek adam maşgalabaşy bolmaly diýip kesgitli aýtmak bolmaz. Sebäbi ýeterlik görüm-görelde, terbiýe görmedik, lellim ýigit hojalygy dolandyrmaga ukypsyz bolsa, onuň tersine, dogumly, başarjaň gelin hojalyga aňly‑düşünjeli serenjam berip biler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem «Maşgala gatnaşyklarynda är-aýalyň hukugy deňdir» diýilýär. Maşgala agzalarynyň hersi öz ornunda durup, birek‑birege düşünişseler, ol ojak agzybir, bagtly öý hasaplanýar. Adamsy aýalynyň, aýaly adamsynyň mertebesini saklasa, çagalaram olaryň sarpasyny saklarlar. Aýal adamsyny sylamasa, çagalar haýsy tarapy goldajaklaryny bilmän aljyraýarlar. Netijede, maşgala bulaşýar ýa-da çagşaýar. Bir dana «Nähili maşgalany bagtly maşgala hasaplaýarsyňyz?» diýip sorag berlende ol: «Birek- birege düşünişýän maşgala bagtlydyr» diýip jogap beripdir. Biziň halkymyzyň milli medeniýetinde aýal-gyzlary sylamak, olara hormat goýmak ata-babadan gelýän däp-dessurdyr. Hatda söýgi baradaky dessanlara at dakanlarynda hem gyzlaryň atlaryny hormat bilen ilkinji tutupdyrlar: «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Saýatly-Hemra», «Asly-Kerem», «Hüýrlukga-Hemra», «Gül-Bilbil» we ş.m. Olary otdan-suwdan gorap saklapdyrlar, ony gymmatbaha mukaddeslik hökmünde öýüniň bezegi hasaplapdyrlar. Şonuň bilen birlikde hem maşgala ojagyna yhlasly, wepaly bolmagy talap edipdirler. Wagt geçýär. Durmuş ösýär. Ýetginjekler kämillik ýaşyna ýetýärler. Tebigatyň kanunyna laýyklykda olaram durmuş gurmaly, maşgalabaşy bolmaly, nesil öndürmeli, hojalygy dolandyrmaly. Durmuş gurmak, ýagny öýlenmek bu öýli bolmak diýmekdir. Öýlenmek özbaşdak öýli-hojalykly bolup, maşgalany dolandyrmak, perzentleri terbiýelemek ýaly örän jogapkärli wezipäni öz üstüňe almakdyr. Beýik Magtymgulynyň aýdyşy ýaly, «dünýäniň ýagşy-ýamanyny bilmekdir ». Muňa bolsa şu wagtdan öňüňde: «Men maşgala gurmaga taýýarmy? Özüme mynasyp ýanýoldaş saýlap bilerinmi? Hojalygy ekläp‑saklamaga mende ukyp barmy? Çaga terbiýesinde nämä esaslanmaly» diýen ýaly soraglary goýup, oňa özüňi taýýarlamaly.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir