Göze görünýän we görünmeýän ýyldyzlaryň arasynda bize has golaý ýyldyz Gündür. O1 Ýerdäki durmuşyň döremeginiň we onuň dowam etmeginiň esasy girewidir. Onuň massasy 2 • 1030 kg bolup, ol bizden orta hasap bilen 149,6 million kilometr uzaklykda ýerleşýär. Günüň suwuk gaza meňzeşligi sebäpli, onuň aýlanma tizligi ekwatoryň golaýynda 27 güne ýetýän bolsa, polýuslarynyň golaýynda 32 güne ýetýär. Günüň massasynyň adatdan daşary uludygy sebäpli, ondan sypmak üçin sekuntda 617,7 kilometr tizlik bilen hereket etmeli. Mälim bolşy ýaly, Ýerden sypmak üçin sekuntda 11,2 kilometr tizlik ýeterlikdir. Günde erkin gaçma tizlenmesi sekuntda 274 m/s2 ýetip, ol Ýerdäki erkin gaçma tizlenmesinden 28 essä golaý artykdyr. Günüň radiusy 696 müň kilometr bolup, ol ululygy we beýleki häsiýetleri boýunça orta ýyldyzlaryň hataryna girýär. Günden has uly ýyldyzlar hem, has kiçi ýyldyzlar-da az däldir.

Günüň düzüminiň 70 göterimi wodoroddan, 29 göterimi geliýden, galan bir göterimi bolsa mälim bolan beýleki elementlerden durýar. Günde Mendeleýewiň jedweliniň 72 elementi açyldy. Elbetde, Günde galan elementler hem bar, emma olar örän az mukdardadyr. Älemşynaslaryň şeýle netijä gelmäge jemi 30 müňe golaý alnan Gün spektrleri mümkinçilik berdi. Häzire çenli alnan maglumatlara görä, Gün öz ýangyjynyň, ýagny wodorodynyň diňe otuz göterimini ýakyp gutarypdyr, älemşynaslar onuň galan ýangyjy ýene-de 7-8 milliard ýyla ýeter diýip hasaplaýarlar.

Günde bolup geçýän fiziki hadysalaryň aýratynlyklaryna görä, onuň içki gurluşy 4 gatlaga bölünýär. Onuň merkezine, ýagny merkezinden radiusynyň 232 müň kilometr çägine çenli araiygyna Günüň ýadrosy diýilýär. O1 Günüň 1 -nji we esasy gatlagydyr. Edil adamyň ýüreginiň onuň endam-janyny gan bilen üpjün edişi ýaly, onuň ýadrosy hem Günüň hemme ýerini energiýa bilen üpjün edýär. Eger adamyň ýüregi işlemesini goýsa, onda onuň dünýäden ötüşi ýaly, Günüň ýadrosy hem öz işlemesini goýsa, onda Gün hem özüniň ýyldyzlyk häsiýetini ýitirer. Günüň merkezinde gyzgynlyk 15 million gradusa, bir santimetr kubundaky dykyzlyk 150 grama, basyşy bolsa ýüzlerçe milliard paskala ýetýär. Ýokary derejedäki basyş, dykyzlyk we gyzgynlyk Günüň “ýüreginiň” işlemeginiň şertleridir. Şonuň üçin diňe ol ýerde termoýadro täsirleşmesi bolup geçýär.

Günüň ikinji gatlagynyň ilkinji çäginde gyzgynlyk 5 million gradusa, basyş bolsa 10 milliard paskala golaý azalýar. Sonuň üçin ol ýerde termoýadro täsirleşmesi togtaýar. Günüň ikinji gatlagyna, ýagny onuň radiusynyň 232 müň kilometrinden tä 464 müň kilometr çägine çenli aralygyna Günüň şöhle energiýasyny geçiriş çägi – zonasy diýilýär. Günüň radiusynyň 464 müň kilometr aralygyndan, tä üstüne 300 km galýan çägine çenli aralygyna Günüň konwektiw zonasy, ýagny onuň 3-nji gatlagy diýilýär. O1 aralykdaky jisimler merkezden gelýän energiýany özlerine siňdirip, ýokary gatlaklara geçirýärler.

Günüň galan 300 kilometre golaý daşky çägine bolsa, onuň 4-nji fotosfera gatlagy diýilýär. Fotosferanyň iň ýokary çägi Äleme öz şöhlesini saçýar. O1 bize Günüň üsti bolup görünýär. Günüň fotosferasyndan soň onuň atmosferasy başlanýar. Onuň galyňlygy 14 müň kilometre golaýdyr. Oňa Günüň hromosferasy hem diýilýär. Hromosferadan soň Gün aýtymy, ýagny täji başlanýar. Gün aýtymynyň ululygy we şekili Günüň işeňňirligine bagly bolýar.

Günüň 4-nji gatlagynyň içinde eýýäm bir santimetr kubdaky dykyzlyk 0,001 grama, basyş onlarça million paskala, temperatura bolsa 100 müň gradusa çenli peselýär. Günüň üstünde dykyzlyk hatda suwuň dykyzlygyndan hem azalýar. Diýmek, Günüň üstünde ýeriň islendik jisimi çümüp biler. Fotosferada gyzgynlyk 5700 gradusa ýetýär.

Ýeriň hereket edýän aýlawynyň süýrüligi sebäpli, ol Güne kä golaýlaşýar, käte uzaklaşýar. Ýer Güne iň golaý nokadyndan, ýagny perigeliý nokadyndan her ýylyň ýanwar aýynyň ilkinji günlerinde geçýän bolsa, ol afeliý, ýagny Güne iň uzak nokadyndan Iýul aýynyň 4-üne geçýär. Perigeliýde Gün iň ullakan bolup görünýär. Şol pursatda Ýeriň tizligi sekuntda 30,4 kilometre ýetýär. Bu Ýeriň aýlawdaky iň ýokary tizligidir. Günüň diametri 32 minut 32 sekunt burç ululygyna barabar bolup görünýär. Perigeliýde, ýagny Ýeriň Güne iň golaýlaşýan pursadynda şöhle 147 103 518 kilometr ýol geçip, Ýere 8 minut 16 sekuntda ýetýär. Şol pursatda gyş paslynyň ortaky aýy bolýar. Sebäbi perigeliýde biziň Güne golaýlaşýanlygymyza garamazdan, gysga gyş günleriniň dowamynda ýapgyt düşýän Gün şöhlesi Ýeriň howasynyň galyň gatlagyndan geçip, öz güýjüni belli bir derejede ýitirýär we Ýeriň üstüni ýeterlikli mukdarda gyzdyryp ýetişmeýär.

Iýul aýynyň 3-üne bolsa Ýer özüniň afeliý, ýagny Günden iň uzakdaky nokadyna ýeter. Şol döwürde ol sekuntda 29,4 kilometr tizlik bilen hereket edýär.

Afeliý nokadynda Günüň iň kiçi bolup görünýän döwrüdir. Afeliýde bolsa Ýeriň iň haýal hereket edýän pursatydyr. Afeliýden Gün 31 minut 28 sekunt burç ululykdaky tegelek bolup görünýär. Afeliýde Günüň şöhlesi 152 095 602 kilometr ýol geçip, Ýere 8 minut 44 sekuntda gelip ýetýär. Şol döwürde Günüň şeýle uzaklykda ýerleşýändigine garamazdan, Türkmenistanda dik depeden diýen ýaly geçýän Gün öz şöhlesi bilen uzyn tomus günlerinde Ýeriň üstüni ep-esli derejede gyzdyryp, tomus paslynyň bolmagyna getirýär.

Aralygyň şeýle üýtgemegi Günden Ýere gelýän energiýanyň 7 göterim üýtgemegine getirýär. Emma bu 7 göterim pasyllaryň çalyşmagyna getirmän, di.ňe demirgazyk ýarym togalakda, şol sanda, Türkmenistanda hem gyş we tomus pasyllarynyň ýumşak geçmeklerine ýardam edýär.

Günüň massasy Ýeriň massasyndan 333 müň esse artykdyr. Gün sistemasynyň ähli ululy we kiçili jisimleriniň massasy Günüň massasynyň 750-den bir bölegine deňdir. Her sekuntda Gün öz massasyndan 4 million tonnany Äleme şöhle hökmünde saçýar we 150 mln. ýylda öz massasynyň 100-den bir göterimini ýitirýär. Ol ýitginiň öwezi belli bir mukdarda ownuk parçalaryň Güne gaçmaklary bilen az-kem doldurylýar. Ýeriň golaýyndaky kiçijik parçalar spiral boýunça aýlanyp, Günüň üstüne 50 000 ýylda gaçýar.

Günüň täji doly Gün tutulanda, onuň daş-töwereginde naýza ýaly görünýän şöhlelerdir. Onuň temperaturasy 1 – 2 mln. gradusa ýetýär. O1 Günüň atmosferasynyň daşky gatlagydyr. O1 Günüň onlarça radius aralygyna çenli ýetýär we planetalar aralygyna ýaýraýar. Gün täjiniň şekili Günüň işjeňligine baglydyr. Işjeňligiň iň güýçli wagtlarynda Gün täji hemme tarapa deň saçylýar. Emma Gün işjeňliginiň azalan pursatynda, Gün täji diňe ekwatorynyň golaýynda iki tarapa uzalyp gidýär. Gün täjine diňe doly Gün tutulmada gözegçilik edip bolýar.

Günüň şöhle saçýan ugruna perpendikulýar bolan tekizlikden geçýän umumy energiýasyna Gün hemişeligi diýilýär. Gün hemişeligi Ýeriň golaýynda, ýagny 149,6 mln. km uzaklykda 1 kwadrat metre düşýän kuwwaty 1373 Wt/m2 ± 20 Wt/m2 deňdir.

Günüň magnit meýdany Gün atmosferasynda örän möhüm ähmiýete eýedir. Ol zarýadly gazlaryň, ýagny plazmanyň hereketine, onuň dykyzlygyna we temperaturasyna has güýçli täsir edýär. Fotosferanyň ýagtylygynyň fakellerde güýçlenmegine, meneklerde bolsa peselmegine Günüň magnit meýdany täsir edýär. Protuberanslaryň hereketleri we gömüşleri, fotosferadan täje aralaşýan magnit meýdanlary özara baglanyşykly bolýar.

Günden çykýan güýçli ionlaşan protonlaryň, elektronlaryň akymy, ýagny Gün şemaly sekuntda 200-den 900 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip, Ýeriň çägine bimäçe günüň dowamynda gelip ýetýär we Ýeriň magnit meýdanyna täsir edip, onda tolgunmalary döredýär. Ýokary geografik giňliklerde ajaýyp şapaklara gözegçilik etmek miýesser edýär. Magnit meýdanynyň tolgunmalary bolsa ýürek agyryly we gan basyşy ýokary bolan adamlara täsir edýär.

Gün Ýerdäki gözegçä minus 26,8 ýyldyz ululygynda bolup görünýär. Günüň absolýut ýyldyz ululygy, ýagny onuň 10 parsek uzaklykdan görünäýjek ýagtylygy 4,7 ýyldyz ululygydyr.

Günüň üstünden käwagtlar biçak uly çüwdürimleriň göterilýändigine doly Gün tutulmada ýa-da ýörite Gün teleskoplarynda gözegçilik etmek bolýar. Olara protuberaneslar diýilýär. Olar Günüň erňeginden bimäçe ýüz müň kilometre çenli ýokaryk göterilýän ägirt uly ýalynly gaz akymydyr.

Gün spektri. Gün temperaturasy 5700 gradusa barabar bolan gara şar ýaly Äleme dürli uzynlyklardaky elektromagnit tolkunlaryny saçýar. Günüň iň güýçli şöhle saçýan tolkunlary 4300 – 5000 A° deňdir. Bu bolsa sary reňkiň tolkun uzynlygydyr. Şonuň üçin Gün sary ýyldyzdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir