Muhammet pygamberiñ parapsihologik ukyplary

Fiziki mediumlyk diýilýän fenomenleriñ dürli-dürli alamatlary bolan telekineziýa, lewitasiýa,bereket, şöhle alamatlarynyñ we başga-da paranormal fiziki kada-kanunlaryñ çygryndan aşýanhadysalaryñ Muhammet pygamber tarapyndan dürli wagtlarda we dürli ýerlerde "iñ soñkyderejedäki mysallary bilen" amala aşyrlandygyny taryhy çeşmeler hasaba alypdyr. Telekineziýabilen lewitasiýanyñ utgaşdyrylyp bir ýerde duş gelinen bir fiziki mediumlyk wakasynysahabalardan Ibni Abbas (r.a) şeýle gürrüñ berýär:"Bir gün bir çarwa arap Hezreti Muhammediñ huzuryna gelip şeýle diýdi:- Seniñ Hak pygamberdigiñi nädip bilmeli?- Şu hurma agajynyñ bir şahasyny çagyryp ýanyma getirsem, meniñ Hak pygamberdigime şahadatgetirjekmi?- Elbetde, getirerin.Şondan soñ Pygamberimiz (s.a.w) hurma agajynyñ şahasyny ýanyna çagyrdy. Hurma hoşasyagajyndan gopup ýere düşdi we Resuallanyñ huzuryna syçrap geldi. Hezreti Muhammet hurmahoşasyna ýüzlenip: "Hany, indi öñki ýeriñe bar..." diýdi, şaha hem gitdi. Muny gören çarwa:"Şahadat getirýärin, sen Allanyñ Hak pygamberisiñ" diýip, iman getirip musulman boldy".Muhammet pygamberiñ telekineziýa ukybynyñ alamatlaryndan ýene biri-de "agaçlaryñýöremegidir". Sahabalardan Ibni Mesut (r.a) pygamberiñ pisse agajyny (мастиковое дерево)çagyrmagy bilen agajyñ oña tarap birnäçe metr ädim ädendigini, Jabir (r.a) bolsa iki agajyñpygamberiñ sözi bilen bir ýere gelendiklerini we soñra yşarat arkaly öz ýerlerine gidendikleriniaýdýar.Muhammet pygamberiñ amala aşyran telekineziýa fenomenleriniñ arasynda "şöhle" alamatlary-da ýer alýar. Enes ibn Mälik (r.a) hem şular ýaly alamatlaryñ birini gürrüń beripdir:"Sahabalardan Üseýd ibn Hudaýr bilen Apbas ibn Bisr bir gije metjitde Hezreti Muhammediñsöhbetinde bolanlaryndan soñ öýlerine gaýtmak üçin ol ýerden turupdylar. Olar bir seretdilerwelin, öñlerinde şamçyraga meñzeýän iki yşyk ýollaryny ýagtyltdy. Hersi öz ýoluna gidenlerinde,yşyklaram aýrylyp hersi aýry olaryñ ýoluny ýagtyltmaga dowam etdi. Olar öýlerine baryp ýetýänçä-de ýagdaý şeýle dowam etdi".Muhammet pygamber tarapyndan amala aşyrylan bu adatdan daşary hadysalaryñ daşynda, Onuñtöweregindäki käbir kişilerde-de şular ýaly täsin wakalaryñ wagtal-wagtal bolandygynygörüpdirler. Ynha, şolardan biri:Sahabalardan Omaryñ ogly Hamza Eslemi tüm garañky gijede Tebukda Muhammet pygamberbilen bile durka, öz barmaklarynyñ şöhle çykarandygyndan söz açýar:"Garañkylyk zerarly juda kösenýärdik. Hasam beteri düýelerimiz ürküp dagap gitdi. Şol pursatdameniñ barmaklarym ýagtyldy. Barmaklarymyñ ýagtysyna dagan ähli düýeler toplanýança buýagdaý dowam etdi".Fiziki mediumlyk alamatlaryndan biri-de bereket hadysalarydyr... Muhammet pygamberiñçeşmelerde hasaba alnan "yrsgal mugjyzalary" ynha, şular ýaly wakalaryñ çäginde bolup geçipdir.Sahabalardan Hubeýş ibn Halidiñ aýtmagyna görä, hijret wagtynda ýolda düşlänlerinde,pygamber hiç wagt süýt bermedik goýuny sagmak üçin eýesinden rugsat soraýar. Goýuny alypgelenlerinde elini goýunyñ emjeklerine degirýär we süýt inmegi üçin dileg edýär. Goýunyñemjegine şobada süýt inýär we ulurak gap getirden pygamber gap dolýança goýuny sagýar.Gapdan her her kes iki gezek gerk-gäbe doýýança içenden soñ pygamber şol gap dolýança ýenesagypdyr we ol sagan süýdüni goýunyñ eýesine beripdir.Selman Parsy (r.a) özüniñ gullukdan azat edilmegi üçin soralan 40 okka (51.280 kg) altynyMuhammet pygamberiñ yşaratlandyran bir "altyn apory" arkaly töländigi barada şeýle gürrüñberýär:"Hezreti Muhammet birinden ýumurtganyñ ululygynda bir altyn getirtdi. Ony maña berip soralanpuly bermegini we gullukdan halas bolmagymy isledi. Bujagaz altynyñ soralýan puluñ mukdarynaýetmeýändigini aýdanymda, Hezreti Muhammet ol altyn böleginiñ üstüne mübärek dilini eýläk-beýläk gezdirdi we "Sen entek muny al, Alla seniñ tölegiñi tölär" diýdi. Altyn bölegini aldym wealgydarlaryma ondan çekip-çekip altyn berdim. Olara altyn böleginden 40 okka altyn çekip,haklaryny hutma-hut töledim we erkinlige çykdym".TELEPATIÝA UKYBYMuhammet pygamberiñ parapsihologik ukyplarynyñ arasynda iñ ýokary derejä çykanlarynyñ biri-de, gürrüñsiz "telepatiýa" ukybydyr.Pygamberiñ töweregindäki adamlaryñ oý-pikirlerini aýnada ýaly görendigine degişli sanardan känwakalar bolup geçipdir. Biz bu ýerde şolaryñ diñe birini mysal getirmek bilen çäklenmek isleýäris...Bir gün Ebu Jehil ýerden alan bir gysym çagyly aýasynda saklap, olaryñ sanyny Muhammetpygamberden soraýar:- "Pygamber bolsañ aýamdaky daşlaryñ sanyny bil bakaly!.."- "Sen menden ýaşyr-da sana, aýdaýyn..."Ebu Jehil bir gyra çekilip pygambere görkezmän daşlary sanap gelýär... Pygamber şobada daşlaryñ sanyny aýdýar we şeýle diýýär:- "Bu keramat däl. Ylymdyr... Bu ylymy bilen her kimem muny dogry aýdyp biler..."...Elbetde bularyñ ählisi özbaşyna bir ylymdyr. Gynansagam, bu ylym boýunça henize çenli hiç hili çynlakaý barlaglar geçiriliberenok we bizde bu ylymlara bolan perwaýsyzlyk dowam edýär...Emma ýokarda-da görşüñiz ýaly, Muhammet pygamber diñe telepatiýa bilen baglanyşykly hadysany adamlara mysal hökmünde görkezmek bilen çäklenmändir, munuñ öwrenip bolýan ylymdygyny hut özi aýdypdyr...

Ergün Jandan.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir