Saragtbaba aramgähi Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Sarahs etraby

Ýadygärligiň döwri: b.e. XI asyry

Göroglybeg eýýamynda dürli görnüşli hünärmentçiligiň arasynda Sarahsyň gurluşykçy ussalary ajaýyp üstünlige eýe bolupdyrlar. Saragtyň binagärleriniň guran ymaratlary Eýranyň we Merkezi Aziýanyň orta asyr şäherleriniň onlarçasyny bezäpdir. Sarahsly ussalaryň ajaýyp eserleriniň biri hem, halkyň arasynda “Saragt babanyň aramgähi” diýlip atlandyrylan Abul-Fazlyň aramgähidir. Ol 1023-nji ýylda aradan çykan musulman akyldary Abul-Fazlyň Sarahs şäheriniň etegindäki mazarynyň üstünde XI asyrda bina edilipdir.

Bu ymarat, taraplarynyň uzynlygy 10,2 metre barabar bolan, dörtburç meýilnamaly ýeke-täk jaýdan ybaratdyr. Onuň gündogar tarapynda peştak görnüşli girelgesi bolup, ol aýratyn bezelipdir. Jaýa girilýän ýeriň iki tarapynda galyň diwarly, aýlawly merdiwan gurlupdyr, ol gümmeziň töweregine alyp barypdyr.

Meýilnamada dört burç jaý 5 metr töweregi belentlikde tagçaly ýelkenleriň kömegi bilen alty gyraňlyga geçýär, soňra on iki gyraňlyga we iki gat gümmezi göterýän tegelek aýlawa geçýär. Aýlawy gurşap alan eýwanjyk ýapgyt usuly boýunça edilen gümmezler bilen örtülipdir.

Aramgähiň her bir ýüzi pilçeler bilen bäş bölege bölünipdir. XV asyrda desganyň gündogar tarapynda beýgeldilip gurlan peştagyň diwarlary dikligine goşalandyrylyp örülen kerpiçlerden edilen nagyş bilen bezelipdir.

Desganyň gelşikli daş keşbine onuň içiniň bezelşi hem laýyk gelýär. Gurluşynyň sadalygy, aýdyňlygy, kerpiç örüminiň ýokary derejesi bu desgany Türkmenistanyň gadymy binagärçiliginiň meşhur ýadygärlikleriniň hataryna goşýar.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir