Sarahs ýer ýüzündäki ýurtlardan özüniň hoş howasy bilen tapawutlanypdyr. Ony Turan şasy Afrasyýap bina edipdir. Afrasyýap şa parasatly we akyldar bolupdyr. Halaýygyň her bir müşgil işi Afrasyýap şanyň adyllygy bilen çözüler eken. Öňki wagtlarda Sarahsyň adyna “Galaýy Afrasyýap” hem diýipdirler. Ol ýedi derwezeli gala bolupdyr.

Erk galasynyň içinde nagym bolupdyr. Duşmalar gelip, şäheri gaban wagtynda , şol nagyma suw goýberer ekenler. Nagymdan eger atly esger naýzasy bilen atyny çapsa hem arkaýyn ýörär eken. Nagymyň günbatar tararynda juma metjidi bolupdyr. Onuň giňligi bäş ýüz gez, uzynlygy müň gez eken. Onuň mermer daşyndan örülen sütüni bolupdyr. Sarahsyň derwezesiniň iki tarapynda iki meýdan bolup ýer ýüzünde deňi-taýy ýok eken.

Çingiz han äleme gorky we pitne salyp gelnsoň, Sarahs galasy ýer bilen ýegsan bolupdyr.

Ýakut Hamawy “Kitap mugjam – ul – buldan ” (“Ýurtlar sözlügi”) diýen kitabynda Sarahs şäheri barada şeýle maglumatlary beripdir:

“Uly we giňişleýin Horasanyň bir gyrasynda ýerleşen gadymy şäher. Ol Merw bilen Nişapuryň arasyndaky ýoluň üstünde ýerleşýär. Sarahsdan Nişapura çenli, Sarahsdan Merwe çenli ikisiniň her biriniň arasynda alty menzillik ýol bardyr. Bu şähere Keý Kowus şanyň zamanynda ýaşan Zuggar Sarahs bin Huzers diýen adamyň ady goýlupdyr. Ol bu ýerde ýaşapdyr, şäheri gurupdyr, häkimlik sürüpdir. Soňra onuň gurluşygyny Isgander Zülkarneýin dowam etdiripdir we ol bu işi tamamlapdyr. Parslar Keý Kowus şa bu ýeri Sarahs bin Huzerse bölüp beripdir, ol bu şäheri gurupdyr, şähere onuň ady dakylypdyr diýýärler. Sarahs dördünji yklymda ýerleşýär. Şäheriň mes topragy bardyr. Onuň töwerekleri köplenç öri meýdany hökmünde ulanylýar”.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir