Dogry bakmazlar julluýa,
Göze gyzyl donly görner;
Söze pähm etmez akmaklar,
Öz ýanyndan tilli görner.

Başa degmänkä gurtlar.
Kast etmäň, gerekdir ýurtlar,
Ýagyda tanalar mertler,
Il içinde mally görner.

Pikr et, başa iş düşende.
Yssy ýokdur, soň puşmanda,
At meýdanda, är duşmanda,
Toýda tirme-şally görner.

Jany sagyň sözlär tili,
Jomardyň dek durmaz eli.
Her kişiniň öz akyly
Özüne kemally görner.

Gadymdan setdir ýagşylyk,
Ýagşy zatdyr ýagşy gylyk,
Mert ýigide az ýagşylyk,
Az hem söýgüli görner.

Gel, akyl dolandyr indi,
Ýürek peýwendi, jan bendi,
Her kişiniň öz perzendi
Özüne jemally görner.

Magtymguly, söz binýadyň
Agzynda ýakynyň-ýadyň;
Hünär ýok söz bilen adyň
Halk içinde belli görner.

Edebiýat, 12 tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir