ABŞ-nyň ozal­ky bi­rin­ji ha­ny­my Mi­şel Oba­ma­nyň “Eme­le ge­liş” at­ly aw­to­bi­og­ra­fik ese­ri oky­jy­la­ryň ara­syn­da iň­lis ýa­zy­jy­sy Eri­ka Leo­nard Jeým­siň “Ça­lyň 50 öwüş­gi­ni” at­ly ese­rin­den hem uly meş­hur­lyk ga­zan­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ge­çen 7 ýy­lyň do­wa­myn­da “Ça­lyň 50 öwüş­gi­nin­den” köp sa­ty­lan ki­tap bol­man­dyr. 2018-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­dan bä­ri, Mi­şel Oba­ma­nyň “Eme­le ge­liş” at­ly ki­ta­by “Ama­zon” in­ter­net dü­ka­ny­nyň sa­tuw reý­tin­gi­niň ba­şy­ny çek­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu ki­ta­byň 3,4 mil­li­on nus­ga­sy sa­ty­lyp­dyr.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Mi­şel Oba­ma­nyň ese­ri, çap edi­len­ gü­nün­den soň, bir hep­däniň do­wa­myn­da 1,4 million nus­ga­sy sa­ty­lyp­dyr. Hat­da “Pen­gu­in Ran­dom Hou­se” ne­şir­ýa­ty bu ki­tap­dan ýe­ne-de çap et­mek­le­ri­ni is­läp, gys­sag­ly sar­gyt et­mä­ge mej­bur bol­up­dyr. Çün­ki, Rož­dest­wo baý­ram­çy­ly­gy döw­rün­de bu ki­tap dü­kan­la­ry­ň äh­li­sin­de sa­ty­lyp gu­ta­ran eken. In­di köp ýyl­lar­dan bä­ri Eri­ka Leo­nard Jeým­siň “Ça­lyň 50 öwüş­gi­ni”, ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Dan Bra­wu­nyň “Da Win­çi­niň ko­dy”, ne­mes ýa­zy­jy­sy Ek­hart Tol­le­niň “Tä­ze Ýer – dur­muş mak­sat­la­ry­ňy ýü­ze çy­kar­mak”, bri­tan ýa­zy­jy­sy Jo­an Rou­lin­giň “Gar­ri Pot­ter” ýa­ly eser­le­ri sa­tu­wy bo­ýun­ça “Ama­zon”-yň sa­na­wyn­da uzak wagt­lap öň­de­li­gi eýe­läp gel­ýär­ler.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir