Yk­jam te­le­fon­lar­da­ky ede­bi­ýat – bu il­ki-il­ki­ler ýan te­le­fon­la­ryn­da dö­re­di­lip, baş­ga bi­ri­ne ug­ra­dyl­ýan ýaz­gy­lar­da ula­ny­lan ede­bi dö­re­di­ji­lik­dir. Dö­re­di­ji­li­giň bu gör­nü­şi Ýa­po­ni­ýa­da dö­räp, “mo­bil ro­ma­ny” ady­na eýe bol­ýar. Bu ede­bi­ýat žan­ry Ýa­po­ni­ýa­da bol­şy ýa­ly Hy­taý, ABŞ, Ger­ma­ni­ýa we Gü­nor­ta Af­ri­ka ýa­ly ýurt­lar­da hem gys­ga wag­tyň için­de uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Şeý­le ro­man­la­ryň ýa­zy­lyş usu­ly ozal­dan gel­ýän ka­gyz ki­tap­la­ryň çe­me­leş­me­le­ri­ne ga­ra­nyňda has tä­sir­li­li­gi, gys­ga­dan köp gep­le­şik­le­ri sak­la­ýan­ly­gy we ýyl­gy­ryş ala­mat­jyk­la­ry­nyň (smaý­lik) ag­dyk­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ro­man­la­ryň aw­tor­la­ry adat­ça, boş wagt­la­ry ýaz­ýar­lar. Il­ki­baş­da olar ýaz­ýan eser­le­ri üçin hiç hi­li hak al­man, di­ňe öz dö­re­di­ji­li­gin­den hem-de oky­jy­la­ry­nyň ses­len­me­le­rin­den ka­na­gat­lan­ma ta­pyp­dyr­lar. Ýö­ne hä­zirki wagt­da ede­bi­ýa­tyň tä­ze žan­ry tö­we­re­gi­ne köp san­ly muş­dak­la­ry­ny jem­le­ýär. Te­le­fon­lar­da­ky eserleriň il­kin­ji aw­tor­la­ry esa­san, söý­gi te­ma­syn­dan ýaz­ýan ýaş ze­nan­lar bo­lup­dyr. Onuň yzy­sü­re mo­bil ede­bi­ýa­ty­nyň ge­ri­mi has-da gi­ňäp ug­ra­ýar. Ýa­pon aw­tor­la­ry adat­ça, öz mo­bil ro­man­la­ry­ny la­kam ýa-da tos­la­ma at­lar ar­ka­ly köp­çü­li­ge ýe­tir­me­gi ma­kul bil­ýär­ler. Şo­ňa gö­rä, mo­bil dö­re­di­ji­li­gi­niň ha­ky­ky aw­tor­la­ry seý­rek ha­lat­lar­da öz­le­ri­ni köp­çü­li­ge ta­nad­ýar­lar. Ýa­pon mo­bil ro­man­la­ry “Java” prog­ram­ma­sy ar­ka­ly ýük­le­nip, te­le­fon­la­ra or­naş­dy­ryl­ýar. Adat­ça, bu eser­ler “Java”, WMLD, we TXT ýa­ly prog­ram­ma­lar­da okal­ýar. “Mahō no iLand” saý­tyn­da tö­leg­siz ýük­läp bol­ýan mil­li­on­dan gow­rak mo­bil ro­man­la­ry ýer­leş­di­ri­len. 2007-nji ýyl­dan bä­ri 98 sa­ny mo­bil ro­ma­ny ki­tap gör­nü­şin­de hal­ka ýe­ti­ril­di. 2007-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­da iň köp sa­ty­lan on ki­ta­byň bä­şi­si il­ki mo­bil gör­nüş­de ady­gan ro­man­lar­dy.
Il­kin­ji mo­bil ro­ma­ny 2003-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­da peý­da bo­lup, ol “Çuň­ňur söý­gi” diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Bu ro­man hal­kyň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup, soň­ra onuň 2,6 mil­li­on nus­ga­sy ki­tap gör­nü­şin­de sa­ty­lyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da şeý­le ro­man­lar Taý­wan­da, Hy­taý­da, Ko­re­ýa Respublikasynda, Ýew­ro­pa­da, Af­ri­ka­da we De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da has-da ýör­gün­li­dir. Ýa­po­ni­ýa­da kä­bir saýt­lar şeý­le eser­le­ri ki­tap gör­nü­şin­de çap et­mä­ge yg­ty­ýar al­mak üçin onuň aw­tor­la­ry­na 100 müň dol­la­ra çen­li ga­lam ha­ky hö­dür­le­ýär­ler. Şeý­le ro­man­lar di­ňe 2007-nji ýyl­dan soň Ýew­ro­pa­da ady­gyp ug­ra­ýar. Mo­bil ro­man­la­ry el­ýe­ter­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, ola­ry öz te­le­fo­nuň­da is­len­dik ýer­de hem-de is­len­dik oňaý­ly wagt­da oka­mak müm­kin.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir