BAHNAMA
(Jynsy gatnaşyklaryñ ylmy)

Bahnama, mahbup we juwan...

Bu üç söz, Osmanlyda jynsy gatnaşygyñ edebiýatynyñ iñ köp ulanylan terminleriniñ biridir. Arapça sözlüklerde ''bah'' sözi ''şöhwet'' we ''jynsy gatnaşyk'' manysynda gelýär. ''Nama'' sözi bolsa bilşimiz ýaly parsça ''ýazgy'' ýa-da ''kitap'' diýmekligi añlatýar. Türkmençe gönümel manysy bolsa ''Jynsy gatnaşyklar hakyndaky kitap'' diýmekdir. Bahnama kitaplaryñ ýazylmagy, gündogar ýurtlarda ulanylan, gadymy döwürlerden galan adatdyr. Osmanlydaky ilkinji bahnamalaryñ geçmişi Hindileriñ meşhur ''Kamasutrasy'' ýaly köne bolmasa-da, ençeme ýüzýyllyklara uzaýar.
Bahnamalaryñ gahrymanlary ''Mahbup'' bilen ''Juwandyr''. Mahbup arapça ''Söýgüli gyz'' ýa-da ''Söýülýän zenana'' aýdylýar. ''Juwan'' sözi bolsa parsça ''Ýaş, gelşikli'' diýmekligi añladýar.
Bahnamalary ýazanlar ýöne-möne adamlar däl. Aralarynda Yslam taryhynyñ iñ meşhur alymlary bar. Mysal üçin Lukman Hekim diýlip tanalan tebip Ibni Sinadan (dünýeden öten ýyly 1037) başlap astronomiýanyñ atasy saýylan Nasretdin Tusa (1201-1274) çenli köp sanly alymlar bahnamalary ýazmak üçin galam alypdyrlar. Bularyñ içinde has göze ilgiçi Tusynyñ klassyk eseridir.
Taryhy gadymy döwürlere çenli uzan Bahnamalar öz ýazylan döwürlerine görä üýtgedilmelere sezewar bolupdyrlar.
Irki döwrüñ bahnamalarynyñ asly Typ ''Tebipçilik'' bilen badaşýar eken. Gürrüñi edilýän Bahnamada jynsy güýçleri artdyrmak ýollary we jübütleşikden has köp zowky-sapa almak ýaly mowzuklar bellenip geçilýär we her dürli melhemler, dermanlar hakda agzalýar. Bu hilli bahnamalar döwrüniñ soltanlary üçin galama alynypdyr.
Kitaby ýazmaga ugur beren zat ýa-ha soltanlaryñ biri jynsy gatnaşykdan lezzet alyp bilmäni üçin şol kitaby ýazmagy hem-de ýazyja bu derdini aýdyp şol dertden halas bolmagy üçin bir kitaby ýazmagy haýyş eden bolmaly ýa-da ýazyjy alymlaryñ biri hökümdarynyñ saglygy ýerbe-ýer bolsa-da ätiýaçlyk üçin ýazyp sowgat edipdir.
Bu kitapda jübütleşik esasanam erkekler bilen baglydyr. Ýagny zenan bilen jübütleşýän erkeklere köp zatlary öwredýär. Zenanlaryñky bolsa şondan soñ başlanýar.
Erkekleriñ güýçleriniñ köpelmegi üçin her-dürli ugurlar salgy berilýän bolsa zenanlara diñe jübütleşikde erkege lezzet bermegi buýrulýar.
Käbir rysalalarda zenanlaryñam lezzet almagy bilen baglanyşykly ýazgylar bar, ýöne bu ýazgylar olaryñ göwreli bolup galmagy üçin emleriñ ulanylşyny salgy berýär.
Soñky döwürleriñ ýüzýyllyklarynda galama alynan Bahnamalar saglykly jynsy gatnaşyk bilen hiç hili baglanyşygy ýok.
Soñkulary üýtgeşik jübütleşme ýollaryny düşündirýän ''Pozisýalar kitabyny'' ýatladýar. Ýazgylar diñe jynsy gatnaşyk hakda düşündüriş berýär. Saglykly jynsy gatnaşygy düşündirýän bahnamalaryñ manysyndan çykan ýazgylary ýazan hekimler tarapyndan galama alynypdyr.

Bahnamanyñ termini

Bahnamalary añlatýan aýratyn bir üýtgeşik dili bardyr. Ol tebipçilikde gadymy dillerden ybarat bolan sözlerdir. Düşnükli dillerinden bir-iki sany mysaly ''Edwiýe'' - ''Derman'' diýmek, ''Tila etmek'' ''Dermany sürtmek'' diýmekdir. ''Majun'' - ''Melhem'' diýmekdir. ''Şurup'' diýmegem döwrümizde ulanylýan şurup däldir. Onuñ özboluşly manysy güýji artdyrmak üçin ulanylan sözdir.
Jübütleşigi düşündirýän terminleriniñ bir bölegi edebi sözlerde agzalyp geçilýär, ýene bir bölümi bolsa diñe bahnamalara mahsus bolan sözlerdir.
''Jima'' - ''Jynsy gatnaşyk'', ''Juwan'' - ''Erkek'', ''Mahbube'' zenandyr. Zenana ''Owrat'' hem diýilýän sözlere gabat gelmek bolýar. ''Zeker'' erkegiñ, ''Ferj'' zenanyñ jyns organydyr. Ýöne köp ýerlerinde ''Ferji murassa'' ýa-da ''Mewzi zyba'' hem diýlip ýazylypdyr.

* * *

Osmanly türkmenlere belli bolan ilkinji bahnama Nasretdin Tusynyñ kitabynyñ terjimesini Salahatdyn atly bir kişi edipdir...
Elimizdäki ýazgylar nusgalarda, terjimäniñ näçinji ýylda edilendigi bellenmändir, ýöne ýazgy hem dil şekilleriniñ XV asyrlara degişlidigi belli.
Ady käbir nusgalarda ''Bahnamaýy Şahy'', käbirlerinde ''Bahnamaýy padyşah'' şeklinde geçen kitap, bir sözbaşydan we 18 bölümden ybarat.
Sözbaşyda rysalanyñ bir soltanyñ islegi bilen we '' gerekli zeruryýet'' üçin möhüm bolandygy hakdadygyny ýazgylardan hem bilse bolýar:
''Ilhanly hökümdarlaryndan Gazan Mahmyt Hanyñ (1271-1304) ogly Muzapbar, dünýäniñ iñ gözel gyzlary bilen jübütleşikde bolýar, ýöne günleriñ birinde bu gatnaşykda bolmakdaky güýjüni ýitirýär. Tebipler hökümdaryñ ogluny muaýenelerden (barlagdan) geçirip, oña bermek üçin dürli-dürli däri-dermanlar ýasasalarda çäresini tapmaýarlar. Muzapbar şondan soñ hiç haçan zowky sapa alyp bilmez bolýar. Nasretdin köşge çagyrylýar we Muzapbaryñ öñki ''kuwwatyna'' gelmegi üçin manysy ýönekeý, ýöne peýdasy uly bolan bir kitap ýazmagy, jynsy gatnaşyklary küýsetýän melhemleriñ formulyny ýazmagy buýrupdyr. Asyl käri Asman ylmy bolan Tusly alym bu hakda ýazylan gadymy kitaplary dörüşdirmeli bolýar. Öz döwründäki derman seriçdelerinem gözden geçirip buýrulan kitaby ýazyp başlaýar. Bahnamadaky däriler, işigaýdan Muzapbary täzeden öñki güýjüne getiripmi ýa getirmändirmi ony-ha anyk bilemizok. Şol hakda gysgaltmada gabat gelinmedi.
Ýöne ''Bahnamaýy şahy'' ençeme ýüzýyllar boýunça elden-ele geçip 300 ýyl soñra Osmanlylar döwründe Parsçadan Türkmençä terjime edilendigine görä, Ilhanly köşgünden soñ halk tarapyndan ulanylana meñzeýär.
Aşakda Nasretdin Tusynyñ Bahnamasyndan käbir bölümleri agtaryp bölekligine häzirki türkmen dilinde hödürleýäris.
Ýurdumyzda ilkinji gezek bu ýerde neşir edilen bu golýazma Bahnamanyñ dili, öñki Anadoly türkmençesinden alyndy. Şeýle-de bölümlerde getirilýän köp sanly pasyllary gysgaldyp ýazmagy müwessa bildik.

BAHNAMAÝY PADYŞAHY

(Ystambul uniwersitetiniñ kitaphanasy, Türkçe ýazylanlaryñ bukjasy No:7152)

Nygmat beren, bagyşlaýjy Allanyñ ady bilen...

Ölçelmejek derejede hamd we şükür oñadyr. Bizi ýaratdy, nygamatly etdi, sagadat berdi we hikmetleriñ mysallaryny görkezdi.
Tusly Nasretdiniñ gadymy alymlaryñ syrlaryna syýahat edip bu kitaby ýazmagyna sebäp bolan syrkawy Gazan Hanyñ ogly Ebul Muzapbar handyr.
Muzapbara birden felje meñzeýän durgunlykly ýagdaýlaryñ alamatlary peýda boldy. Şo günlere çenli dünýäniñ iñ hoşsurat, iñ owadan gyzlary bilen birlikde bolupdy, ýöne hassalygyndan soñ gyzlaryñ hiç birinden zowky-sapa almaz ýaly boldy. Nasretdine habar berdiler, bir kitap ýazmagyny towakga etdiler: ''Hajmy kiçi ýöne peýdasy köp bolsun, ynsan bedenine ýarar ýaly maglumatlary özünde saklan, Muzapbary öñki saglygyna gowuşdyrsyn'' diýdiler.
Nasretdin uly üns bilen öñki döwürlerde ýazylan tybby kitaplary gözden geçirip, öz döwründäki tebipçiligi derñäp bu kitaby ýazyp adyna hem ''Bahnamaýy padyşahy'' diýip goýdy. Okaýanlaryñ menliklerinden saplyga we ruhdan düşmezligine tabşyryk berilýär:
''Bu şeýle bir kitapdyr kiý her bir sahypasy güle meñzär, gözlenilen hoş sus, merjen ýalydyr. Içinde düşündirilenler ondan-mundan toplanan maglumatlar däl, hikmetdir.
Laýygy bolmaýanlara ne-hä görkez, ne-de düşündir...''
Beýik Alla ynsanogluny ýoklukdan ýaratdy we ýaşaşmakda biri-birine mätäç kyldy. Saýlanyp seçilen barlyk bolan ynsany akyl we keramat bilen şereplendirdi, däri-dermanlar bilen haýwanlardan elde edilen iñ hoş zatlary ynsana hödürleneni üçin ynsanogly biri-biri bilen ýaşaşmaga, birleşmäge mejbur boldy.
Bu bahnama on sekiz pasyldan ybarat tertip edildi.

1. Adamzadyñ tapawutlylygy we mizaçlary.
2. Müfredat (añsat) däri-dermanlar.
3. Güýjüñ artmagyna kömek edýän ýönekeý däri-dermanlar.
4. Mürekkeb (garyşylýan) däri-dermanlar: Ynsan wujudyna peýdalydyr. Hususanam gowşaklygy we felji hem aradan aýyrýar, adamzady kuwwatlandyrar.
5. Gany tämizleýän we güýçlendirýän içgiler.
6. Dertleri ýok edýän, düşünjeleri täzeleýän, aşgazana kuwwat berýän hazym dermanlar. Bular şol bir wagtyñ özünde balgam we safrany ýok edýär, jynsy kuwwaty artdyrýar.
7. Bildäki burudeti (sowuklygy) we a(g)zalardaky (organlardaky) gowşaklygy dep ediji, safrany we balgamy ýok ediji, güýçlendiriji dermanlar.
8. Hukne usullary
9. Dört möwsümde geýilmeli köýnekler we guşalýan guşaklar.
10. Jynsy gatnaşygyñ wujuda zyýan bermezden ýerine ýetirilmeginiñ ýöntemleri.
11. Erkegiñ jyny organyna çalynanda organy gaty we güýçli edýän melhemler.
12. Jynsy organyñ boýuny uzaltýan melhemler.
13. Aýaklaryñ barmaklarynyñ arasyna çalynanda jynsy güýji artdyryjy we jübütleşikde näçe köp bolsa-da ýadatmaýan dermanlar.
14. Jübütleşikde agyza alynanda erkege zowky-sapa beriji däri-dermanlar.
15. Jübütleşikde iki tarapa-da lezzet berjek däri-dermanlar.
16. Owratlary gyz ýaly, ýöne hararetden jyma etmez ýaly ýagdaýa getiriji däri-dermanlar.
17. Owratlaryñ hamyla bolup galmazlygyny, hemişe gyz ýaly bolup gezmeklerini saklaýan däri-dermanlar.
18. Hamyla bolmaýan owratlara berilmeli däri-dermanlar.

Pasyllardan saýlananlar:

5-nji pasyldan ''...hamr (şerap) hakyndadyr ýöne haram bolany üçin ýazmaga istikrah etdirdi (gorkuldy)''
10-njy pasyldan: ...bilgil kim (bil kiý) jymanyñ şekillerinden işbu şekilden ahsan (has gowusy) ýokdur kiý owrat rast (arkan düz) ýatýar we arkasynyñ aşagyna, biline bir ýukarak (inçe) ýassyk goýmaly, ne ýogyn, ne-de galyñ bolmaly. We iki aýaklaryny ýokaryk göterip (galdyryp) öz aşagyña getirmeli kiý ýadatmaz ýaly. Şeýdip iki aýagynyñ aşagyna gelip meşgul bolmaly. Tä şoña deñiç meni ynzal bolmaga başlaýança, şol wagt (şol pursat) iki dyzlaryñy aşagy goýup, owradyñ üstünde uzanmaly. Tä kiý meni tamam ynzal ede, munkaty bolup (kesilip) owradyñ rahmyna (ýatgysyna) dogry gidip zaýy olmaýa. Şeýle bolsa kişi jemi (bütin) işlerine göz ýetire biiznillähi teala (Allanyñ rugsady bilen)''.
12-nji pasyldan ''...bilgil kim zeker (ujut) siñirden mürettepdir (edilendir). Owmak bilen uzalýandyr. Läkin ol (keýpi meşgul) maksat bilen edilmez. Hukemaýi mutekadimin (gadymky alymlar) şeýle diýip tabşyrypdyrlar: Owwal demir tikeniñ köküni almaly. Ol kök köp wagtdan bäri duran bolmaly. Guratmaly, ertesi sahk etmeli (owratmaly). Gubare (ownuk tozan ýaly) bolýança. Soñra hammama girip suw bilen zekeri (jyns organy) owalamaly, ýuwmaly, ondan soñ ýarym dirhem Hindistan hozynyñ içini döküp, toplap ýagyna goşmaly we ol demir tikeniñ köküni zekeriñ (ujudyñ) üstüne guýup, üstündenem şol ýagy çalmaly hammamdan çykylanda üç gezek çalmaly (sebäbi), şol mukdarda uzyn bolar we ýagşy bolar. Ýöne güýji üç güne çenlidir. Soñra tejdidi amal etmek (şol işi ýene gaýtalamak) gerek''.
13-nji pasyldan ''...Serçe jüýjesini alyp tüýlerini ütüp bal gaby galmaly. Birnäçe gezek garyşdyrylanyndan soñ taýýar ýagy üstüne goýmaly, gaýnatmaly. Ondan bir gysym sahk etmeli (ezmeli). Ol ýagy garyşdyryp bir çüýşäniñ içine goýup agzyny mum bilen berkitmeli (gapysyny mazaly ýapmaly). Üç günläp günüñ aşagynda goýmaly, üç günden soñ taýýar bolýar. Taýyn bolany üçin bir bölek biz bilen ol ýagdan eliñ we aýagyñ barmaklarynyñ arasyna sürtmeli, eliniñ we aýaklarynyñ bilegine-de sürtmeli. Şondan soñ jynsy gatnaşyga girseler ýagşy bolar''.
14-nji pasyldan: ''...Bir dirhem karanpyl we bir dirhem zenjebil, bäç dirhem şeker, üç sany hindistan gozasynyñ içi. Bulary alyp garyşdyrmaly. Şondan soñ ony ýag bilen garyşdyrmaly. Biraz günüñ aşagynda duranyndan soñ agzyñ içinde saklap jymaýa ( jynsy gatnaşyga ) başlamaly. Bu ýakymly bolar''.
15-nji pasyldan: ''...Bir dirhem darçyn, ýarym dirhem akyr kahra (bir baharat jynsy bolmagy mümkin. Sözlüklerde tapylmady). Bir bölek kakula. Bulary tozan bolýança döwşdirip ownuklamaly. We üzüm suwy bilen garyşdyrmaly, dahy (soñra) zekere (ujyda) sürtmeli. Soñra bir sagada golaý tewakkuf etmeli (garaşmaly), soñam gyzgynjak suw bilen ýuwmaly we ýarym dirhem darçyn agzynda goýmaly. Tä kiý hal ola (tä ereýänçä). Ondan soñ onuñ ýarysynt alarlar, agyz suwy bilen zekere (ujyda) dürtmeli (sürtmeli), soñ jübütleşige meşgul bolmaly. Soñy lezzetli bolar''.
16-njy pasyldan: ''...elde edilen dermanlar hakda beýan edilýär. Zenanlaryñ bikirini (göwreli bolmazlygy ýaly) gyz oglan ýaly bolar: Owwal akyr karha iki dirhem, bäş dirhem teke sakaly we on alty rezaky üzüm suwy, ýarym dirhem mersin ýemişi. Bulary birlikde hemmesini bir gaba goýup mukdarly suw guýup gaýnatmaly. Tä kiý suwy azalýança gaýnatmaly. Hem-de owrady getirip ýanynda oturdyp, ýedi gezek bugyny içine çekdirmeli. Ondan soñra suw dökülýär. Ol suwdan täze biz bölegini ysgadyp bir sagat tewakkuf etmeli (garaşmaly). We her sagatdan soñra dulluk ahwaly gyzyñky ýaly bolar. Ol suwy saklap ulanylsa hajat wagtynda öñküsi ýaly eder''.
17-nji pasyldan: ''...Emeli dermanlary beýan eder kiý hiç owratlar hamyla bolmaga we mydama bykyr (önelgesiz) ýaly bolar: rezaky üzümi suwy bilen garyşdyryp bir denk müsk hem gatmaly, soñra ony garyşdyryp täze biz bilen owradyñ g***üne (ýanbaşyna) jübütleşikden öñ ýapgy etmeli. Gyz, oglan gyz ýaly bolar we hamyla bolmaz''.
18-nji pasyldan: ''...El bilen ýasalýan emeli dermanlar hakda beýan edilýär kiý owrada nepi deger (zenanlar ulanmaly manyda). Edwiýeleriñ (dermanlaryñ sebäbi bilen hamyla bolarlar biiznillähi teala (). Owwal hindi ödi (bu ýerde hindiguşyñ ödi hasap edilýär) we mersin ýapragy we hurma alyp her birinden bir dirhem müşk we bir gram jebiz, bulary alyp inçe bize baglamaly, şerap bilen bir gaba goýup, gaýnatmaly, tä kiý suwy gidýänçä, soñra bir çüýşä guýmaly we wagty bolanda bir biz bilen istimal etmeli (ulanmaly). Owrat hamyla bolar''.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir