Çakylyk
Getirmändi bu zemine, Tüweleýläp gelen şemal,
Bagt diläp her demine, getiripdi gözel zenan,
Sözlerini diňläp siňe, sözlerinden tapdym kemal,
Buýsanç saýýan men özüme, baş egýärin bü gün ýene,
Ady meşhur ýer ýüzüne, onuň ady mährem ene.

Asman meni götermändi, dokuz aýlap jan içinde,
Toprak dünýä getirmändi, aýap saklap gan içinde,
Şemal ýola itermändi, dileg edip her geçende,
Hakdan perman megerem ol, ýene perman bersene,
Tagzym edýär ederem ol, ýüz ýyl gülüp gezsin ene.

Asmana-da minnetdar men, sen penadyň başlaryna,
Topraga-da hyrydar men, sen galadyň daşlaryna,
Şemaldan hem goşant bardyr, sen şärikdiň düýşlerine,
käbäm senden bir haýyşym, düýşerime giräý senem,
bahar bolar ýene gyşym, küýseýärin juda enem.

Belki ýollaň daşlygyndan, daralýandyr dünýäm kemkem,
Mähir berip ýaşlygymdan, bolupdyň sen mydam melhem,
Gözleýänsiň düýşleriňden, menden beter bolup belkem,
Ertir diýme şu gün gaýt, uçar bilen geläýsene,
Ýüregiňde baryn aýyt, ertir bir gün gelniň ene.

Menä näler barjak welin, özüň diýýäň zähmet gerek,
Menä näler görjek welin, bir az öňe ätmek gerek,
Barmagada ýoga delil, öz islegiň nätmek gerek,
Telbe diýer nama ýazyp, şu çakylyk goşgym ene,
Çöregiňi bagra basyp, gapymyzdan giräýsene.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir