Ýerli oba ýaşulularynyň aýtmagyna görä, “Seýit ata” atly dana, pir kişi takmynan ХII asyrlarda, hijri kamary ýyl hasaby boýunça takmynan VII asyrlarda ýaşap geçipdir. “Seýit ata” awçylaryň piri diýip hasaplanylýar. Özi barada anyk taryhy maglumatlar häzirki günümize çenli saklanylyp galmandyr. Rowaýatlara görä Buharada ýaşap geçen Sadr ata (Sadretdin Muhammet), Uzyn Hasan atanyň, Bedir atanyň (Bedretdin Muhammet) döwürdeşi bolupdyr. Şol döwürlerde Orta Aziýada ylmyň ösen ýerleri hasaplanylan gadymy Buhara, Hywa , Daşkent ýaly şäherlerde okap ylym bilim alypdyr. Lebap welýatynyň Farap etrabynyň günbatarynda ýerleşýän Amyderýanyň sag kenar ýakalaryndaky obalarynda ömrüniň ahyryna çenli ýaşap geçipdir. Ýene-de rowaýaтlara görä, Seýit atanyň doglan ýeri Buhara şäheri diýip çaklanylýar. Doglan ýyly anyk belli däl. Kiçi ýaşlaryndan başlap ylym öwrenmäge başlapdyr. Buhara medreselerinde öz döwrüniň tanymal alymlaryndan ylym- bilim alypdyr. Buhara medreselerinde okap ýörkä ylym we amalynda yhlasly bolmaklygy gazanmak üçin we iman hem-de ahlak taýdan hasam kämilleşmegini arzuwlap öz ýakyn üç sany Sadr ata (Sadretdin Muhammet), Uzyn Hasan ata , Bedir ata (Bedretdin Muhammet) dostларy bilen sufizmiň ýolыna dowam etmegi makul bilip, şol döwrüň piri hasaplanylýan Daşkent şäherinde ýaşaýan Zeňňi atanyň (Zeňňi baba) elinde okap ylym alypdyrlar. Zeňňi baba çopançylygyň piri hem hasaplanylýar. Zeňňi baba öz gezeginde Ahmet Ýasawynyň şägirdi bolup, ondan ylym öwrenipdir. Soň bolsa Ahmet Ýasawynyň meşhur şägirtleriniň biri Hekim atanyň terbiýesiни alypdyr. Ýerli oba ilatynyň arasyndaky rowaýatlara görä, bir gün Seýit atanyň ýanynda öz döwrüniň tanymal Hekim atanyň sufizm bilen baglanyşykly Alla tagalla yşk we söýgi barada bagyşlap ýazylan goşgular ýygyndysyny okap berýärler. Seýit atada şol okalan eserler güýçli täsir galdyrypdyr we şol döwürlerde gadymy Horezmiň çäklerine degişli bolan, häzirki wagtda Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň demirgazyk-günbataryndaky ilatly merkezlerine Hekim atanyň gabryna zyýarata gaýdypdyr. Baryp görse onuň gabryny suw basyp, kyrk ýyllap üstünden suw akyp, derýanyň ýoly geçenligi sebäpli, gabrynyň anyk ýerini tapyp bilmändir. Gije düýşüne ir Jelal hoja atly ýagşyzada girip, Seýit ata Hekim atanyň gabrynyň ýerleşýän ýerini yşarat edip tapyp beripdir. Şol ýerden hem Hekim atanyň gabry täzeden dikeldilipdir. Seýit ata ömrüniň ahyryna çenli şol ýerlerde galyp, Hekim ataныñ gabryna zyýarata gelýänleriň we oba ilatyň hyzmatynda bolupdyr. Seýit ata ölüm ýassygyna düşüp, ahyrky deminde ятырка onuň şägirtleri “Sizi Mekke şäherindäki Käbäniň golaýyna alyp gidip jaýlamalymy ýa-da şu ýerde jaýlamalymy?-”diýip, soranlarynda Seýit ata olara: “Meniň tabytymy beýik arabanyň üstüne ýerleşdirip, ugruny Mekkedäki Käbä tarap öwrüp goýuň! Şol gije öý haýwanlaryňyzy berkräk baglaň, goh-galmagal etmäň, jaýlaryňyzdan daşary çykmaň we gapylaryňyzy ýapyp ýatyň! Säher wagty turup araba seredip görüň, nirede araba duran bolsa şol ýerde hem meni jaýlaň ” diýip wesýet edipdir. Seýit ata bu dünýäden geçen soň, şol gije şägirtleri onuň aýdan sargytlaryny diýşi ýaly edipdirler. Ýary gijeden soň daş- töwerekde apy-putan, aýylganç goh-galmagal, ses bolupdyr. Hiç kim daşary çykmandyr. Säher wagty giren soň daş- töwerek ýene-de öňküsi ýaly asudalyga öwrülipdir. Daşary çykyp görseler onuň tabydy Hekim atanyň gabrynyň ýanynda duranmyş. Seýit atanyň jesedini şägirtleri şol gabryň golaýyna jaýlapdyrlar. Seýit ata Muhammet pygamber aleýhyssalamyň gyzy Patma we giýewsi, dört çaryýaryň biri hezreti Alynyň kiçi ogly Hüseýniň neslinden gaýdýar. Seýit аta gonamçylygy Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Hojakenepsi geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. Şol gonamçylygyň ýerleşýän ýerinde uly bir depe bar. Şol depäniň ýokarsynda Seýit atanyň gubury ýerleşýär.
Ol ýer häzirki günde LEBAP welaýatynyň iň bir gelim gidimli ýerleriň biridir. HOJAKENEPSI obasynyň ýerli ýaşaýjylary gadymdan ýagny Nuh eýýamyndan gelýän halk hökmünde tanalýar.

Bilim, 12 tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir