Kameralara, fotoapparatlara we linzalara baha berýän “DxOMark” maslahat beriş şereketi öňki kamerasy iň dury telefonlaryň sanawyny ýaýratdy. Şereketiň hünärmenleri baha berenlerinde, esasan bu telefonlaryň dürli ýerlerde düşürilen suratlaryna seredýär. Soňky ýyllarda ulanyjylary telefonlaryň öňki kamerasynyň hiline hem aýratyn üns berýär. Sanawyň başyny “Samsung Galaxy Note 10+ 5G” çekýär. Ikinji orunda “Asus ZenFone 6”, üçünji ýerde “Samsung Galaxy Note 10 5G” bar. Reýtingiň ilkinji onlugyny “Samsung Galaxy Note 10+”, “Huawei Mate 30 Pro”, “Google Pixel 3”, “Samsung Galaxy Note 9”, “Huawei P30 Pro”, “OnePlus 7 Pro”, “Xioami Mi MIX 3” tamamlaýar.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir