Ofis enjamlaryny öndürmegi bilen tanalýan “Epson” dünýäniň iň kiçi printerini satuwa çykardy. “WorkForce WF-110” atly enjam ýanyň bilen göterip äkitmek üçin hem amatly. Bahasy 300 dollar bolan printeriň litiý-ion batareýasy bolup, ony hat-petek salynýan torbada götermek mümkin. Agramy bary-ýogy 1,59 kilogram bolup, oňa ikinji batareýanyň hem dakyp bolýar. Goşmaça batareýa dakylanda onuň agramy 2 kilogramdan sähel geçýär. Onuň batareýasynyň zarýady gutaranynda USB arkaly kompýuter arkaly ýa-da toga ötürmek arkaly ulanyp bolýar.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir