Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Türkmenabat şäherinde bolmagynyň ikinji güni özüniň okan 15-nji orta mekdebine geldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu okuw jaýynda düýpli özgertmeler bolup geçdi. Bu ýerde kompýuter we lingafon synp otaglary döredildi, interaktiw tagtalar oturdyldy.
Türkmenabatlylaryň at-owazasy dünýä dolan ildeşi okuwçylar bilen duşuşdy we olaryň soraglaryna jogap berdi. Interaktiw tagtada halkara kosmos stansiýasynda bolan wagty açyk kosmosda özüniň düşüren suratlaryny we wideofilmini görkezdi.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir