Bir gün ýigit çykan oglan atasynyňka myhmançylyga gelipdir. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň atasy agtygynyň işleri bilen gyzyklanypdyr, ýöne oglan gürrüňleşmäge kän bir höwesli bolmandyr.
- Sen gaty ýadaw görünýäňle, oglum. Hamana diýersiň bütin ömrüňi kynçylykda ýaşan ýaly.
- Siz mamla, ata. Meniň durmuşymda hiç hili gürrüň berer ýaly zat ýok. Sebäbi üýtgeşme bolanok, gowy zatlar hem bolanok – diýip agtygy janygypdyr.
- Men seniň gam-gussaňy egismek maksady bilen bir sowgatjyk taýýarladym. Men ony şol duran köne şkafyň çekerleriniň birinde goýdum, ýöne haýsydadygy ýadyma düşenok – diýip atasy agtygyna ümläpdir.
Atasynyň diýän şkafy hakykatdanam könedi, özünde-de çekmeleri kändi.
- Gorkuly zat ýok, atajan. Häzir men ony derrew taparyn – diýip agtygy her çekmäni gezekli-gezegine açyp barlaşdyrýardy. “Zähmet soňy rehnet ” diýlişi ýaly ahyry sowgat tapyldy. Onuň aşagynda bolsa bir hat hem bardy. Oglan ony alyp açyp görse şeýle sözler bardy: “Durmuşyň köp gapysy bolýar, şolaryň birinde hem seniň paýyň, ýagny – durmuşyň sowgady bardyr.” Akyldarlar aýtmyşlaýyn: “Ahyrynda biri açylar ýaly, durmuşyň ýedi gapysyny kakmak gerek”.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir