1867-nji ýylda Gökdepe obasynyñ çetkiräk obalarynyñ birinde Berdi atly çopan oglan ýaşardy. Bu oglan Serdar Beg atly bir baýyñ mallaryny bakyp gün owarasyny gören eken. Berdi ýetim oglandy. Ol ýaşlygynda Serdar Bege bir baýyñ 100 tylla bergisi bolanlygy üçin Berdini Serdar Bege satypdyr. Berdi janly-jandarlary şeýle gowy görer eken onuñ elinde bäş sany alabaý tohumly türkmen iti bardy. Gyş paslydy howada ümürlidi Berdi hem mallary we 5 sany itini alyp çöle mal bakmana gidipdi. Birden sürä möjek çozdy, Berdi howsalaly ýagdaýda ot ýakyp bäş sany iti hem möjek sürsüne garşy göreşipdi, ýöne o diýen netije bermedi möjekler gaty kändi! sürin bäşe golaý malyny alyp gidipdi. Berdi möjekleñ çozuşundan süriñ içine girip mallaryny sanamaga başlady. Birden hem itleriniñ biri kem çykdy. Ol garagöz atly urkaçy iti ýokdy. Şeýdip Berdi oba dolandy we Serdar bege bar zady bolşy ýaly gürrüñ berdi. Beg muña gahary gelip Berdini mal ýatakda mallañ ýanynda naharsyz suwsyz üstünden gulplap goýdy. Şeýdip hepde geçip Berdi ýene öz işine dolandy. Berdi bir gije ýatyrka howlyda bir itiñ üýrýän sesine oýanyp daşyna çykdy. Görse garagöz atly itidi, şo möjekleñ çozuşynda garagöz möjekleñ ýany bilen gö şulyp gidipdir. Garagöz bogazdy ýöne kimdendigi Berdi anyklap bilmedi. Ine şol şanly gün ýetip geldi, garagöz bäş sany güjigi dünýä indirdi. Berdi muña gaty berenipdi, öz begenjini bolsa Serdar Bege baryp aýtdy. Görseler güjüjekler ne güjükdi ne de möjekdi. Sebäbi ol güjüjekleñ kakasy möjekdi. Serdar beg eline hanjar pyçagyny alyp güjüjekleri öldürmäne başlady. Iñ soñunda eline tüpeñini alyp garagözi hem atdy. Berdi muny görüp Serdar bege muny etmäge ýol bermejek boldy ýöne Serdar beg tüpeñi Berdä çenäp:
- köpeý ogly sen ýene meñ işlemme sokulsañ senin hem görjegiñ şu güjükleñki ýaly bolar diýdi.
Berdi howsala halda gyra çekilip, Serdar begden munyñ sebäbini sorady. Serdar beg gaharly halda:
- bulañ kakalary möjek, ol öz çagalaryny alyp gitmek üçin hökman geler we ýene sürä howp salar-diýdi
Berdi gözi ýaşly güjükleri we ejesi garagözi çaýlamaga äkitjek bolanda, bir güjüjegiñ çyñsaýan itiñ sesini eşitdi bul garagöziñ bukulyp diri galan perzendidi. Berdi güjigi eline alyp:
- Sen meñ garagözümiñ perzendi, sen özüñe howp abananda ýeñip geçdiñ, şonuñ üçin seniñ adyña Basar dakjak-diýip öz işini dowam etdi.
Ýyllar geçdi aýlar geçdi. Serdar beg Berdini öz ugryna göýberdi. Indi Berdi erkin adamdy. Basar hem ulalypdy. Berdi Serdar begiñ öýünden gaýdanda Basary hem ýany bilen alypdy. Basar wepaly we güýçli it bolup ýetişdi. Obada it uruşlary geçirilýädi. Basaryñ hem şan-şöhraty galypdy. Serdar beg hem öz itlerini hem şolar ýaly uruşlara gatnaşdyrýady. Obada Serdar begiñ Akguş atly iti çempiondy. Baýlar hem Serdar bege baryp:
- obada täze çempion döredi gaýratyñ bolsa çykar Akguşy-diýip degindiler.
Serdar Beg gaýşarlyp:
- baryñ getiriñ şol köpek bilen eýesini-diýip buýruk berdi.
Oba baryp Berdiñ öýüne habar ýolladylar. Berdi hem Basary ýanyna alyp Serdar begiñ öýüne bardy. Serdar beg görse öñki çopany Berdi we möjege çalymdaş Basar atly it durdy.
Serdar beg şo wagt Berdiñ aldanyna gahary gelip Berdini urmaga başlady. Baýlar hem Serdar Begi saklap:
- Goý obañ çempiony Akguş señ aryñy alsyn. Itler haýsy hem bolsa biri ölýänça uruşmaly. Diri galan it bolsa obañ çempiony bolar-diýdi
Serdar Beg muña razylygyny berdi. Itler urşa başlady. Basara Akguşy ýeñmek kynçylyk döretmedi. Serdar beg muña öñküsinden gahar gazaba münüp öýünden tüpeñini alyp çykyp Berdini atyp öldürdi. Gezek Basara ýetipdi, Serdar beg tüpeñi Basara çenände. Baýlaryñ birisi:
- saklan Serdar beg goý ony beýdip öldürme ol ýeñil ölüm, goý obañ itlerini çöplesinler Basary şolañ garşysyna ýeke özi çyksyn-diýdi.
Serdar beg muña razylaşdy we obañ itlerini çöplediler. On bäşe golaý it çöplediler we basara garşy küşgürdiler. Basaryñ söweşde bir aýagy ýaralandy we çöle garşy gaçyp gitdi, ýöne ýany bilen üç itiñ janyny alyp gidipdi.

Edebiýat, 12 tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir