Ýalňyzlyk gujaklap pugta,
bagtdan pytrabereninde,
oň söýgüsi güýçli gelip,
synam titräbereninde,
Meni tap!

Hiç goýberme onsoň elim,
gyşda ellik alynmaýyn.
Tap meni heniz ýitmänkäm,
ýitjek bolup urunmaýyn.

Garratmasyn aýry ykbal,
Nazarlarmyz kütelmesin,
Meni tap Gün çoýup durka,
Asmanda Aý utanmasyn.

Bagtymyzyň birligine
“Şaýat bolsun”- diýseň köpler,
dyngy bilmän urup duran,
ýüregiňde men,
Tap sen!


Ogulsirin G.

Edebiýat, 12 tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir