Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda bellediler. Öňden gelýän däbe görä, baýramçylyk çärelerine Türkmenabat şäheriniň Baş Baýdak meýdançasynda badalga berdiler.
Türkmenistanyň Döwlet Senasynyň ýaňlanmagynda Döwlet Baýdagy galdyrylandan we çykyşlardan soň sungat işgärleriniň şu senä bagyşlap taýýarlan konserti boldy. Günüň dowamynda baş baýrama bagyşlanan çäreler «Ruhyýet» köşgüniň öňünde, «Çarbag» seýilgähinde hem geçirildi. Agşam bolsa dabaraly çäreler şäherlileriň we welaýat merkeziniň myhmanlarynyň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde guraldy.
Bu baýrama taýýarlyk onuň resmi bellenilýän gününden has ozal başlandy. Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem-de kitaphanasynda ýurduň, şol sanda welaýatyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny açyp görkezýän sergi guraldy. «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde önümçiligiň öňde baryjylarynyň, bilim we saglyk ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Kärhanalarda, edaralarda, daýhan birleşiklerinde bolan baýramçylyk dabaralarynda zähmetde tapawutlanan işgärlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Türkmenabat şäheriniň sport toplumynyň stadionynda bolsa medeni-sport baýramçylygy guraldy.
Şu günlerde dabaraly çäreler welaýatyň ähli künjeklerinde guraldy.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir