Sarahsly ussalaryň XI asyrda bina eden ymaratlarynyň ýene biri-de Ýartygümmez aramgähidir. Ol Köne Sarahs şäherinden 7,5 km günorta-gündogarda ýerleşýär. Binýady inedördül görnüşde bolan mawzoleýiň diwarlarynyň daşky ölçegleri 12х12 metre, içgi ölçegleri 8,5х8,5metre barabardyr. Desga pagsadan salnyp, diwarlarynyň daş ýüzi taraplary 23х23sm,galyňlygy 5-5,5sm bolan inedördül bişen kerpiç bilen örtülen. Diwarlaryň galyňlygy 1,75 metre ýetýär. Aramhana biziň günlerimize ýarymýumrulan ýagdaýda gelip ýetipdir. Häzir onuň dört diwaryndan ikisi saklanyp galan. Ir döwürlerde binanyň gümmezi hem bolupdyr. Muňa ymaratyň halk arasynda Ýartygümmez diýilmegi şaýatlyk edýär.
Belli gündogarşynas, binagär G.A.Pugaçenkowa mawoleýi 1947-nji ýylda öwrenipdir. Onuň aýtmagyna görä, aramgäh uly üç güberçekden düzülen, depesi dördünji güberçek bilen tamamlanýan özboluşly üçganatly parus ulgamyna esaslanan gümmez bilen örtülipdir.
Binanyň gurluşy (kompozisiýa) inedördül otagyň diwarlarynyň burçlara bölünip kem-kem merkeze ymtylyp, gümmeze geçmek görnüşinde amala aşyrylypdyr. Diwarlaryň daş ýüzleri (fasad) gurnalyşy birmeňzeş. Olar pilçeler bilen üç bölege bölünip, her bölegi egmekli tagçany emele getirýär. Ymaratyň daşky çüňkleriniň 3/4 möçberde ýonulan kerpiçden ýapgyt ýagdaýda örülen sütünler bilen bezelmegi özüne çekýär. Binanayň aýratyn alamatlarynyň biri onuň girelgesiniň günorta bakyp, diwarlarynyň iç ýüzünde däbe öwrülen tagçalaryň we girelge portalynyň ýoklugydyr.
Diwarlaryň daşky ýüzleriniň örümi Sarahs baba kümmetiniňkä meňzeş - goşalandyrylan kerpiçler nagyş emele getirýär. Nagyşyň içinde kerpiç "arça" şekilinde örülen. Aramgähiň üsti saklanyp galmandyr,ýöne onuň günorta diwarynyň iki burçy biziň günlerimize ýetip,olaryň iç ýüzünde güberçekli paruslar bar.Olardan görnüşi ýaly dört gyraň diwardan sekiz gyraňla geçiş usuly deňi-taýy bolmadyk tär bilen ýerine ýetirilipdir,ýagny üç güberçekden düzülen,depesi dördünji güberçek bilen tamamlanýan özboluşly üçganatly arka ulgamy peýdalanylypdyr.Bu paruslar gänç bilen suwalyp,onuň üstünden nagyş çekilipdir.Mawzoleýiň gündogar diwarynyň daşynda mährap saklanyp galypdyr.Bu bolsa ir döwürlerde aramgähiň şol tarapynda metjit bolup,onuň tagta basyrmasynyň kümmete ýaplanylyp gurlandugy barada pikir ýöretmäge esas berýär.
Mawzoleýde desganyň merkezine üns berilýän usullardan el çekipilip,kem-kem onuň daşky görnüşine,has-da esasy girelgesine ünsi çekmek tärine ýykgyn edilipdir.Paruslaryň gurluşy has çylşyrymly edilip,olar bir-biri bilen çilşirilen ýönekeý arkalar hökmünde gurnalypdyr.Ýartygümmeziň bu gurluşy binagärçilikde täze bir çözgüdiň gözlenenligini subut edýär.G.A.Pugaçenkowa Merkezi Aziýanyň binagärçiliginiň ösüş ýollaryny seljerip, Ýartygümmez aramgähini bu ösüşiň 2-nji, has kämil basgançagy hasaplaýar.Ol bu döwüre Ýartygümmez we şyh Lukman mawzoleýlerini degişli edýär. Täze usullar hökmünde gümmeze geçiş tärlerinde aralyk formalaryň tapylmagy, sekizgyraňlynyň çylşyrymlaşmagy, köpgyraňly prizmanyň peýdalanylmagy, gümmezasty aýlawynyň has beýgelmegi ulanylyp başlapdyr. Örümde jüp goýlan kerpiçler bilen ber hatarda ýonulan kerpiçleri giňden ulanyp,her dürli nagyşlary,ş.s.diagonallary,kufiki ýazgylary oňarmaga başlapdyrlar.Bu bolsa özboluşly ymaratçylyk ýolunyň kämil binagärlik tärlerini işläp düzen ussalaryň sebitleýin mekdebiniň Sarahsda bolandygyna şaýatlyk edýär.Bu-da şol döwürlerde Sarahsly ymaratçy ussalaryň Horasanyň we Merkezi Aziýanyň arhitekturasynyň ösüşine uly täsir etmegine mümkinçilik beripdir.
Il arasynda bu mawzoleý Muhammet Hanapiýanyň zyýarathanasy hasaplanylýar.Emma onuň Arabystanda aradan çykanlygy bellidir.G.A.Pugaçenkowa aaramgähi as-Samanynyň maglumatlaryna esaslanyp, Ahmet al Hadynyň guburhanasydyr diýip çaklaýar. Asly Merwden bolan as-Samany (1113-1167) "Kitab al-ansab" diýen işinde elipbiý tertibinde şyhlaryň we yslama peýda getiren şahslaryň atlary bilen baglanyşykly ýerleri sanaýar. Ol şeýle ýazýar: "Andukan - Sarahsyň obalarynyň biri.Onda şyh Ahmet al Hady jaýlanan". Ýartygümmez mawzoleýiniň golaýyndaky depe Andukan obasynyň merkezi galasynyň galyndysydyr.
Ylmy edebiýatda (binagär R.Myradow) ýene bir çaklama bar: bu kümmetde Muhammed ibn Ahmed ibn Abu Sahl Sarahsy (1010-1090ýý.) jaýlanan. Ol Şems-ul-eýimme ("Alymlaryň we ymamlaryň güneşi") adyna eýe bolup, musulman hukugy we tebigi ylymlar boýunça "Kitab ul-mebut" (30 tomdan ybarat) atly işi ýazypdyr. Ýaşuly K. Gurbanyň aýtmagyna görä ol soltan Alp Arslanyň şerigat meseleleri boýunça geňeşdary bolupdyr.
GTAKE-nyň grek geogragy Isidor Haraklynyň (b.e.öň 2-1as.) geçen ýoluny öwrenýän ХI-nji toparynyň ýolbaşçysy akademik M.Ýe.Masson 1947-nji ýylda aramgähde bolup, onuň diwarynyň ýüzünde saklanyp galan arap ýazgysyny okapdyr. Oňa görä, ol 491-nji hijri (1098m.) ýylynda gurlupdyr. Bu ýazgy ХХ asyryň 70-nji ýý. Ortalarynda ýumrulypdyr (1972ý. degişli fotosuratda mese-mälim bildirýär). M. Masson orta asyr binagärçilik ýadygärliklerinde kerpiçden ýonulyp ýasalan arap kufiki ýazgylaryny seljerip, olaryň umumy tärlerini we usullaryny öwrenip, şeýle netijä gelipdir: Beýik seljuklar döwleti zamanasynda Sarahs ussat ýazgyçylar (epigrafist) mekdebiniň merkezi bolup, onuň ýazuwçy ussalary giňden tanalypdyr.
1992-nji ýylda Ýartygümmez mawzoleýiniň töwereginde "Türkmenrejeleýiş" ÖB-niň hünärmeni L. G. Swiridenkonyň ýolbaşçylygynda arheologik gazuw geçirildi. Aramgähiň binýadynyň demirgazyk-günbatar we demirgazyk-gündogar burçlarynyň çökenligi we netijede diwarlaryň köp böleginiň ýykylmagynyň sebäbi belli boldy. Ol sebäpden ymaratyň diňe gündogar, günorta diwarlary we günbatar diwarynyň bir bölegi biziň günlerimize ýetipdir. Bu bolsa il içinde giňden ýaýran rowaýata esas bolupdyr. Ýagny aramhananyň demirgazyk diwaryny näçe gezek täzeden bina etseň-de, ol ýykylar, sebäbi bu kümmetdäki merhum Abul Fazl piriň zyýarathanasyny görüp ýatmaly. Gazuw işleriniň dowamynda bürünç we keramiki çyralar, jamlar, monjuklar we köp sanly gap-gaçlar tapyldy. Olar ХI-XII asyrlara degişli. Aramgähiň binýady berkidilip, günorta diwarynda kem-käsleýin berkidiş işleri geçirildi. 2004-nji ý. "Köne Sarahs" taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan mawzoleýde bölekleýin rejeleýiş işleri geçirildi.
Ýartygümmez häzirki wagtda döwlet ähmiýetli ýadygärlikleriniň hasabynda bolup, döwlet tarapyndan goralýar.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir